Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygynyň derwaýys meselelerini, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şeýle hem durnuklylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, serhetleri dolandyrmak, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, özara baglanyşygy ösdürmek hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisde çykyş etmek bilen Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formatyna sebit döwletleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň kuwwatyny durnukly ösüşiň bähbidine birleşdirmäge, özara baglanyşygy giňeltmäge we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli mehanizm hökmünde uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmenistanyň uzak möhletleýin howpsuzlygy diňe güýç ulanmak usullary arkaly üpjün etmegiň mümkin däldiginden ugur alýandygy bellenildi. Durnukly parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk binýady hökmünde syýasy-diplomatik mehanizmler, döwletleriň arasynda ynamy berkitmek, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine berk eýermek, netijeli köptaraplaýyn diplomatiýa, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy merkezi orny çykyş etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şol sanda syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň duşuşyklaryny, şeýle hem sebit döwletleriniň howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen ÝB-niň amaly maksatnamalaryny goldaýandygy tassyklandy. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça Ýörite wekili we Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Owganystan hem-de Pakistan boýunça bölüminiň müdiri Žil Bertran bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar owgan ugry boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermek, Owganystanyň gatnaşmagynda ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem hereket edýän mehanizmleriň, şol sanda ýörite wekilleriň geňeşmeleriniň, CADAP we BOMCA sebit maksatnamalarynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi orny esasynda halkara tagallalary utgaşdyrmagyň, şol sanda BMG-niň Doha prosesiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, Owganystanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine hem-de sebit howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Saparyň çäklerinde Ahmet Gurbanowyň Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary Olof Skug bilen hem duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, şol sanda ulag özara baglanyşygyny ösdürmek, Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiligini durmuşa geçirmek hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Global Gateway başlangyjyny ilerletmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika ulgamynda, şol sanda energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Mundan başga-da, taraplar bilim, hünärmenleri taýýarlamak we akademiki alyş-çalyşlary ösdürmek meselelerine garadylar. Yzygiderli syýasy dialogy dowam etdirmegiň ähmiýeti nygtalyp, hyzmatdaşlygy tapgyrlaýyn ösdürmegiň özara bähbitli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi. Source

Read More
Türkmenistanyň Mejlisinde koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Ýurdumyza sapar bilen gelen Parlament wekilleri Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda öňe süren teklibi esasynda döredilen «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň sebit ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki möhüm ähmiýetine üns çekildi. Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň biziň ýurdumyza amala aşyran iş saparrynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy barada nygtaldy. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrülendigini, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň ýurtlarymyzyň oňyn halkara başlangyçlary, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny bellediler. Source

Read More
Türkmenistan bilen Gruziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistan bilen Gruziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde geçirilen Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda çykyş edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Gün tertibiniň esasy meseleleri ulag-logistika düzümini ösdürmek, hususy maýa goýumlaryny çekmek hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boldy. Türkmenistanyň Prezidenti öz çykyşynda ulag-logistika, aragatnaşyk ulgamlary we deňiz terminallarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlygyň uly kuwwatynyň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz aýratyn ähmiýetli bilelikdäki taslama hem ünsi çekdi. «Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny iş ýüzünde amala aşyryp, iki ýurduň işewürler jemgyýetçiligi bu taslamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly diýip hasap edýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, hususy telekeçiler ugurdaş infrastrukturalary döretmäge, şeýle hem harytlaryň we hyzmatlaryň üstaşyr geçirilmegi üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga giňden çekilmelidir. Ulag pudagyndan başga-da, türkmen tarapynyň Gruziýanyň syýahatçylyk we hyzmatlar ulgamlarynda toplan öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow geçirilen forumyň iki ýurduň telekeçileriniň arasynda yzygiderli hem-de anyk işewürlik dialogynyň berk binýadyny goýjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol şu görnüşdäki işewürlik duşuşyklarynyň mundan beýläk hem yzygiderli geçiriljekdigine ynam bildirdi. Source

Read More
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Uniwersitetiň rus dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Oguldursun Akmuhammedowa hormatly 1-nji orny eýeläp, olimpiadanyň ýeňijileriniň hataryna girdi. Şeýle hem şol fakultetiň talyplary halkara bäsleşiginde 2-nji orunlara mynasyp boldular. Olimpiadanyň dowamynda türkmen talyplary rus dili, taryh we edebiýat boýunça çuňňur bilimlerini, şeýle hem öz hünär ugurlaryndaky ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler. Olar rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanyp, onuň bäsleşige taýýarlyk işine goşan uly goşandy üstünlikli netijelerde öz beýanyny tapdy. Türkmen talyplarynyň bu halkara olimpiadasyna gatnaşmagy «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda baglaşylan özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň» çäklerinde amala aşyryldy. Şu ýyl geçirilen olimpiada Hytaýdan, Mongoliýadan, Wýetnamdan, Taýlanddan, Türkiýeden, Eýrandan, Yrakdan, Siriýadan, Afrika ýurtlaryndan, Gazagystandan we Türkmenistandan 200-den gowrak zehinli talyp gatnaşdy. Source

Read More
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip

Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip

Şu gün Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Lebap welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini, hususan-da, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet goldawyny bermek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak boýunça işleri ýerine ýetirmek meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp baryp, döwrüň öňde goýýan wezipelerine öz wagtynda seslenmegi, teklipleri işläp taýýarlamagy bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi. Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri bolan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak halkymyzyň durmuşynda gadymdan bäri dowam edip gelýän demokratik däpleriň biridir. Täze taryhy döwürde bu däpler ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklarynyň kesgitlenen wezipeleri we işleri talabalaýyk alyp barmaga borçlandyrýandygyny bellediler. Milli Liderimiziň umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek barada beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini, kabul edilen resminamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, syýasy-jemgyýetçilik, guramaçylyk-usuly işler boýunça wajyp wezipeler göz öňünde tutuldy. Mälim bolşy ýaly, Prezidiumyň mejlisinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek, guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalar kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. *** Şu gün Lebap welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi. Sadakanyň dowamynda tebärek çykylyp, oňa gatnaşyjylar tarapyndan tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okaldy, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi. Source

Read More
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, 16-njy iýulda hormatly Prezidentimiz döwlet sapary bilen Gruziýa bardy. …Ir bilen döwlet Baştutanymyz Tbilisi şäherindäki Gahrymanlar meýdanyna bardy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we gruzin halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Soňra Türkmenistanyň we Gruziýanyň Döwlet senalary ýaňlandy. Gül goýmak dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň Hökümet binasyna ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze mähirli garşylady. Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Premýer-ministr Irakliý Kobahidze belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Gruziýada Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyna gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrandygyny, forumyň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gruziýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin gruzin tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hormatly Prezidentimizi we ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ähmiýetini belledi we onuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Irakliý Kobahidze 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Gruziýa amala aşyran saparynyň özara gatnaşyklaryň ösüşiniň binýadyny goýandygyny aýtdy we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigini belledi. Ol Türkmenistana üç gezek sapary amala aşyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, saparlar wagtynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etdi we şu gün gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz öz adyndan we türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň adyndan bildirilen myhmansöýerlik üçin Gruziýanyň Hökümet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini belledi we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-gruzin dialogy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň we döwletiň uzak möhletli bähbitlerine esaslanýar. Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, dostlugyň nusgasy bolup durýar. Syýasy, söwda-ykdysady, durmuş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz saparyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň halkara düzümlerde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyna ýokary baha berildi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly hem-de netijeli ösdürilýändigini aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň depginli artýandygyny belledi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz ulag we logistika ulgamlaryny hyzmatdaşlygyň esasy strategik ugurlary hökmünde kesgitläp, Türkmenistanyň gruziýaly hyzmatdaşlara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge doly taýýardygyny aýtdy. Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda döredilýän «Lazurit» ulag geçelgesi hem ýene bir ähmiýetli, geljegi uly taslama hökmünde görkezildi. Energetika ulgamynda-da Türkmenistanyň Gruziýa bilen hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiliklerine gyzyklanma bilen garaýandygy, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy. Syýahatçylyk pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm bölegidir. Iki ýurduň işewürlik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde guralan Türkmen-gruzin işewürlik maslahatynda anyk we geljegi uly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä belli gruzin şahyry Şota Rustaweliniň heýkeliniň açylandygyny, Gruziýada hem türkmen medeniýetine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we mirasyna uly hormat goýýanlaryň köpdügini belledi. Iki ýurduň arasynda bilim-ylym ugurly gatnaşyklary ösdürmäge, esasy ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäni özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Gruziýanyň Premýer-ministri hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, gruzin tarapynyň bu başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge, ulag-logistika, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Irakliý Kobahidze çakylyk üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň saparynyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günlerine gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol Gruziýanyň Türkmenistan bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady hem-de çakylygy kabul edip, Gruziýa sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Soňra iki ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň arasynda döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Gruziýanyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek

Read More