Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekilleri, Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary we mugallymlary, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Çykyş edenler bilim, ylym we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlary öz içine alýan türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýratyn nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň aprel aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýanyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde açylan «Lu Ban ussahanasynyň» üstünlikli işi hem bellenildi. Iş duşuşyklarynyň dowamynda taraplar ugurdaş bilimleriň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, iki ýurduň öňdebaryjy nebit-gaz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy giňeltmek, şeýle hem bilelikdäki bilim taslamalaryny ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Resmi bölegiň tamamlanmagyndan soň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekiliýetiniň agzalary hem-de türkmen diplomatlary Hytaý nebit uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň wekili talyplary ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy hem-de 2026-njy ýylyň şygarynyň — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ýörelgäniň ähmiýetini belledi. Source

Read More
Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi

Kiýewde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» geçirildi

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde şu ýylyň 11–20-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe, Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günlerini» geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Medeni-çeperçilik çäre diplomatik, ylym-bilim we döredijilik jemgyýetleriniň wekillerini, beýik türkmen şahyrynyň mirasyny öwrenijileri, mugallymlary, okuwçylary we türkmen ýaşlaryny bir ýere jemledi. Çäreler onlaýn we adaty görnüşlerde geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň pelsepewi mirasy hem-de şahyryň goşgularynyň türkmen halkynyň ruhy-medeni durmuşyndaky ähmiýeti barada çykyşlar edildi. Çäräniň çäklerinde Magtymgulynyň goşgulary türkmen, ukrain, fransuz we iňlis dillerinde okaldy. Kiýew şäherindäki sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň şahyryň eserleriniň esasynda ýerine ýetiren aýdym-saz çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi. Myhmanlar Magtymguly adyndaky kitaphanada ýerleşýän şahyryň muzeý otagyna hem baryp gördüler. Bu ýerde olar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi, dürli dillerde neşir edilen eserleri, türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli saz gurallary bilen tanyşdylar. «Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleri» Kiýew şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde şahyryň «Soňudagy» goşgusynyň türkmen we ukrain dillerinde okalmagy bilen jemlendi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Magtymguly adyndaky kitaphananyň guramaklarynda geçirilen bilelikdäki bu çäreler nesilleri birleşdirýän, halklaryň ruhy taýdan özara baýlaşmagyna ýardam edýän we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän medeni mirasy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň möhümdigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Fizuli şäherine ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Fizuli Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Fizuli şäherine ugradylar. Ýolugra ýörite gurnalan ýerde hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti Fizuli şäherinde gurulýan binalaryň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurluşygy alnyp barylýan metjidiň şekil taslamalary bilen tanyşdyryldy. Bu metjidiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina edilýändigini bellemek gerek. Fizuli şäherinde gurulýan metjit ynsanperwerligi, agzybirligi, jebisligi we asylly işlere ygrarlylygy durmuş ýörelgesi edinýän türkmen hem-de azerbaýjan halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelýän metjitler gurlup ulanmaga berilýär. Türkmençilikde Allanyň öýi hasaplanýan metjitleriň bina edilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Arkadag şäherinde 30 müň adama niýetlenen täze metjidiň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nygtamak gerek. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek bu metjit üçin azerbaýjan halkynyň adyndan döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherine ugradylar. Şuşa şäherine barýan ýoluň ugrunda iki ýurduň Liderleri sebitiň gözel künjekleriniň biri bolan Daşalty düzlüginde saklandylar. Hormatly Prezidentimiz we Azerbaýjanyň Prezidenti bu ýeriň tebigatyny synladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Soňra döwlet Baştutanymyz we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherindäki täze ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen tanyşdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheri bu giň gerimli işleriň aýdyň nusgasydyr. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary täze gurulýan Şuşa metjidine baryp gördüler. Hormatly Prezidentimize metjidiň binagärlik taslamasy we çyzgylary görkezildi. Bu medeni-ruhy desganyň daşky görnüşi, içerki bezegleri yslam hem-de ýerli binagärligiň nusgawy däplerini, özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň ömrüne, döwlet işine we bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlaryna bagyşlanan ýörite sergä baryp gördüler. Sergide Geýdar Aliýewiň Watanyň öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar, resminamalar, wideofilmler görkezilýär. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary Hurşidbanu Natuwanyň, Üzeýir Gajibeýliniň, Bülbüliň heýkellerini synladylar. Bu meşhur sungat ussatlarynyň galdyran baý medeni mirasy dogduk mekanynyň çäklerinden has uzaklara ýaýrap, dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda olaryň manyly ömür ýoly, gymmatly eserleri giňden öwrenilýär. Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Şuşa galasyna bardylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimize XVIII asyrda Panah Ali han tarapyndan düýbi tutulan täsin desganyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berildi. Döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi bolan Şuşa galasy 1752-nji ýylda belent baýryň üstünde gurlupdyr. Gala dürli medeniýetlerdir halklar üçin möhüm merkez bolupdyr. Şuşa galasyny gurşap alýan tebigy gözellikler jahankeşdelerde, suratkeşlerde uly täsir galdyrýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Şuşa galasynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler. Şäheriň medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Ilham Aliýew Bülbüliň öý-muzeýine baryp gördüler. Türkmen we azerbaýjan halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolan Polat Bülbül ogly belent mertebeli myhmanlary muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Muzeýde häzirki zaman azerbaýjan wokal sungatynyň düýbüni tutujy Bülbüliň çagalyk we maşgala fotosuratlary, şahsy zatlary, aýdymçynyň döredijilik, ylmy-pedagogik, jemgyýetçilik işini beýan edýän resminamalar bar. Polat Bülbül ogly azerbaýjan hem-de türkmen halklaryny taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Belent gaýalaryň gyrasynda ýerleşýän bu täsin tebigy ýer gadymy döwürlerden bäri atly bäsleşikleriň, milli oýunlaryň, dabaralaryň geçirilýän meýdançasy hasaplanýar. Ýeri gelende bellesek, türkmen halky hem müňýyllyklaryň dowamynda bedewlere aýratyn sarpa goýup gelýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary abraýly ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýar. …Jydyr düzünde döwlet Baştutanymyza belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Mert atly bedew sowgat berildi. Munuň özi ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen ýylda aýratyn many-mazmuna eýedir. Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza atyň şahadatnamasyny gowşuryp, Türkmenistanda atşynaslygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady türkmen-azerbaýjan mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew ýadygärlik surata düşdüler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz azerbaýjan halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän gezelenjiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Prezident Ilham Aliýewe hem-de azerbaýjan tarapynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi. Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde Fizuli şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyz hem-de Prezident Ilham Aliýew mähirli hoşlaşyp, birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň medeni maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Biraz wagtdan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar we gazanylan ylalaşyklar bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýmak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge itergi berer. Source

Read More
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Dialogyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça Dialogyň bilelikdäki ýolbaşçylary — Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ditmar Krissler gatnaşyjylara giriş sözi bilen çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda özara gyzyklanma döredýän giň gerimli meseleler boýunça pikir alşyldy. Taraplar adam hukuklary babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şol sanda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, hukuk tertibiniň we kanunyň hökmürowanlygynyň pugtalandyrylmagy, gender deňligini üpjün etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy adam hukuklary babatda milli maksatnamalaryň we hereket meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişi, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, demokratik institutlaryň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň 5-nji martynda hödürlenen ÝB-niň gender deňligi babatdaky strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhümdigini bellediler. Dialogyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna, şeýle hem özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli hem-de konstruktiw gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar adam hukuklary boýunça dialogy dowam etdirmäge we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Source

Read More
Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün

Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde başlanan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dürli wakalara baý boldy. Medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen hepdeligiň çäreleri türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden açyp görkezmek babatda uly ähmiýete eýedir. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi. Hususan-da, Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň döredijiligi, ömür ýoly barada täsirli söhbet edildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Çykyşlarda Baýram şahyryň döredijilik mirasyndan aýdymlara, döwrebap eserlere uly orun berildi. Bagşy-sazandalar joşgunly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, tebigat gözelligini wasp etdiler. Şeýle-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär. Çykyş edenler öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ylmyň ösmegi bilen, adamyň zerurlyklaryna gönükdirilen “akylly” jemgyýetiň döreýändigine ünsi çekdiler. Sanlylaşdyrmagyň täsiri astynda zähmet bazarynda, bilim ulgamynyň ösüşinde hem düýpli özgerişlikler bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly özgertmeler şertlerinde zähmet bazarynda nähili üýtgeşmeleriň bolup geçjekdigi baradaky mesele köpleriň ünsüni çekýär. Umuman, häzirki zaman zähmet bazary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak üçin bilim bermegiň döwrebap ugurlary, okuw maksatnamalary we usulyýeti boýunça pikir alyşmalar maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn üns merkezinde boldy. Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy geçirildi. Dabarada bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýanlaryň arasynda uly gyzyklanma döredendigi aýdyldy. Her ýylda geçirilýän şeýle bäsleşikler täze zehinleriň halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý milli medeniýetimize gyzyklanmalaryny artdyrmaga şert döredýär. Munuň özi täze döredijilik başlangyçlaryna itergi berýär, zehinleri ýüze çykarmaga we goldamaga, olaryň hünär taýdan kämilleşmegine, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge ýardam edýär. Döredijilik bäsleşiginiň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň bellenilýän ýylynda geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly senelere taýýarlygyň çäklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri, dürli bäsleşikleri geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini äşgär edýär. Degişli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýörite baýraklara mynasyp boldular. Has tapawutlanan döredijilik işgärleri birinji, ikinji we üçünji orunlar ugrunda bäsleşdiler. Ýeňijileriň sylaglanylmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Bäsleşikde höweslendiriji baýraklara mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň hem bolandygyny bellemek gerek. Ýeňijiler degişli baýraklary uly hormat bilen kabul edip, ýurdumyzda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, dürli derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak ugrunda döredilýän giň şertler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Halypa we ýaş şahyrlaryň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy has-da täsirli boldy. Edebi-sazly çykyşlarda, çeper okaýyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlarynyň, estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynyň folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşmagy medeni çäräniň maksatnamasynyň döwrebap derejede taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn çemeleşilendigini görkezýär. Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik çykyşlarynyň ýatda galyjy, täsirli pursatlara beslenmegi dabaranyň döwrüň ruhuna kybap derejede guralýandygyny tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlap ýerine ýetirilen çykyşlar halkymyzyň Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çuňňur hormatynyň nyşany boldy. Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda jemlendi. Bu ýerde “Bedew rowaýaty” atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, bu sahna eseri ahalteke bedewlerine bagyşlanýar. Sahnalaşdyrylan eserde türkmen bedewiniň wepadarlygy dürli wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen spektaklda behişdi bedewleri ýetişdiren türkmen topragy, ahalteke bedewleriniň owadanlygy çeper wasp edilýär. Şeýlelikde, Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň özboluşly baýramçylygyna öwrülen hepdeligiň çäreleriniň türkmen medeniýetini, sungatyny has-da kämilleşdirmek, onuň köpöwüşginliligini giňden beýan etmek ugrunda baý mazmunly çykyşlary özünde jemledi. Source

Read More