2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçiren köp sanly çärelerinde öz beýanyny tapdy. Şol duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn işewürlik gepleşikleridir forumlar Watanymyzyň halkara derejede barha artýan abraýynyň güwäsidir. 7-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen geçirilen duşuşygyň esasy özenini düzdi. 8-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” jemlerini jemlediler we 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak, şeýle hem FAO bilen bilelikde geçiriljek maslahata, ýaş diplomatlar üçin okuwlara, beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek meselelerine seretdiler. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we geljekde guraljak duşuşyklaryň, saparlaryň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň 2025-nji ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi we 2026-njy ýyl üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda bellenen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 14-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak, ýokary hünär bilimi ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministrliginde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen geçirilen duşuşykda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler maslahatlaşyldy. 16 — 25-nji ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. 19-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Şeýle hem taraplar BMG, ÝB, ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, sebit we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Geňeşmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Suý Dunýuý bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bilelikdäki maksatnamalary, taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu düzüm bilen amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda FAO-nyň ýurdumyzdaky wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Daşary işler ministrliginde Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iri halkara guramalaryň, olaryň düzüm birlikleriniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. 21-22-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum geçirildi. Onuň esasy maksady Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmakdan ybarat boldy. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, üstaşyr ulag baglanyşygy, sebit integrasiýasy babatda bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. 22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahat ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre — GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy ulgamda döwletimiziň tagallalarynyň sebitleýin howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, bitaraplyk

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy

Arkadag şäheri, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda türkmen bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny, milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary at çapyşyklaryna taýýarlamak üçin amatly şertleri, ýakymly howa gurşawyny özünde jemleýän künjekde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, “At — myrat” okuw merkezi hereket edýär. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmegine giň ýol açýar. Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar. Ýapyk manežde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda bolan, milli atşynaslaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän “At — myrat” okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär. “At — myrat” okuw merkeziniň ýaş mugallymlarynyň biri Arkadag şäherinde çagalara degişli ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda, milli atçylyk ugry boýunça ylmy iş bilen meşgullanmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize merkeziň mugallymlarynyň adyndan hoşallygyny bildirdi. Milli Liderimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda merkezde bilim alýan çagalar bilen duşuşmak üçin ýörite gelendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlarda ahalteke bedewlerine söýgini döretmek ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bedewe atlanan ýaşlarda mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezi hem ýaşlara dürli ugurlar boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar. Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we “Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!” diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. «At — myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ussat atşynaslar, ökde çapyksuwarlar bolup ýetişmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň gönükdiren bu serişdeleri okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer. Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi. Munuň özi ykbalyny atçylyga baglamak isleýän ýaşlaryň saýlap alan hünärine höwesiniň, ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bilim alýan ýaşlara milli atşynaslyk däplerini içgin özleşdirmekde we ony has-da ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady. Dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sungatyny ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelende, Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy. Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Hormatly Arkadagymyz ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary bilen duşuşandygyny, olara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurandygyny belledi. “Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýär. Atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleri döredýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini, çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi. “Ata-babalarymyzyň «Taý ata ýetirer, at — myrada», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly pähimleri behişdi bedewlere belent hormatdan nyşandyr. Ahalteke bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, bu gün ýurdumyzyň belent ösüşleriniň beýanyna öwrüldi” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmeginiň ýaşlaryň atçylyk, atşynaslyk sungaty boýunça bilimini kämilleşdirmäge ýardam edýändigini aýdyp, häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen bedewiniň şanyna toýlaryň uludan tutulýandygyny, şolaryň esasy bezeginiň bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparydygyny nygtady. Duşuşykda toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklary, olaryň

Read More