Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny paýlamak işine girişildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, ýüpek gurçugynyň saklanjak ýerlerini taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini belledi we häkime oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, möwsümi ýokary hilli, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin pileçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek babatda degişli işler geçirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitde gowaça ekişi dowam edýär. Möwsümi ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ýüpek gurçugyny kärendeçilere paýlamak, ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Bütindünýä saglyk gününi dabaraly geçirmäge taýýarlyk görlüşi, döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň esasy şertidigini belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Welaýatda gowaça ekişi bellenen meýilnama laýyklykda dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilaty bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem welaýatda pile öndürmek möwsümini talabalaýyk geçirmek, bu ugurdaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen zerur çäreler görülýär. Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralaryň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Sebitlerde gowaça ekişi

Read More

Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary halkymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. 30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylar bugdaý ekinlerine ideg edýärler. Gowaça ekişini bellenilen agrotehniki möhletlerde, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegi arkaly geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ýeralma, gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek, pile öndürijiler bilen şertnama baglaşmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, ýüpek gurçugynyň tohumyny, idediljek jaýlaryny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa, gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi. 1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek maksady bilen, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny, çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. 3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiz geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy ýurdumyzda 7-nji aprelde giňden belleniljek Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. 4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny geçirdi. Gahryman Arkadagymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda gaznanyň hemaýat bermeginde amala aşyrylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Iş saparynyň dowamynda häzirki döwürde Aşgabatdaky 500 orunlyk Şehitler metjidinde alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işlerine, dost-doganlygyň nyşany hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän metjidiň gurluşyk we bezeg işlerine aýratyn üns berildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen maslahatda bu düzümiň häzirki döwürde alyp barýan işleri, Hytaý Halk Respublikasynyň tejribeli lukmanlarynyň we dostlukly ýurduň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ýurdumyza gelmegine görülýän taýýarlyk barada maglumat berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyklarynyň depgini, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek baradaky meselelere seredildi. Geçen hepdede Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny taýýarlamak boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak meselesine seredildi. Mejlisde 2026 — 2028-nji ýyllara niýetlenen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasy barada pikir alşyldy. Bu maksatnama ýaşlary goldamak, olaryň sebit we halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin berk esas bolar. Mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda 2026-njy ýyl üçin birnäçe resminama gol çekildi. 31-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi, tassyklanyldy we yglan edildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň agzalary, degişli iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri

Read More

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Sebit we dünýä derejesinde abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr. Munuň şeýledigine Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda ýokary derejede geçirilen bu köpugurly halkara sergi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen duşuşmak, täze şertnamalary baglaşmak üçin giň mümkinçilikler döredilen bu sergi oňa gatnaşan kompaniýalara daşarky maýa goýumlar üçin açyk bolan türkmen bazarynda orun almaga gyzyklanma döretdi. Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň tagallalaryňyz netijesinde ýurtda alnyp barylýan işler oňyn miwesini berip, ençeme ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Munuň özi Türkmenistanda netijeli işlemäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny subut edýär. Siziň döredýän mümkinçilikleriňiz esasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýokary derejede guralan bu giň möçberli sergä gurluşyk, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda we beýleki ugurlarda iş alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalaryň onlarçasynyň gatnaşmagy hem Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmanyň ýokarydygyny aýdyň görkezdi. Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti! «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergi möçberiniň giňligi, köpugurlylygy bilen daşary ýurtly işewürleriň türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalaryň sanyny artdyrmaga çalyşýandyklaryny subut etdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralan bu köpugurly halkara serginiň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan işiňizde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Sizi hormatlamak bilen, «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylar.

Read More