TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gonkongyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, pagta ýagynyň galyndylarynyň düzümindäki ýagly turşulyklar, buýan köküniň gury ekstrakty, çig ýüpek, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 118 million 350 müň manada deň bolan binýatlyk ýagyny, aşgarlanmadyk matany, arassalanan pagta ýagyny, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar. Source

Read More
Bol hasyl ugrundaky alada – geljekki üstünlikleriň girewi

Bol hasyl ugrundaky alada – geljekki üstünlikleriň girewi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bereketli, toýly ülkämizde kärendeçi daýhanlara, ýer eýelerine, mülkdarlara mukaddes topragymyzda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin ählitaraplaýyn şertlerdir mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň ak bazarlarynyň, söwda nokatlarynyň ýylyň islendik paslynda gök-bakja önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegini şertlendirýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan oňyn özgertmeler Balkan welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Günbatar sebitiň zähmetsöýer bakjaçy daýhanlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agrar pudagyny her bir welaýatyň toprak-howa şertlerine görä öňdebaryjy tejribeler bilen utgaşdyryp, ylmy esaslarda guramak baradaky paýhasly çözgüdinden ruhlanyp, asylly hyzmatlary bitirýärler. Şeýlelikde, topraga bagry badaşan kärendeçi we telekeçi daýhanlar, bagbanlardyr ähli ýer eýeleri ýylyň-ýylyna bereketli hasyl almagyň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem guwandyryjy önümçilik görkezijilerine beslediler. Has takygy, welaýatda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, olaryň hemme görnüşleri boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary zeýtun, Gyzylarbat, Bereket, Esenguly etraplarynyň daýhanlary-da bakja önümleri bilen adygyp, hünär ussatlyklaryny nusgalyk derejede ýokarlandyrdylar. Gürrüňi edilýän etraplarda, tutuşlygyna alanyňda, Balkan topragynda gök-bakjanyň, miweleriň ähli görnüşini ösdürip ýetişdirip bilmeýän daýhan, ýa-da hojalyk ýokdur diýsek hakykatdan daş düşmeris. Şeýle-de bakjaçylar şeker-nabatdan süýji, baldan datly saýylýan gawunlary, garpyzlary, üýtgeşik nygmatlary ösdürip ýetişdirmekde her ýyl oňat netijeleri gazanýarlar. Munuň üçin ekerançylyk meýdanlarynda bakja ekinlerine agrotehniki möhletlerde bellenilen ideg işleri göwnejaý ýola goýulýar. Şonuň ýaly-da bol we ýokary hilli hasyl almakda geçen ýyllaryň baý iş tejribeleri öwrenilýär, welaýatyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, köp hasyl berýän, kesellere garşy durnukly, ýaramly görnüşleri saýlanyp alynýar. Şeýle möhüm meselede täze görnüşleri döretmek maksady bilen, seçgiçilik işleri-de geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly-at myradyň mekany» ýylynda-da welaýatyň alyslara ýaýylyp ýatan meýdanlarynda gök-bakja ekinlerine ideg işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Şu ýyl welaýat boýunça agrotehniki talaplar esasynda ekiş geçirilen 2 müň 620 gektar bakja meýdanyndan 52 müň 400 tonna hasyl almak bellenilýär. Häzirki wagtda şeýle jogapkärli asylly maksada ýetmek üçin edermen hasyl ussatlary bol hasylyň düýbüni mäkäm tutýarlar. Şanly ýylda janypkeş daýhanlar pagtadyr bugdaýdan başga-da beýleki oba hojalyk ekinleriniň-de bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler. Şeýlelikde, welaýat möçberinde ýylyň dowamynda 2 müň 900 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirip, 40 müň 600 tonna hasyl ýygnamak meýilleşdirilýär. Şonça ekin meýdanyň 1 müň 600 gektaryna ýazlyk ýeralma ekilip, ondan şu möwsümde 22 müň 400 tonna hasyl ýygnalar. Guramaçylykly ýagdaýda dowam edýän häzirki möwsümleýin işlerde-de «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da ýokary işjeňlik görkezýärler. Olaryň birleşen tagallasy arkaly degişli agrotehniki möhletlerde guralýan işler yhlasly zähmetiň ýerine düşýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Günbatar sebitiň kärendeçi daýhanlary ýaz möwsüminde jemi 1 müň 100 gektarda ekilen sogandan ýygnaljak hasylyň möçberini 27 müň 500 tonna ýetirerler. Ýaşyl begrese bürenen ýazyň mahmal möwsüminde welaýatda kelemdir käşiriň ekişi irki agrotehniki möhletlerde tamamlanyp, şu mahal ideg işleri günsaýyn gyzyşýar. Işleriň ýokary hil derejesini jogapkärli möwsümiň üstünlikli jemlenjekdigine güwä geçýär. Geljek hasylyň döwründe 230 gektar meýdandan ýygnaljak azyklyk kelemiň möçberi 5 müň 750 tonna, 470 gektar meýdana ekilen käşirden hem 8 müň 460 tonna hasyl alnar. Şeýle-de zähmetsöýer ekerançylar şu ýyl pomidoryň 16 müň 250, hyýaryň 1 müň tonnasyny ýygnap aljakdyklaryna pugta ynanýarlar. Munuň özi daýhanlara, ýer eýelerine ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda sebitiň ilatyny tebigy taýdan arassa, bäsleşige ukyply, islegli önümler bilen bolelin, ygtybarly üpjün etmäge giň mümkinçilik berer. Häzirki bahar paslynyň hoştap howaly günlerinden, amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýan bakjaçylar hem bereketli hasylyň gözbaşy hasaplanýan gök-bakja ekinleriniň idegini kemsiz ýetirýärler. Arzyly önümleri ösdürip ýetişdirmekde döwlet derejesinde döredip berilýän hemaýat-goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Source

Read More
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini, döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu goşa baýram türkmen jemgyýetiniň parahatçylyk, ösüş we ynsanperwerlik taglymlaryny baş ugur edinýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň berk binýady bolup, özygtyýarlylygyň mizemezligini, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagyny, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň yzygiderli ösdürilmegini kepillendirýär. Baý taryhy tejribä esaslanýan Konstitusiýamyz adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan edip, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kanunçylyk taýdan berkidýär. Watanymyzyň parahat asmanda belentde parlaýan mukaddes baýdagy türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, şu gününiň we beýik geljeginiň baş nyşanydyr. Onuň reňk öwüşginlerinde, özboluşly haly göllerinde halkymyzyň ruhy ýörelgeleri — parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, adalatlylyk, döredijilik, ýokary ynsanperwerlik taglymlary öz beýanyny tapýar. Döwletliligiň bu iki beýik nyşanynyň hormatyna goşa baýramçylygyň bellenilmegi olaryň mazmun taýdan aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýar: Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň ösüşiniň hukuk çäklerini kesgitleýär, Döwlet baýdagymyz bolsa raýatlarymyzy täze zähmet, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu nyşanlar ýaş nesilde Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny terbiýeleýän kuwwatly birleşdiriji güýç bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň, parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň sarsmaz kepilligidir. “Esasy Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp, hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar. Döwlet baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar döwrümiziň, beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý we bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen ýaşyl tugumyz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan giň möçberli ykdysady özgertmeleriň durmuş syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýan özboluşly ösüş nusgasyny kemala getirýär. Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýan asylly işler döwrebap şäherleriň, senagat, ulag-logistika, durmuş düzümleriniň gurluşygynda öz beýanyny tapyp, Diýarymyzyň keşbini düýpli özgerdýär. Konstitusiýanyň kadalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen ölçeglerine doly laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu işler Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy baş ugur edinýän ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da pugtalandyrýar. …Irden Köpetdagyň ajaýyp künjeginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar. Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Döwlet baýdagymyz buýsançly parlaýar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň, demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän merdana halkymyz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly gurýar. Pederlerimiziň häzirki wagtda aýawly saklanylýan hem-de baýlaşdyrylýan ruhy mirasy esasy Kanunymyza we Döwlet baýdagymyza aýratyn mukaddes güýç berýän berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik akyldarlarynyň agzybirlik, adalatlylyk, özygtyýarly döwlet baradaky wesýetleri şu günki ägirt uly işlerde öz beýanyny tapýar. Adam mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli şertleri döretmek, bilimi, ylmy, saglygy goraýşy, medeniýeti goldamak konstitusion kepillikler bilen berkidilen ýurdumyzyň döwlet strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Adama, onuň intellektual we beden saglygyna maýa goýumlar ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli maksatnamalaryň özenini düzýär. …Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdagyň öňündäki meýdança gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekleýärler. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Baş baýdaga ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýýarlar. Halkymyz öz tuguna hemişe aýawly garapdyr. Taryhda çuň kökleri bolan mukaddes baýdagymyz halkymyzyň özbaşdak ösüşe, syýasy ugra bolan hukugyny alamatlandyrýar. Ýaşyl tugumyzyň halkara forumlaryň we dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň baýdak sütünlerinde dabaraly parlamagy her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny döredýär. Ol ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady. Bu beýik baýramy uly zähmet sowgatlary, täze üstünlikler bilen garşy alan halkymyz ertirki güne bolan synmaz ynamyny dünýä äşgär edýär. Konstitusiýamyz hem-de Döwlet baýdagymyz Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen täze belentliklere tarap alyp barýan ýolgörkeziji bolmagynda galýar. Source

Read More
Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy

2026-njy ýylyň 17–18-nji maýynda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanda bellenip geçilýän milli baýramy — Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy. Tbilisi şäherini keşplendirýän nyşanlarynyň birinde baýramçylyk çyralary bilen yşyklandyrylmagy milli baýramçylyklaryň ähmiýetini, şeýle hem taryhy däp-dessurlaryna we döwlet gymmatlyklaryna bolan sarpasyny aňladýar. Bu simwoliki çäre iki halkyň arasyndaky özara dostlugyny, hyzmatdaşlygyny we medeni arabaglanyşygyny aýdyň görkezýär, şeýle hem türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň şaýady bolup hyzmat edýär. Source

Read More
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 36-njy mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 36-njy mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 17-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň (SMG) 36-njy mejlisi geçirildi. Çäre gibrid görnüşinde guralyp, ol Pakistan Yslam Respublikasynyň başlyklyk etmeginde 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, forumyň işine gatnaşdy. Duşuşyk «Durnukly YHG üçin sebitleýin galkyndyrmak» şygary astynda geçdi we Gurama agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylaryny SMG-nyň 35-nji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Iş maksatnamasyny we Çäreleriň senenamasyny tassyklamak üçin ýygnady. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň esasy garaýyşlaryny beýan etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda şular bar: ulag-logistika integrasiýasyny çuňlaşdyrmak; energetika dialogyny öňe sürmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek; ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek. Çykyşda Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Türkmen tarapy, şeýle hem «Gündogar–Günbatar» we «Demirgazyk–Günorta» geçelgelerini has-da ösdürmäge, multimodal düzümleri döretmäge we sebitiň logistika mümkinçiliklerini giňeltmäge goldaw bildirdi. Ekologik gün tertibiniň nukdaýnazarynda Türkmenistanyň wekiliýeti energiýa üpjünçiliginiň marşrutlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ygtybarly we durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem döwrebap energiýa netijeli tehnologiýalaryny we «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem çykyşda 2025-nji ýylyň 28-29-njy aprelinde Arkadag şäherinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, «ýaşyl» ykdysadyýete, sanly transformasiýa we durnukly ulag ulgamyna bagyşlanyp geçirilen Durnukly ösüş boýunça birinji YHG ministrler forumynyň şowly guralandygy tassyklanyldy. Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygyň Strategik maksatlarynyň üstünde alnyp barylýan işleri goldaýandygyny bildirdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz YHG-nyň işine mundan biläni hem işjeň gatnaşmaga, bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaga, şeýle-de Guramanyň halkara giňişligindäki ornuny we abraýyny berkitmäge taýýardygyny tassyklady. Source

Read More
Türkmenistanyň türgenleri jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýelediler

Türkmenistanyň türgenleri jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýelediler

Türkmenistanly türgenler Türkiýäniň Antalýa şäherinde tamamlanan sportuň kontakt jiu-jitsu görnüşi boýunça dünýä çempionatynda dürli gymmatlyga eýe bolan 42 medal gazandylar. Ýaryşlar Halkara jiu-jitsu federasiýasynyň (JJIF) howandarlygynda geçirilip, oňa 16 ýurtdan 245 türgen gatnaşdy. Ýaryşyň netijeleri boýunça türkmen jiu-jitsu ussatlary 14 altyn, 11 kümüş we 17 bürünç medal gazanyp, toparlaýyn medal sanawynda birinji orny eýelediler. Ikinji orny Wýetnamyň ýygyndysy (14 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal), üçünji orny bolsa Gazagystanyň topary (10 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç medal) eýeledi. Aýratyn bellemeli ýagdaýlaryň biri hem türkmen türgenlerimiziň köpugurlylygy we ýokary beden taýýarlygydyr. Olaryň birnäçesi şol bir wagtyň özünde birnäçe ugurda we ýaş toparlarynda üstünlikli çykyş etdiler. Bu uly ýeňiş hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, şeýle-de Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Jjiu-jitsu boýunça dünýä çempionatlary JJIF tarapyndan 1994-nji ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýär we dürli düzgünler boýunça birnäçe tapgyrda guralýar. «Kontakt jiu-jitsu» düzgüni bolsa ýaryşlaryň maksatnamasyna 2017-nji ýylda girizildi. Source

Read More