G.W.AGAJANOW hakynda
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Welinazarowiç Agajanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Guwanç Welinazarowiç AGAJANOW
1980-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2002-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak.
2003-nji ýylyň dekabrynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmennebitgazgözleýiş” trestiniň Änew nebitgazgözleýiş ekspedisiýasynyň burawlaýjysynyň kömekçisi wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2004-nji ýylyň iýuny — 2006-njy ýylyň fewraly aralygynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Gaz pudagyny seljeriş we geljekdäki ösüşini anyklaýyş müdirliginiň baş hünärmeni, 2006-njy ýylyň fewralyndan 2007-nji ýylyň apreline çenli şol ministrligiň Gaz we gazy gaýtadan işleýiş senagaty müdirliginiň baş hünärmeni wezipelerinde işledi.
2007-nji ýylyň maýy — 2016-njy ýylyň iýuly aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginde dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2016-njy ýylyň iýulyndan 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar müdirliginiň Bagtyýarlyk bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi.
2019-njy ýylyň ýanwary — 2021-nji ýylyň sentýabry aralygynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, 2021-nji ýylyň sentýabry — 2022-nji ýylyň apreli aralygynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, 2022-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň fewralyna çenli bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.M.MÄMMEDOW hakynda
Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Batyr Meretdurdyýewiç MÄMMEDOW
1978-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2000-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — dag inženeri.
Zähmet ýoluna 2000-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edarada maglumat boýunça baş referent wezipesinde başlady. 2004-nji ýylyň ýanwary — 2008-nji ýylyň iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nebitgaz senagaty bölüminiň esasy hünärmeni. 2008-nji ýylyň awgusty — 2016-njy ýylyň marty aralygynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynda dürli wezipelerde işledi. 2016-njy ýylyň martyndan 2017-nji ýylyň apreline çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gazy taýýarlamak we ugrukdyrmak sektorynyň müdiri boldy.
2017-nji ýylyň apreli — 2024-nji ýylyň iýuly aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory, 2024-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory.
Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.A.ANNAÝEW hakynda
Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Batyr Amangeldiýewiç ANNAÝEW
1985-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde doguldy. 2011-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — hukuk öwreniş.
2000-nji ýylyň iýulynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrap alyjylar jemgyýetinde esasy işgäriň ýerine wagtlaýynça instruktor wezipesinde zähmet ýoluna başlady hem-de 2001-nji ýylyň sentýabryna çenli bu kärhanada dürli wezipelerde işledi.
2006-njy ýylyň mart — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrap häkimliginiň kompýuterçisi. 2011-nji ýylyň awgustyndan 2017-nji ýylyň iýunyna çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda dürli wezipelerde zähmet çekdi.
2017-nji ýylyň iýuny — 2018-nji ýylyň oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy, 2018-nji ýylyň oktýabryndan 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli şol gullugyň ykdysady seljermeler bölüminiň başlygy boldy. 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2020-nji ýylyň oktýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda dürli wezipelerde işledi.
2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hukuk goraýjy edaralaryň işini utgaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni, 2021-nji ýylyň fewral — noýabr aýlary aralygynda bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gözegçilik bölüminiň esasy hünärmeni. 2021-nji ýylyň noýabry — 2024-nji ýylyň marty aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary boldy.
2024-nji ýylyň martyndan 2025-nji ýylyň iýulyna çenli Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy. 2025-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ulag we logistika bölüminiň howa we suw ulaglary bölümçesiniň esasy hünärmeni.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” hem-de “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini işini bes eden Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
3. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde:
1) Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi hakynda Düzgünnamanyň, ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini;
2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
H.Ş.KERIMOW hakynda
Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimowy Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Hangeldi Şirdogdyýewiç KERIMOW
1988-nji ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. 2011-nji ýylda şol wagtky Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — inžener-gurluşykçy.
Zähmet ýoluna 2004-nji ýylyň iýulynda “Ýöritenebitgurnamagurluşyk” trestiniň Awtoulag dolandyryş edarasynda abatlaýjy wezipesinde başlady. 2011-nji ýylyň iýulyndan 2019-njy ýylyň fewralyna çenli “Türkmenawtoýollary” döwlet konserninde dürli wezipelerde işledi. 2019-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda Balkan welaýat häkimliginiň Balkan welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
2019-njy ýylyň maý — awgust aýlary aralygynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Balkanawtoulag” önümçilik birleşiginiň baş inženeri boldy. 2019-njy ýylyň awgustyndan 2020-nji ýylyň fewralyna çenli “Ýedigen gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň baş mehanigi wezipesinde işledi. 2020-nji ýylyň fewraly — 2022-nji ýylyň marty aralygynda Balkan welaýat häkimliginiň “Balkanýolgurluşyk” önümçilik birleşiginiň Türkmenbaşy asfalt-beton öndürýän bölüminiň önümçilik başlygy.
2022-nji ýylyň martyndan 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde dürli wezipelerde işledi. 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy.
Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.K.GAÝYPOW hakynda
Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Myratberdi Kuwatmyradowiç GAÝYPOW
1977-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2000-nji ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — bejeriş işi.
2000-nji ýylyň awgustyndan 2006-njy ýylyň ýanwaryna çenli Aşgabat şäher hassahanasynyň anesteziologiýa-reanimasiýa bölüminde intern lukmany, lukman, bölüm müdiri wezipelerinde işledi.
2006-njy ýylyň fewraly — 2015-nji ýylyň iýuny aralygynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara “Ene mähri” merkeziniň anesteziologiýa-reanimasiýa we operasion blok bölüminiň müdiri, 2015-nji ýylyň iýuly — 2017-nji ýylyň oktýabry aralygynda bolsa şol merkeziň anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri wezipesinde işledi. 2017-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň iýulyna çenli Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň Hirurgiýa toplumynyň anesteziologiýa we intensiw bejeriş bölüminiň müdiri, 2025-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary.
Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ö.A.GOŞJANOW hakynda
Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanowy Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Öwezgeldi Amanberdiýewiç GOŞJANOW
1975-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket şäherinde doguldy. 1998-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — gurluşyk menejmenti.
1998-nji ýylyň awgustynda “Balkansuwgurluşyk” önümçilik birleşiginiň Günbatar suw gurluşyk kärhanasynda hünärmen wezipesinde zähmet ýoluna başlady.
2000-nji ýylyň sentýabry — 2001-nji ýylyň ýanwary aralygynda Balkan welaýatynyň Bereket etrap häkimliginde hünärmen, 2001-nji ýylyň ýanwary — 2002-nji ýylyň sentýabry aralygynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ösümlikleri goramak bölüminde baş hünärmen, 2002-nji ýylyň sentýabry — 2004-nji ýylyň apreli aralygynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Magdan däl gurluşyk materiallar kombinatynyň daş owradyjy bölüminiň çalşyjy başlygy, 2004-nji ýylyň aprelinden oktýabryna çenli şol bölümiň uly mehanigi bolup işledi.
2004-nji ýylyň oktýabryndan 2005-nji ýylyň ýanwaryna çenli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Agyz suw birleşiginiň başlygy, 2005-nji ýylyň ýanwaryndan 2014-nji ýylyň fewralyna çenli Balkan welaýatynyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Türkmenbaşy etrap Jemagat hojalygy müdirliginiň başlygy, 2014-nji ýylyň fewralyndan 2015-nji ýylyň martyna çenli Balkan welaýatynyň Jemagat hojalygy birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 2015-nji ýylyň martyndan 2018-nji ýylyň apreline çenli bolsa şol birleşigiň başlygy wezipelerinde işledi.
2018-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher häkimliginiň senagat-gurluşyk we jemagat hojalygynyň işlerini utgaşdyryjy bölüminiň başlygy, şol ýylyň iýun — awgust aýlarynda Balkan welaýatynyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Balkanabat şäher Bagçylyk müdirliginiň başlygy boldy. 2018-nji ýylyň awgusty — 2024-nji ýylyň sentýabry aralygynda Balkan welaýat häkimliginiň Jemagat hojalygy birleşiginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, başlygy bolup işledi. 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2025-nji ýylyň fewralyna çenli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi. 2025-nji ýylyň fewralyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.A.AMANOW hakynda
Batyr Amangeldiýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.BEGLIÝEW hakynda
Aşyrguly Begliýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
R.A.MYRADOW hakynda
Resul Annaçaryýewiç Myradowy «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.M.ORAZDURDYÝEWA hakynda
Baýramgül Motyýewna Orazdurdyýewany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.A.MÄMMEDOW hakynda
Myrat Akmyradowiç Mämmedowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.B.ÇAKYÝEW hakynda
Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.G.BABANYÝAZOW hakynda
Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazowy Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.G.ATAÝEW hakynda
Begmyrat Gurbangeldiýewiç Ataýewi Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.M.TEJENOW hakynda
Baýramdurdy Myradowiç Tejenowy Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ç.ÇARLYÝEW hakynda
Çarygeldi Çarlyýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.M.KAKABAÝEW hakynda
Nurberdi Myratgeldiýewiç Kakabaýewi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
ÝAZMYRADOW G.O. hakynda
Ýazmyradow Guwançmyrat Orazmyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
K.A.ÇARYÝEW hakynda
Kerwen Allaberdiýewiç Çaryýewi Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
D.A.MEREDOW hakynda
Didar Annamämmedowiç Meredowy, başga işe geçmegi sebäpli, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.M.MERGENOW hakynda
Meýlis Mergenowiç Mergenowy Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.S.BABANIÝAZOW hakynda
Abdyrahman Seýitniýazowiç Babaniýazowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.M.ÖWEZOW hakynda
Aşyrmyrat Musakowiç Öwezowy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.G.GARAJAÝEW hakynda
Akmämmet Gurbanmämmedowiç Garajaýewi Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.ISAÝEW hakynda
Amangeldi Isaýewi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
N.B.NYÝAZJANOW hakynda
Nyýazjan Baýramberdiýewiç Nyýazjanowy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.A.HANDURDYÝEW hakynda
Baýmyrat Aşyrdurdyýewiç Handurdyýewi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.S.ORAÝEW hakynda
Merdan Saparbaýewiç Oraýewi Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
G.H.BAZAROW hakynda
Guwanç Hemrakulyýewiç Bazarowy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
E.Ý.AÇYLOW hakynda
Erkin Ýaňybaýewiç Açylowy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.J.AMANDURDYÝEW hakynda
Azat Jumamuradowiç Amandurdyýewi Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
B.S.MAMEDBAÝEW hakynda
Begenç Saparmamedowiç Mamedbaýewi Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Y.B.ÖWEZOW hakynda
Ylýas Baýramowiç Öwezowy Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
R.A.ALLABERDIÝEW hakynda
Rüstam Allaberdiýewiç Allaberdiýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
K.A.SARYÝEW hakynda
Kakageldi Atajanowiç Saryýewi Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
A.Ç.BÄŞIMOW hakynda
Artyk Çaryýewiç Bäşimowy Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.R.MÄMIÝEW hakynda
Muhammetdurdy Rahmatullaýewiç Mämiýewi Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ş.Ş.BERDIÝEW hakynda
Şagylyç Şagulyýewiç Berdiýewi Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.K.AMANMYRADOW hakynda
Maksat Kakabaýewiç Amanmyradowy Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
M.A.SAPARMYRADOW hakynda
Maksatmyrat Agamyradowiç Saparmyradowy Mary welaýatynyň Mary etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly.
Leave A Comment