Daşoguz welaýatynyň gallaçylary şu ýyl bol hasyl almagy maksat edinýärler

Daşoguz welaýatynyň gallaçylary şu ýyl bol hasyl almagy maksat edinýärler

Şu günler Daşoguz welaýatynda ýetip gelýän galla oragyna taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Galla kabul ediji nokatlarynyň we elewatorlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Onuň çäklerinde dürli binalaryň, telärleriň, meýdançalaryň gatlaklarynyň, konweýerleriň, barlaghana enjamlarynyň we terezileriň bellenen kadalara laýyklygy barlanylýar hem-de zerur bolan öňüni alyş abatlaýyş işleri geçirilýär. Şeýle hem sebitde galla orujy kombaýnlaryň, bugdaý daşamakda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesine, guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Welaýatyň gallaçylary şu ýyl bol hasyla garaşýarlar. Hasylyň binýadyny ýerli howa şertlerine uýgunlaşan, dürli kesellere we dökülmegine çydamly, özüni gowy tarapdan görkezen bugdaýyň «Alekseýewiç» we «Bezostaýa-100» ýaly ýokary hasylly görnüşleri düzýär. Welaýat ýurdumyzyň iň iri galla mekanynyň biridir. Döwletimiz tarapyndan oba hojalyk önümlerini saklamak we gaýtadan işlemek boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak ugrunda yzygiderli amala aşyrylýan işler netijesinde, şu güne çenli bu ýerde doly agrotehniki sikl döredildi. Ol tohumlyk dänäni taýýarlamagy, ekişi, oragy, galla saklamagy we gaýtadan işlemegi öz içine alýar. Sebitde üç sany ýokary öndürijilikli un öndürýän kärhana we ýedi sany elewator, şeýle hem döwrebap enjamlaşdyrylan onlarça galla kabul ediji nokady bar. Şeýle düzümiň mümkinçiliklerine Görogly etrabyndaky iri galla önümleri kärhanasynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Bu kärhana bugdaýy gaýtadan işlemek we saklamak boýunça bitewi toplum bolup, ol bir wagtyň özünde 50 müň tonna galla saklamaga hem-de ýylda 50 müň tonna ýokary we birinji hilli un öndürmäge niýetlenendir. Kärhanada, şeýle hem sebitiň ähli döwrebap elewatorlarynda gallany saklamaga kabul etmek we gaýtadan işlemäge ibermek işleri hem awtomobil, hem demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Source

Read More

Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň dört aýynda Diýarymyzda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Her ýyl mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi ýaş nesilleriň interaktiw-multimedia usulynda bilim almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilýändiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çar künjeginde mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary bina edilýär, olar kompýuterler, zerur bolan beýleki enjamlar, okuw gollanmalary bilen üpjün edilýär. Okuw işine ylmyň täze gazananlary, interaktiw-multimedia, sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Ýaşlara türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwretmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, döredijilik, ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özara baglanyşykly, toplumlaýyn işler bilim binýadyny has-da berkitmek bilen, päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlarda bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga höwes döretmek ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar geljegini kesgitleýän möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminamada mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy. Munuň özi ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylym-bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ony ýokary dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak meselelerine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmelere laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady öňdebaryjy dünýä tejribesi, halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy gymmatlyklary esasynda kämilleşdirilýär. Bu bolsa milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegine uly itergi berýär. Source

Read More

Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Source

Read More

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. Source

Read More