Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N. Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň (TIIF-2026) işine gatnaşdy. Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Albaniýanyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministrleri, köpsannly ýurlaryň hökümet agzalary, şeýle hem ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri, halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky, Bütindünýä banky, Aziýa Ösüş Banky, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky, BRICS-iň Täze ösüş banky, Ýewraziýa Ösüş banky we beýleki halkara ösüş institutlarynyň wekilleri gatnaşdy. Forumyň çäklerinde energetika pudagyny ösdürmek, ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýeti we emeli aňy ösdürmek, mineral-çig mal serişdelerini özleşdirmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem häzirki zaman maliýe mehanizmlerini we maýa goýum gurallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň forumyň işine gatnaşmagy, Türkmenistanyň özara bähbitli sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge yzygiderli gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Source

Read More
BMG-niň Baş Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 82/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň websaýtynda habar berilýär. Kararnamanyň BMG-niň ähli resmi dillerinde çap edilmegi Baş Assambleýanyň resminamany kabul etmeginden soňky resmi taýdan resmileşdirmek işini tamamlaýar we Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleriniň arasynda giňden ýaýradylmagyny üpjün edýär. Kararnama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edildi we ol gün tertibiniň bitaraplyk meselelerine bagyşlanan aýratyn bir böleginiň çäklerinde kabul edilen BMG-niň ilkinji resminamasy boldy. Resminama halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda bitaraplyk syýasatynyň ornuny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen. Şeýle-de ol öňüni alyş diplomatiýasy, araçyllyk we BMG-niň howandarlygynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda täze amaly başlangyçlaryň birnäçesini özünde jemleýär. Source

Read More
Tähranda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler geçirildi

Tähranda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan çäreler geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi» atly Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata daşary ýurt döwletleriniň Tährandaky Ilçileri we diplomatlary, magtymgulyşynaslar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem onuň dowamynda Medeniýet institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň Ilçisi, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň taryh boýunça professory, Eýran Yslam Respublikasyndaky «Türkmen medeniýet öýi» sungat institutynyň direktory we edebiýatşynaslar çykyş etdiler. Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, onuň ömri we döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hem-de filosofiki pikirleri hakynda bellenildi. Şeýle hem şahyryň goşgularynda watançylyk, agzybirlik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýaly beýik ideýalaryň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Çäräniň dowamynda şahyra bagyşlanan wideoýazgylar görkezildi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda we tanatmakda edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler. Şeýle hem 2026-njy ýylyň 16-nji iýunynda Tähran şäheriniň Harezmi uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň, Täjigistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçileri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň wekilleri hem-de eýranly türkmenler gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada çykyş etdiler, şahyryň ýazan goşgularyny okadylar we onuň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler hem-de türkmen medeniýeti, sungaty we edebiýaty bilen bagly birnäçe sahna çykyşlaryny görkezdiler. Source

Read More