Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar. Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-si amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,7 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,3 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,7 göterim boldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik desgalaryny doly kuwwatynda ulanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi, geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,5 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 100,5 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 101 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 116,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 115,8 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 127,5 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine, ýüpek gurçugyna ideg işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda, daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä ýaýmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bilen baglylykda, daşary ýurtlarda hem birnäçe halkara çäreleriň geçirilýändigini, hususan-da, şu ýylyň 9-10-njy maýynda Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» atly halkara çäräniň geçirilmeginiň behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere agzalan atly sport we gözellik bäsleşiklerine ýurdumyzyň atşynaslaryny, ahalteke bedewlerini gatnaşdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat