Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

Hormatly halyçylar we halyşynaslar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, tebigy özboluşlylygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan gözelligiň we nepisligiň nusgasydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň buýsanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden dörän bu ajaýyp sungatymyz dünýäde doly ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, onuň dünýägaraýşyny, medeniýetini, ýürek arzuwlaryny, geljege bolan beýik ynamyny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, nusgalyk ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli oňat häsiýetleri, özboluşly milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi öz beýanyny tapýar. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine, asylly däplerine wepalylygyň nyşanydyr. Ol merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň nusgasydyr. Çeper elli halyçylar we ussat halyşynaslar!Gadyrly myhmanlar! Täze taryhy döwürde halkymyzyň bütin dünýä ýaýran halyçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Bu nepis we ajaýyp sungaty Ýer ýüzünde wagyz etmek, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze görnüşlerini döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hünär ussatlygy, zähmetsöýerligi bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär. Olara hormatly atlar dakylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Biz mundan beýläk-de ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis.  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň ajaýyp halylarynyň nagyşlarynda şöhlelendirilýän milli gymmatlyklarymyzdan ylham alyp, behişdi bedewlerimiziň bady bilen röwşen geljege tarap ynamly barýarys. Müň öwüşginli halylarymyzda öz beýanyny tapýan asylly ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan, halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinden ruhlanyp, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine belent sepgitlere ýetýäris. Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!Gadyrly halyçylar! Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatymyzy döwrebap ösdürmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun! Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Source

Read More
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigini nygtadylar. Söwda-ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika howpsuzlygy we energiýa serişdeleriniň iberiliş ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini hem öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, şeýle hem köptaraplaýyn formatlarda, şol sanda «C5+1» platformasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine-de garaldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Source

Read More
Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary BMG-niň çäreleriniň çäklerinde duşuşyk geçirdiler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Mohammad Ishak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Türkmenistanyň BMG-niň hem-de beýleki halkara platformalarynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Pakistana minnetdarlyk bildirdi. Taraplar ählumumy we sebit howpsuzlygy meseleleriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Ýokary derejedäki syýasy dialogyň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Iki ýurduň liderleriniň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berýär. Diplomatlar ähli özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça syýasy dialogy we amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Ikitaraplaýyn ykdysady we infrastruktura hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň ösdürilmegi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň döredilmegi ýaly sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Ministrler öňde boljak ikitaraplaýyn çäreleriň taýýarlygy, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi, şeýle hem bilelikdäki işewürlik, medeni we ynsanperwer çäreleri geçirmek başlangyçlary barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup, iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegini berkitmäge we has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ähli derejelerde işjeň syýasy dialogy dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Source

Read More
BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça  müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen gepleşikler

2026-njy ýylyň 28-nji maýynda ABŞ-a amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini we strategik häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň dowamynda 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly kararnamanyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu resminamanyň ýurduň parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany bolandygy nygtaldy. Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň dört sany iri halkara başlangyjy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň binýadynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy meselelerini öwrenýän Akademiki merkezi döretmek, Türkmenistanyň çäginde jedelleri parahatçylykly çözmegiň anyk mehanizmi hökmünde Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek, BMG bilen bilelikde Bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hem-de amala aşyrmak boýunça gollanmany taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyny ilerletmek ýaly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn temasy sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek boldy. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini mundan beýläk-de goldamaga ygrarlydygyny beýan etdi. Halkara howplaryna garşy köpçülikleýin göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň Maksatnamalaýyn edarasyny döretmek baradaky başlangyjy jikme-jik tanyşdyrdy. Bu edara sebitde möhüm seljeriş we bilermenler platformasyna öwrüler. Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmäge hem-de ýokary hünärli diplomatik işgärleri taýýarlamaga özara taýýardyklaryny tassykladylar. Source

Read More