Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Başlyk Si Szinpiniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hytaý wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan sapary üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi hem-de Türkmenistanda Hytaýyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna berýän uly ünsüne ýokary baha berilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ynanyşmak, hormat goýmak, milli bähbitleri hasaba almak ýörelgeleri köp ýyllaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady bolup durýar. Bu berk binýat strategik hyzmatdaşlygyň derejesini pugtalandyryp, iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasarynyň gatnaşmagynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar giň ugurlary, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar. “Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu ýurda amala aşyran dostluk saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Ählumumy parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigi aýdyldy. Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-taryhy umumylygyň, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtap, söhbetdeşler umumy taryhy mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Read More

Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu duşuşyk iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrülip, iki ýurduň hem hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Hökümetara komitetiň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda komitetiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar döwletara dialogyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň şahsy tagallalary netijesinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýän hil taýdan täze tapgyra çykarylandygy nygtaldy. Plenar mejlisde çykyş edenler iki dostlukly ýurduň deňhukuklylyk, milli bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan özara gatnaşyklaryň nusgalyk derejesini görkezýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Geçen ýyllaryň dowamynda hökümetara komitetiň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezendigi aýdyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar haryt dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport ugurly harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewürleriniň arasynda gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Hytaýa gaz ulgamynda uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaş hökmünde garaýar. Komitetiň agzalary hereket edýän şertnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi taslamasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini ibermegiň möçberini artdyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar. Ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşişini nazara almak bilen, taraplar «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň «Bir guşak, bir ýol» hytaý-başlangyjy bilen utgaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler. Multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmegi Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr akymlary ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň birnäçe beýleki ugurlaryna-da deglip geçildi. Hususan-da, demir ýol ulgamynda häzirki döwrüň barha artýan isleglerini, şol sanda täze ýükleriň getirilýändigini, bu pudagyň uly ähmiýete eýe bolýandygyny nazar alyp, demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda degişli taslamalaryň üstünde işlemek boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Şonuň ýaly-da, logistika taslamalaryna üns berildi. Ulag-logistika ulgamyny öz içine alýan möhüm işleriň alnyp barylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ähmiýetlidir. Şoňa görä, bu ugurda täze taslamalaryň üstünde işlemek we ozalky ulgamlary döwrebaplaşdyrmak barada degişli teklipler aýdyldy. Lebap welaýatynyň Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmak babatda beýan edilen teklipleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda mineral dökünleri öndürmek üçin Garlyk kaliý dag-magdan toplumyny ösdürmegiň taslamasy boýunça işler dowam etdirilýär. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde mynasyp orna eýe boljak ähmiýetli başlangyja öwrüler. Türkmenistanyň senagat pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Himiýa, dokma, gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamlarynda taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaý tarapy sanlylaşdyrmak, önümçilige ýokary tehnologiýaly çözgütleri ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Oba hojalygy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Taraplar oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler. Şunda bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek üçin oba hojalyk ugurly ylmy-barlag institutlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenildi. Innowasion ösüş, sanly tehnologiýalar meseleleri hem maslahatlaşyldy. Milli ykdysadyýetini düýpli özgertmegi maksat edinýän Türkmenistan Hytaýyň «akylly» şäherleri gurmak, elektron söwdany ösdürmek, döwlet dolandyryşyna we durmuş ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmak boýunça tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýär. Ynsanperwer ugur strategik hyzmatdaşlygyň wajyp binýady hökmünde häsiýetlendirildi. Mejlise gatnaşyjylar bilim we ylym ulgamynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen talyplarynyň HHR-iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy, Türkmenistanda hytaý dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň barha artýandygy iki halky has-da ýakynlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Medeni alyşmalar özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolmagynda galýar. Taraplar özara Medeniýet günlerini, sergileri we döredijilik festiwallaryny yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk hem dostlukly gatnaşyklary ilerletmäge gönüden-göni täsir edýän şert hökmünde bellenildi. Halkara gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde ählumumy ösüşiň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi tassyklanyldy. Taraplar Merkezi Aziýada, onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde utgaşykly işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary berkitmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjek resminamalar toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni merkezleri özara döretmek hakynda Ylalaşyk; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026 — 2030-njy ýyllar) hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyk bar. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna hem gol çekildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar alnyp barlan işleriň netijelerine ýokary baha berip, şu mejlisiň jemleriniň Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine hyzmat etjekdigini nygtadylar.

Read More

Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda şu ýyl Türkmenistan bilen “CNPC-niň” hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdypdy. Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny innowasiýa we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň düzümlerini öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny artdyrmak, tebigy gazyň eksport edilýän ugurlaryny köpeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda ýangyç-energetika ulgamy esasy ugur hökmünde çykyş edýär. Energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de goşant goşýar. Ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň çäginde amala aşyrylan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy asyryň iri taslamalarynyň biri hökmünde taryha girdi. Diýarymyzda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrynyň özleşdirilmegi esasynda bu gaz geçirijiniň goşmaça ugurlarynyň gurulmagy bilelikde durmuşa geçirilýän energetika taslamalarynyň geljekde-de durnukly ösüşiň we sebitiň ykdysady durnuklylygynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigini tassyklaýar. Geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan taslamalar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Soňra Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýana söz berildi. Ol bu maslahatyň taryhy ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýäsinde strategik hyzmatdaşlygyň iň kämil we durnukly nusgasydygyny aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň beýanydyr. Din Sýuesýan Türkmenistanyň Hytaý üçin tebigy gazy ibermekde iň iri we ygtybarly hyzmatdaşdygyny aýtdy hem-de transmilli gaz geçirijiniň iki ýurduň ykdysady ösüşine goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Şeýle-de ol energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň ekologiýa we «ýaşyl» ykdysadyýet bilen utgaşdyrylýandygyny aýdyp, hytaý tarapynyň tebigy gazy gazyp almakda we ibermekde döwrebap, az uglerodly tehnologiýalary ulanmak boýunça Türkmenistan bilen yzygiderli tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklady. Sözüniň ahyrynda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň hytaý we türkmen halklarynyň abadan durmuşynyň bähbidine geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan öz çykyşynda bu hyzmatdaşlygyň häzirki zaman dünýä energetika bazarynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Ol iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtamak bilen, energetika pudagynda ýola goýlan bilelikdäki hereketleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Çykyşyň dowamynda energetika pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine hem garaldy. Korporasiýanyň ýolbaşçysy bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň Hytaýyň barha artýan energiýa isleglerini kanagatlandyrmakda, sebitiň energetika durnuklylygyny saklamakda möhüm orny eýeleýändigini aýtdy. Sözüniň ahyrynda Daý Houlýan iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň syýasy erki we öňdengörüjiligi netijesinde kemala gelen hyzmatdaşlygyň bu nusgasynyň täze taryhy eýýamda has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi. Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. «Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalary: serişdeler binýady, maýa goýum mümkinçilikleri we eksport infrastrukturasynyň ösüşi» atly mejlisde Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň binýady we olaryň dünýä bazaryndaky ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Şeýle-de «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek strategiýasynyň tebigy gazyň önümçiligini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Şunda känleriň gory boýunça halkara bahalandyrmalaryň netijeleri we täze ulanyş guýularynyň taslamalary ýurdumyzyň eksport kuwwatyny has-da ýokarlandyrmagyň ygtybarly serişdeler binýady hökmünde görkezildi. Çykyş edenler Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň döwrebap hukuk esaslary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen amatly ykdysady şertler barada aýratyn bellediler. Mejlisde gazhimiýa, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek babatda täze maýa goýum taslamalarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň diňe bir çig mal eksportyna däl, eýsem, pudagy diwersifikasiýalaşdyrmaga we innowasion ösüşe hem esaslanýandygyny tassyklaýar. Eksport infrastrukturasynyň ösüşi baradaky mowzuklaýyn mejlisde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetine üns çekildi. Bilermenler energiýa serişdelerini ibermegiň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde döwrebap inženerçilik çözgütleriniň, sanly ulgamlaryň ornuny ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenistanyň eksport infrastrukturasynyň Ýewraziýa giňişliginde energetika howpsuzlygynyň möhüm bölegine öwrülýändigini bellediler. Türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň kuwwatly şerti bolup durýar. Multimodal ulag geçelgeleriniň, ygtybarly energetika baglanyşygynyň döredilmegi sebitiň ýurtlarynyň halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Maslahatyň «Türkmenistan — Hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleri taýýarlamak» atly ikinji mejlisi ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Duşuşygyň ynsanperwerlik ugry bilen baglylykda, ekologik durnuklylygy üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň täze gaz känleri özleşdirilende, halkara ekologik ölçeglere berk eýerýändigi, zyňyndylary azaltmak we suw serişdelerini tygşytly ulanmak tehnologiýalaryny ulanýandygy nygtaldy. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda 20 ýyllyk bilelikdäki iş tejribesiniň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we täjirçilik bähbidi esasynda hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyny döredendigi bellenildi. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.

Read More

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky “Lu Ban ussahanasynyň” açylyş dabarasy boldy. Dabara Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim we ylym ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda bar bolan binýady pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, onuň täze sepgitlere ýetmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, ylym-bilim ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim we ylym diplomatiýasy wajyp orny eýeleýär. Türkmenistanda bilim, ýokary tehnologiýalar pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda açylan “Lu Ban ussahanasynyň” ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşup, iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara tejribe alyşmak babatda möhüm meýdança bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. Merkez döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde talyplara we ýaş alymlara geologiýa, buraw işleri, maglumat ulgamlary boýunça hytaýly hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge giň mümkinçilik döredilipdir. Umuman, “Lu Ban ussahanasynyň” açylmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp tapgyr bolmak bilen, munuň özi Hytaýyň iň täze tehnologiýalaryny hem-de tejribelerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak arkaly nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm binýada öwrüler.

Read More