Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara

Aşgabat, 8-nji mart (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda köp çagaly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlar döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, şahsyýetiň, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, aýratyn-da, ýokary watançylyk duýguly, milli buýsançly ýaşlarymyzy — Watanymyzyň daýanjy bolan täze nesilleri terbiýelemekde dilleri senaly enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir. Häzirki wagtda türkmen zenanlary diňe bir maşgala ojagynyň eýesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barmak bilen, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar, döwletimiziň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşyp, jemgyýetde aýratyn orny eýeleýärler. Türkmenistanyň milli hukuk ulgamy erkeklerdir zenanlaryň deň hukuklaryny üpjün edýän berk kepillikleri özünde jemleýär. Esasy Kanunymyz jynsyna garamazdan, ähli raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňdigini ykrar edýär. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligini üpjün etmek üçin esasy binýada öwrüldi. Bu bolsa jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda demokratik we deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alynýandygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyň çäginde zenanlaryň meseleleri boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurdaky halkara konwensiýalaryň düzgünlerini yzygiderli durmuşa geçirýär. Döwletimizde zenanlaryň mertebesini belent tutup, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek durnukly ösüşiň özeni hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz zenanlaryň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlar bilen çykyş edýär, bu babatda sebit maksatnamalaryna işjeň gatnaşýar. Geçen ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahat munuň anyk güwäsi boldy. Zenanlar Diýarymyzda bellenilýän her bir baýramçylyga özboluşly bezeg berýärler. Olaryň näzik elinden, döredijilik ylhamyndan dörän halylar, milli egin-eşiklerimiz, halk döredijiliginiň naýbaşy eserleri bolan läleler, hüwdüler, monjugatdylar, öleňler medeni mirasymyzyň kemala gelmeginde ähmiýetli orny eýeläpdir. Mähriban gelin-gyzlarymyzyň zehininden kemal tapan türkmen milli halyçylyk, keşdeçilik we ýüpekçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi-de muny doly tassyklaýar. Ýurdumyzyň köp sanly zenanlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary — ordendir medallar bilen sylaglanylýar. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana we edara-kärhanalarda zähmet çekýänlerden başlap, pensiýadaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýänlere çenli ähli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakynda Buýruga gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Döwletimiziň özleri baradaky aladasyny hemişe duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawlar, maşgala ojaklaryndaky abadançylyk, saýlap alan ugurlarynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, çagalaryny gülläp ösýän abadan ýurtda terbiýelemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler. …Söwda-senagat edarasynda Watanymyzyň ajaýyp gelin-gyzlarynyň hormatyna geçirilen dabara şowhunly pursatlara baý boldy. Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi, hoşniýetliligi, päk ahlaklylygy, berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa wasp edildi. 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Bu joşgunly aýdymda Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar, meşhurlyk gazanan we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary, şol sanda italýan we iňlis dillerinde aýdymlar ýaňlandy. Baýramçylyk gutlaglary bilen utgaşan konsertde Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mährem gyz-gelinlerimize bagyşladylar. Ähli çykyşlaryň wideogörnüşler bilen utgaşdyrylmagy konsertiň özüne çekijiligini has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar «Küştdepdi» tansyny joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bu ajaýyp tans halkymyzyň medeni we ruhy mirasynyň köpöwüşginli gözelliginiň beýanydyr. Baýramçylyk dabarasy dünýämizi bezeýän, oňa sazlaşyk, döredijilik şatlygyny bagyşlaýan ähli enelerimize, uýalarymyza, gyzlarymyza, zenanlarymyza bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlaryň beýanyna öwrülen «Bagtyýar Diýaryň mähribanlary» atly aýdym bilen jemlendi. *** Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde — paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň konsert merkezlerinde-de ýaýbaňlandyryldy. Mährem zenanlarymyza bagyşlanan ajaýyp dabaraly çäreler şatlyk-şowhuna beslendi.

Read More

Köp çagaly enelere belent sarpa

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Berkarar Watanymyzda edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy, mähribanlygy dabaralandyrýan Halkara zenanlar güni täze many-mazmun bilen baýlaşyp, uly dabaralara beslenýär. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri hormatlamak dabarasy hem ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentdedigini görkezen ajaýyp wakalaryň biri boldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ýer ýüzünde şan-şöhraty barha arşa galýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, halal zähmet çekmekleri babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Batly ösüşlere öz zähmeti bilen mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz, gelin-gyzlarymyz hakynda döwletimiz tarapyndan zerur aladalar edilýär. Belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň abadançylygy, çagalary terbiýeläp ýetişdirmek babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda aýal-gyzlarymyzyň, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu meseleleriň döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygy bellenildi. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, köp çagaly eneleriň durmuş taýdan goldanylýandygyny görkezmek bolar. Ýurdumyzda zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär, olaryň döwrebap derejede ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär. Netijede, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda eýeleýän orny ýokarlanýar. Bu bolsa jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini gorap, geljek nesillere ýetiripdir. …Şu günki dabaralar hem baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän eneler “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Munuň özi eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ine, şu ýyl hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlykly täze öýleriň eýeleri bolup, uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar. Paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda geçirilen dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bagtyýar durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek babatda döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerim aldy. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelerden başlap, eneleriň, zenanlaryň, gelin-gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryna eýe bolmaklary olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi. *** Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary Diýarymyzyň welaýatlarynda-da geçirildi.

Read More

Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän gününde häzirki zamanyň ösen talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramynyň — Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygyny, dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Milli Liderimiz mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy, eziz uýalarymyzy, gyzjagazlary ajaýyp bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendiklerini nygtady. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň, maşgala abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. “Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralarynyň giňden toýlanylýandygyny belläp, Milli Liderimiz bagtyýar zenanlaryň gazanylýan ähli üstünliklere, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda olaryň aýratyn ornunyň bardygyny nygtady. “Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz gelin-gyzlarymyzyň Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydygyny, öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydygyny nygtady we zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini tassyklady. Milli Liderimiz ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, gyzjagazlary, ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi. …Soňra Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Olara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň hem gowşurylmagy bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini has-da belende göterdi. Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň we nurana arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek, olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu hakykat çagalaryň we olaryň ata-eneleriniň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan çuňňur alkyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan gowşurylan baýramçylyk sowgatlary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edildi. Merkezde bejergi alýan çagalar belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. (TDH)

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Ýurdumyzda bahar paslynyň ilkinji günlerinde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň baýramy — Halkara zenanlar güni giňden bellenip geçilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, päk ahlakly, çeper elli türkmen zenanlarynyň sarpasy belent tutulýar. Dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň zähmetine uly hormat goýlup, olar üçin ähli şertler döredilýär. Pursatdan peýdalanyp, nurana ýüzli mähriban ene-mamalarymyzy, bagtyýar gelin-gyzlarymyzy, eziz uýalarymyzy, balajyk gyzjagazlarymyzy ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz watandaşlar! Ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpleri kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdirler. Türkmen halky ene-mamalarymyza, mähriban zenanlarymyza maşgala ojagynyň we onuň abadançylygynyň eýesi hökmünde garap gelipdir. Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir. Ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň sözleri bilen aýtsak, biz enäni dünýäniň görki we durky hasaplaýarys. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Hormatly adamlar! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabaralary giňden toýlanylýar. Bagtyýar zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem olaryň aýratyn orny bardyr. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasyny geçirýäris. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak hem indi asylly däbe öwrüldi. Biziň mähriban gelin-gyzlarymyz Watanymyzyň owadan gül-gunçalarydyr. Biziň gelin-gyzlarymyz öýlerimiziň bagt ýyldyzlarydyr. Biz ýurdumyzyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary we işlemekleri üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertleri dörederis. Eziz watandaşlar! Pursatdan peýdalanyp, ene-mamalarymyzy, gelin-gyzlarymyzy, balajyk gyzjagazlarymyzy — ähli zenanlary ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw edýärin. Abraý-mertebäňiz elmydama belent bolsun!

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 7-nji mart (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde bolup, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde dürli maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginde dowam edýär. Ikinji tapgyrda meýilleşdirilen desgalar häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda gurulýar. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň degişli derejede amala aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär. Milli Liderimiz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän metjidiň gurluşygy, bezeg işlerinde ulanylýan serişdeler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň kesgitlenen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we önümçilik maksatly binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, iş otaglarynyň üpjünçiligine degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu ýerde şäheriň lukmançylyk klasteriniň dolandyryş binasynyň, söwda we işewürlik binalarynyň içki bezeg işleriniň görnüşleri, medeni-durmuş maksatly binalaryň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr. Bu işlerde milli tejribä daýanylmalydyr. Şunda binalaryň sütünleriniň, beýleki serişdeleriniň sazlaşygyna zerur üns berilmelidir. “Aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň içki bezeg işleri, onuň otaglarynyň, diwarlarynyň reňki häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Munuň özi gurulýan dürli maksatly binalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň özüne mahsus aýratynlyklarynyň bolmagyny üpjün eder” diýip, lukman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz halkymyzyň taryhyň dowamynda bina galdyrmagyň nusgalyk mekdebini döredendigini belläp, häzirki döwürde binagärligiň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň usullarynyň döwrebap derejede ulanylmalydygyny, olaryň täzeçil tehnologiýalar bilen utgaşykly alnyp barylmalydygyny aýtdy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. D.Orazow şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depginleri, beýleki binalaryň içki bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde mukaddes Oraza aýynyň dowam edýändigini, bu aýda tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da sogap işleriň berjaý edilýändigini belläp, Oraza aýynda agzaçar sadakalarynyň berilmeginiň asylly däbe öwrülendigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz 15-nji martdan 16-syna geçilýän gijäniň Gadyr gijesi diýlip kesgitlenendigini belläp, hormatly ýaşulularyň, dili senaly enelerimiziň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň, köp sanly ýaşlaryň gatnaşmagynda Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasynyň berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ata-babalarymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýol-ýörelgelerine goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüler. “Täze şäherde ähli gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda tamamlanmagy häzirki döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenendir. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bolsa häzirki döwrüň wajyp talabydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň kesgitlenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygy, şäheriň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesiniň degişli ýagdaýda saklanýandygy barada maglumat berdi. Şeýle-de häkim Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň, giň möçberli dabaralaryň maksatnamasy barada habar berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini, şunda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Şeýle-de binalaryň enjamlaşdyrylyşyna, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu işleriň hemmesi “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu baradaky gürrüňi bowam edip, Gahryman Arkadagymyz gaznanyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini, guraljak çäreleriň ýaş nesillerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan ajaýyp pursatlara beslenmelidigini aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň seýilgähiniň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. “Akylly” şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň gurluşygynda bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine, oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna hem üns bermelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşendigini nazara alyp, seýilgähde oturdylan düýe kerweniniň özboluşly aýratynlygyna ähmiýet berilmelidir. Milli Liderimiz parahat durmuşyň nyşany bolan boýny jaňly ineriň yzyna tirkelen düýeleriň keşbinde milli gymmatlyklaryň, söwda kerwenlerine degişli serişdeleriň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde seýilgähiň suw çüwdürimleriniň, dürli şekilleriň, bagy-bossanlygyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz seýilgähiň çäklerinde oturdylan bedewleriň şekillerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. “Her bir bedewiň şekiliniň reňk aýratynlyklaryna zerur üns berilmelidir. Aýratyn-da, olara degişli ýazgylaryň häzirki zaman ýörelgelerine kybap gelmegi wajyp talapdyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň nesil ugurlaryna, türkmenleriň ýyndam atlarynyň dünýäniň seýisçilik sungatynda eýeleýän ornuna bagyşlap birnäçe kitaplary döreden Milli Liderimiz bedewleriň taryhyň dowamynda halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeländigini belledi we seýilgähiň çäklerinde bedew bilen baglanyşykly esbaplaryň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy atyň şekilleri bilen baglanyşykly işlere Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň, ýaş mugallymlarynyň çekilmelidigini, bu ýerde amala aşyrylýan bezeg we abadanlaşdyryş işlerinde ýaşlaryň başlangyçlarynyň, teklipleriniň netijeli ulanylmalydygyny belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz şäheriň ekologik ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagynda täze seýilgähe wajyp ornuň degişli boljakdygyny aýdyp, bu ýerde hemişe gök öwüsýän baglaryň, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berilmelidigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde bu işlere öz wagtynda taýýarlyk görülmelidir. Umuman, häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmeýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu

Read More

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça netijeli we toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” hem-de bu Strategiýany amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Ýurdumyzyň ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: 1. 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmeli. 2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY A.T.ATAÝEWA hakynda Aksoltan Toreýewna Ataýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili, Türkmenistanyň Kuba Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Braziliýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wenesuela Boliwarian Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY M.B.ORAZOW hakynda Meret Baýramowiç Orazowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY E.M.AÝDOGDYÝEW hakynda  Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY W.S.HAJIÝEW hakynda Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekili, Türkmenistanyň Watikandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY W.S.HAJIÝEW hakynda  Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýewi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 6-njy marty.

Read More

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat we Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda”, “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär. Welaýatlarda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw toparlaryna bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini we saýlaw kanunçylygyny düşündirmekde guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berilýär. Çad Respublikasynyň we Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 5-si geçirildi. Mejlisiň deputatlarydyr hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 14-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 3-si amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,9 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň iki aýynda jemi öndürilen önüm 10,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 0,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli işleri alyp barmagyň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlary boýunça durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üpjün etmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterime deň boldy. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 122,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,7 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 119,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň täze gorlaryny gözläp tapmak üçin netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,3 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 103,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 134,6 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 109,2 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,2 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralma we gök ekinleri ekmek, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak möwsümine guramaçylykly girişildi. Şeýle hem welaýatlarda suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak, suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmegi, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,7 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 122,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,4 göterim boldy. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 108,6 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 158 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 119,4 göterim amal edildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirmegiň, binagärlik, taslama we gurluşyk babatda bellenen kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmegiň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegi üçin geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmegi, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek binalardyr desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna barýan güneşli Diýarymyzyň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan guwandyryjy netijeler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler Bitarap Watanymyzy Ýer ýüzüniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşýar. Alnyp barylýan tutumly bu işler agzybir halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy, jemgyýetimiziň yzygiderli kämilleşmegi we öňe gitmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Berkarar ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine, şan-şöhratly ýeňişlerine zenanlar mynasyp goşant goşýarlar. Ýaş nesillerimizi berkarar Watanymyza, merdana halkymyza ygrarly, sagdyn hem-de ruhubelent adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde ýürekleri mähirden doly sahawatly eneleriň hyzmaty örän uludyr. Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna milli däplerimize laýyk döwrebap edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini pugtalandyrmakda olar bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler. Eziz perzentlerinde ynsanperwerlik, ahlaklylyk, lebzihalallyk we zähmetsöýerlik häsiýetlerini kemala getirýän, göwünleri buýsançdan doly, yhlasly zähmeti bilen ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde abraý-mertebesi juda belentdir. Merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen, karar edýärin: Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren şu enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmaly: Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy Nursoltan Halmyradowna Çaryýarowa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy Aýgül Begmyradowna Annamyradowa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy Enejan Kakabaýewna Hanmämmedowa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy Merjen Begmyradowna Myratgulyýewa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy Ogulçemen Öwezdurdyýewna Geldimyradowa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan öý hojalykçy Merjen Altyýewna Geldiýewa, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndan öý hojalykçy Ogulşeker Çarymyradowna Ballyýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 100-nji çagalar bakja-bagynyň baş aşpezi Bahargül Meredowna Hojanyýazowa, «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň tehniki önümçilik bölüminiň alyp baryjy hünärmeni Sülgün Mämmetnazarowna Akmämmedowa, «Gap-Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy Jins toplumynyň Tikin fabriginiň işçisi Bägül Annagurbanowna Baýramowa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan öý hojalykçy Şasenem Poşyýewna Meretgulyýewa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan öý hojalykçy Aýbölek Öwezdurdyýewna Handurdyýewa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan öý hojalykçy Maral Saparmyradowna Annanyýazowa, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndan öý hojalykçy Täzegül Saparmuhammedowna Babanyýazowa, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndan öý hojalykçy Kümüşgözel Öwezdurdyýewna Gurbanýazowa, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndan öý hojalykçy Gyzylgül Seýitgeldiýewna Gurbanlyýewa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hyzmat ediş işgäri Gülşat Çarymyradowna Nuryýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 15-nji orta mekdebiniň hyzmat ediş işgäri Gurbannabat Şadurdyýewna Epäýewa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Şagözel Şadurdyýewna Çaryýewa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Täzegül Berkeliýewna Geldymyradowa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Nurnabat Agamyradowna Jumalyýewa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan öý hojalykçy Güljemal Annamyradowna Karaýewa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan öý hojalykçy Feruza Erimbetowna Meredowa, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndan öý hojalykçy Täzegül Allaberdiýewna Nikolaýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 39-njy orta mekdebiniň mugallymy Akjagül Toýlyklyçewna Garajaýewa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Gülbahar Hudaýgulyýewna Allaliýewa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Annagül Rejepmyradowna Hajymyradowa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Maýagözel Seýitgeldiýewna Orazgeldiýewa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan öý hojalykçy Baýramgül Atabaýewna Barabowa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan öý hojalykçy Bägül Döwletnazarowna Tekäýewa, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndan öý hojalykçy Çynargül Allanazarowna Ataýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndaky 19-njy orta mekdebiniň hyzmat ediş işgäri Oguljahan Gylyçmyradowna Tokgaýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Selbi Baýramdurdyýewna Amantaganowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Jennet Baýrammyradowa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Gülşen Geldimämedowna Garaýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Leýla Saparbaýewna Meleýewa, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan öý hojalykçy Maral Sapargeldiýewna Handurdyýewa, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndan öý hojalykçy Maýsa Rahmangulyýewna Begenjowa, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndan öý hojalykçy Gurbangözel Atageldiýewna Ataýewa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Uzboý şäherçesindäki 49-njy çagalar bagynyň hyzmat ediş işgäri Aýna Nuryýagşybaýewna Ibragimowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden öý hojalykçy Üzümgül Etrekgulyýewna Amanowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden öý hojalykçy Hurma Esenmyradowna Baýramalyýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden öý hojalykçy Arzygül Seýtmämmedowna Täçgulyýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden öý hojalykçy Nargül Annaberdiýewna Öwlüýägulyýewa, «Tükmengaz» döwlet konserniniň «Berkarar» döwlet kärhanasynyň abadanlaşdyryş gullugynyň hyzmat ediş işgäri Dinara Rustamowna Ýegenmämmedowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Annabibi Mämmetberdiýewna Mämmetorazowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan öý hojalykçy Sahragül Garmämmedowna Berekedowa, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndan öý hojalykçy Aýbibi Sapargulyýewna Berdinyýazowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabyndan öý hojalykçy Aýnatäç Taçgulyýewna Baýrammämmedowa, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndan öý hojalykçy Ogulsoltan Amangulyýewna Jumaýewa, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndan öý hojalykçy Sapargül Abdymennatowna Baýramowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden öý hojalykçy Alesýa Marsilýewna Ahmetowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden öý hojalykçy Olga Alymbaýewna Bazarbaýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinden öý hojalykçy Maýa Aleksandrowna Usmanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Hesel Aşyrowna Suwhanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Täzegül Gaýypnazarowna Gurbanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Aýşa Baýramgeldiýewna Gurbanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Bahargul Saparowna Saparowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gülaýym Arazgeldiýewna Saryýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Şasoltan Piriýewna Täjiýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Aýbolek Teçmuradowna Annakulyýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Araztäç Bekdurdyýewna Annaýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Aýhan Hemraýewna Ismailowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Arazbibi Amannazarowna Hudaýnazarowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Uzukjemal Allaberdiýewna Žumanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Arzygul Şirmuhammedowna Režepowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Ogulgerek Arazgeldiýewna Ataýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gülendam Ýazjanowna Piriýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Suraý Suwhanberdiýewna Öräýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gülkamar Gurbanmämedowna Begişowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Aýsenem Baýramowna Gulmyradowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gulbahar Durdyýewna Begžanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Çeper Amanowna Gurbanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Ýazbibi Çörliýewna Hudaýberdiýewa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan öý hojalykçy Gülsenem Bäşimowna Rejepowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Gözel Ýarykowna Gülmedowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Täzegül Uzakberdiýewna Pirişowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Dinara Soýunowna Sabirowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Dursun Kerimowna Sabyrowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Laçyn Duşemowna Ýetmişowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Gowher Allaberdiýewna Babajanowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Arazbibi Durdymyratowna Babyşowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Dondi Hudaýberdiýewna Muhanowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndan öý hojalykçy Şirin Tuwakbaýewna Rejepowa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Gulbahar Atageldyýewna Atabaýewa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Ýewgeniýa Rahimowna Hojaýewa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Tylla Meretgulyýewna Geldiýewa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Muhabbat Toýlibaýewna Jumanýazowa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Guljan Rozimbaýewna Sapaýewa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Jamila Açilowna Matniýazowa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Nurjemal Öwezgeldiýewna Amanowa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan öý hojalykçy Gülşat Orazgeldiýewna Gaýypowa, Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan

Read More

Ahalteke bedewi – Garaşsyz Watanymyzyň täze üstünliklere tarap batly gadamynyň nyşany

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda nobatdaky möhüm sahypany açdy. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan asylly däbine laýyklykda, ýurdumyzda her ýyl belli bir şygar bilen atlandyrylyp, onda halkymyzyň baý milli mirasyna ygrarlylygy, täze taryhy döwürde Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň mynasyp dowamy bolan giň gerimli özgertmeler we maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nygtaýşy ýaly, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda degişli işleri alyp barmak zerurdyr. Şu ýyl paýtagtymyzda, welaýatlarda durmuş we beýleki maksatly binalary — ýaşaýyş jaýlaryny, umumybilim hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny, söwda merkezlerini gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, «Arçman» şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy ulanmaga berler. Açylmagy meýilleşdirilýän köp sanly desgalaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem bar. Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap oba, şol etrapda köpugurly elektrik stansiýasy, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler. Şunuň bilen birlikde, ulag-kommunikasiýa we inženerçilik-tehniki infrastrukturasyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler. Bu giň gerimli meýilnamalary durmuşa geçirmegiň we öňde goýlan wezipeleri çözmegiň esasy maksady Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, sebitleýin we ählumumy derejede ynanyşykly dialogy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin umumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşmak maksady bilen geçiriljek halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlyklygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, ýurdumyzyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly çäreler bar. Türkmenistan bu wajyp wezipeleri ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärçilik bilen çemeleşýär, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmegi, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn formatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegi ileri tutýan ugurlar hökmünde kesgitleýär. Bu bolsa umumy abadançylygyň bähbitlerine, sebitde we halkara derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Ýylyň şygary bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Owadanlygy, syrdamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri milli hem-de dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Taryhy maglumatlara görä, 5 müň ýyllyk taryhy bolan meşhur bedewlerimiziň nesil ugry öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Ir döwürden bäri seýislerimiz tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen we kämillik derejesine ýetirilen ahalteke bedewleri dünýäde beýleki meşhur at tohumlarynyň birnäçesiniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy, dosty bolan behişdi bedewler häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik ruhunyň nyşanyna öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri Ýer ýüzi behişdi bedewlere, olaryň kämil keşbine we özboluşly häsiýetlerine haýran galýar. Şu ýylda meýilleşdirilen dürli çäreler ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmaga, milli atçylyk sungatyny halkara derejede wagyz etmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, bu çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz ahalteke atlaryna uly hormat goýýan we olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirip, bu pudakda alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiziň yhlasly, tutanýerli işleri esasynda halkymyzyň arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýörelgeleri gaýtadan dikeldilýär, goralyp saklanylýar hem-de ösdürilýär. At üstündäki milli oýunlaryň giňden wagyz edilmegine we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine, at çapmak ussatlygynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz ahalteke atlary barada jikme-jik ylmy seljermä, giňişleýin taryhy we häzirki zaman maglumatlaryna esaslanýan ajaýyp kitaplaryň awtorydyr. Dürli dillere terjime edilen we türkmenistanlylaryň arasynda giňden meşhur bolan bu eserler bedewlere uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly okyjylar, hünärmenler, alymlar üçin hem elýeterli boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz eserlerinde ýelden ýyndam bedewler barada maglumatlaryň gadymy alymlaryň, ýazyjylardyr şahyrlaryň işlerinde gabat gelýändigini belleýär. Atlaryň ilkinji bolup türkmen topragynda eldekileşdirilendigine we olaryň nesliniň kämilleşdirilendigine Änewde, Marguşda, Goňurdepede, Altyndepede we beýleki taryhy künjeklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan tapyndylar şaýatlyk edýär. 2010-njy ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara täze itergi berdi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabaralara beslenip bellenip geçilýär hem-de bu özboluşly tohumyň naýbaşy wekilleriniň arasynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi geçirilýär. Baýramçylyklaryň aýrylmaz bölegi bolan at çapyşyklaryny geçirmek üçin paýtagtymyzda, welaýatlarda döwrebap atçylyk toplumlary guruldy, ugurdaş infrastruktura döredildi. Sportuň Olimpiýa görnüşi bolan konkury ösdürmäge täze itergi berildi. Bu sport görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini bellemek gerek. Türkmenistanda atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Pudagyň hünärmenleriniň öndürijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertler, olaryň zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, degişli hormatly atlar döredildi. Hormatly Prezidentimiz atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlerdir alymlaryň öňünde döwrebap usullary we tehnologiýalary ulanyp, seçgiçilik-tohumçylyk işleriniň ylmy binýadyny giňeltmek, halkara hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak wezipelerini goýdy. Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak meselesine uly ähmiýet berilýär. Bu babatda Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine uly orun degişlidir. «Akylly» şäherde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki-de ýerleşýär. Bu bolsa Arkadag şäheriniň atçylyk we degişli ylymlar, atçylyk sporty, sirk sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlyk üçin merkez hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Pudak üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini nygtamak gerek. 2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda bu ýokary okuw mekdebinde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi behişdi bedewleriň

Read More