Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi

Parahatçylyk söýüjilik — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýan bäsleşik “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm çäreleriniň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny iş ýüzünde amala aşyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda parahatçylyk we bitaraplyk ýörelgelerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda halkara gatnaşyklarda ýüze çykýan meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine aýratyn üns berilýär. …Institutyň merkezi binasynyň eýwanynda halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklaryny, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryna degişli maglumatlary beýan edýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Halkara bäsleşige gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergini synladylar. Soňra “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilýän bäsleşige 9 ýurduň — Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden 40-dan gowrak gatnaşyjy bellige alyndy. Şeýle hem oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden seçilip alnan zehinli ýaşlaryň 117-si gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen möhüm Kararnamalaryň kabul edilip, halkara derejede köp sanly çäreleriň yzygiderli guralýandygyny bellemek gerek. Şeýle-de parahatçylyk we bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, bu ugurda ýokary bilimli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Abraýly halkara bäsleşige gatnaşyjylar häzirki döwürde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalara möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Şunda halkara gatnaşyklarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny netijeli ulanmak, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy parahatçylygy üpjün etmek meseleleri wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan parahatçylygy üpjün etmäge ygrarly bolmak bilen, syýasy, ykdysady, energetika, azyk hem-de ekologiýa howpsuzlygyny berkitmek ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan syýasaty amala aşyryp, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine goşant goşýar. *** “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler. Munuň özi onuň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilendigini görkezýär. Döwlet muzeýiniň işgärleri myhmanlara bu ýerde görkezilýän gymmatlyklar, olaryň taryhy we halkymyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada gürrüň berdiler. Şeýle hem muzeýde ýurdumyzyň häzirki ýeten derejesine degişli gymmatlyklara orun berlipdir. Gatnaşyjylar bu bäsleşigiň medeni maksatnamasynyň gyzykly we netijeli gezelençleri öz içine alandygy üçin guramaçylara hoşallyklaryny beýan etdiler. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça we bugdaýa ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, tohumlyk bugdaýyň hasylyny bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak, kabul ediljek hem-de saklanyljak ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, endigan gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Pile taýýarlamak boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär. Häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini habar berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine, hususan-da, pagta, bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we saklamak üçin galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edilip, häzirki wagtda kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Sebitde ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi üstünlikli geçirilip, häzirki wagtda ýaş mallara degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýar etmek, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň

Read More
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Tokio şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma bilen geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu duşuşyga “Asia SEED” guramasynyň taslamalary ösdürmek we durmuşa geçirmek müdirliginiň geňeşçisi A.Futohaşi hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da bilimiň ynsanperwer ugurlaryny ösdürmek, dilleri çuňlaşdyryp öwrenmek, alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak, hünärmenleri taýýarlamak, KOSEN bilim ulgamyny ýola goýmak, emeli aň (AI) ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiň direktorynyň orunbasary Ý. Sonoýama bilen geçirilen duşuşykda türkmen ýokary okuw mekdebi bilen JICA-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda JICA-nyň maliýeleşdirmeginde ýapon dilini okatmak boýunça hünärmenleriň özara alyş-çalyşygyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem JICA tarapy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny emeli aň boýunça «Maglumat ylymy we emeli aň bilen öz başarnygyňy aç» atly wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek gysga möhletli okuwa gatnaşmaga çagyrdy. Source

Read More