Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň ähmiýetini bellediler. Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi. Taraplar Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirildi. Source

Read More
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 65-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2026-njy ýyl üçin çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat diňlenildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazar ekologiýa Sammiti bilen bagly resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň barşynda çykyş edenler Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça abraýly halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak babatdaky halkara konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, Türkmenistan durnukly ösüşi üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ulgamynda halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär hem-de bu ugurda dünýä bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, mejlisde Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri we olaryň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň işini ylmy esasda kämilleşdirmek, şeýle hem bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy hanym Sýaoszýun Greýs Wany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Hanym Sýaoszýun Greýs Wan döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda Türkmenistanyň ösüşiň we özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde alyp barjak jogapkärli diplomatik wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Baş sekretar Antoniu Guterrişe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk etmek Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we ýokary netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz parahatçylygy üpjün etmäge, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga uly ähmiýet berýär. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge hem-de daşky gurşawy goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Türkmenistanyň bu başlangyçlary halkara derejede giň goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz geçen ýyl ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilendigini aýdyp, bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň gün tertibinde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşine uly orun berilýändigini nygtady. Bu geňeş parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysadyýet, durnukly ösüş, bilim, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer meseleler ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm bolup durýar. “Ýurt meýilnamalaryna esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlykda ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen birnäçe bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik we geçirýäris. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygymyz “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar. Maksatnama ýurdumyzyň BMG bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygynyň yzygiderli alnyp barylýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň oňyn ornuna ýokary baha berýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi we onuň zyýanly netijelerine garşy göreşmek meselelerine dünýä bileleşigi tarapyndan aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelerde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek barada degişli başlangyçlary öňe sürendigini belläp, ýurdumyzyň geljekde hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Sýaoszýun Greýs Wan Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Sýaoszýun Greýs Wanyň alyp barjak jogapkärli işiniň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, diplomata ýene-de bir gezek işinde üstünlikleri arzuw etdi. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Hökümetiniň makullamagy bilen, hanym Sýaoszýun Greýs Wany Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş ulgamynda Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine belledim. Baş sekretaryň wekili hökmünde hemişelik utgaşdyryjynyň wezipeleri Birleşen Milletler Guramasynyň degişli resminamalarynda beýan edilendir. Bu resminamalaryň düzgünlerine laýyklykda, hanym Wan BMG-niň ulgamynyň adyndan hereket etmek bilen, Türkmenistanda ösüş ulgamynda amaly işleri utgaşdyrmaga ýolbaşçylyk eder we bu babatda umumy jogapkärçilik çeker. Ol bu wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada maňa hasabat berer. Bu wezipeler Siziň ýurduňyzyň degişli milli edaralary tarapyndan bellenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylar. Hanym Wan BMG-niň ösüş ulgamynyň Türkmenistandaky iň ýokary wezipeli wekili bolar. Men ýurduňyzyň Hökümeti hanym Wana diplomatik wekilhanalara berilýän goldawy berse, hoşal bolardym. Türkmenistanyň Hökümeti hemişelik utgaşdyryjynyň BMG-niň ulgamynyň amaly işini has netijeli utgaşdyrmak maksady bilen, öz wezipelerini amala aşyrmagy üçin ähmiýetli meseleler boýunça degişli maglumatlar bilen üpjün edilmegine ýardam berer diýip tama edýärin. Baş Assambleýanyň çözgütlerinden ugur alyp, hanym Wana öz wezipelerini ýerine ýetirende Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan ýardam berilmegini Sizden haýyş edýärin. Hanym Wanyň bu wezipä bellenilmeginiň Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ulgamynyň ýurduňyzda ösüş ulgamynda iş alyp barýan düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Antoniu Guterriş,Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary. Source

Read More
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi. Türkmenistan medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işde möhüm orny eýeleýän, umumadamzat gymmatlyklaryna we her bir halkyň mertebesine hormat goýmaga esaslanýan açyk dialogy ýola goýmaga ýardam edýän gurama bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we şu ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe ÝUNESKO-nyň baş hem-de sebitleýin edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly jemi 11 sany gepleşik geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri ÝUNESKO tarapyndan guralan geňeşmelerdir okuw maslahatlarynyň 10-dan gowragyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň bilim ministriniň şu ýylyň 25-nji martynda ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça ählumumy hasabatyň tanyşdyrylyşynyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmagy hem-de guramanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy möhüm waka boldy. Munuň özi bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi üçin täze mümkinçilikleri açdy. Mälim bolşy ýaly, ekologik abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ÝUNESKO-nyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda guramanyň “Adam we biosfera” maksatnamasynda, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýalarynda bellenilen wezipeleri berjaý etmäge gönükdirilen dürli ekoforumlar we beýleki çäreler guraldy. UNITWIN maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barlan meýilnamalaýyn işleriň netijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem degişli döwürde ýurdumyz tarapyndan hödürlenen 6 sany orta mekdep ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşuldy. Indi ençeme ýyldan bäri ýurdumyz dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen tarapynyň teklipleri esasynda milli mirasymyzyň üç gymmatlygyny ÝUNESKO-nyň sebit we halkara sanawlaryna girizmek üçin möhüm resminamalar taýýarlanyldy hem-de hödürlenildi. Şunda gürrüň, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenen Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edilen, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada ýurdumyzyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan ýazuw gymmatlyklary barada barýar. Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmäge we gorap saklamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 40-dan gowrak medeni-köpçülikleýin çäre guraldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisinde şu ýylyň meýilnamasynyň çäginde guramanyň düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmaga, dürli ulgamlardaky bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de guramaçylyk we beýleki meselelere garaldy. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Sebitde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlary sürmek we tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin welaýatyň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýokary hilli bugdaý tohumyny we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarymyzda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli

Read More
Waşington şaherinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlarynyň ýubileý senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi

Waşington şaherinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlarynyň ýubileý senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi

2026-njy ýylyň 17–18-nji iýulynda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan Waşington şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çäreleriň esasy bölegi «Türkmenistan – ABŞ hyzmatdaşlygy: Garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrmak» atly tegelek stoly boldy. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy, ykdysady, bilim, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi Esen Aýdogdyýew hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi, şeýle hem iki ýurduň halkara we köptaraplaýyn meýdançalardaky hyzmatdaşlygy barada çykyş etdiler. Amerika tarapyndan tegelek stolda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça býurosynyň Merkezi Aziýa boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mark Kemeron hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki Ilçisi Metýu Klimow çykyş etdiler. Olar Türkmenistan – ABŞ gatnaşyklarynyň häzirki ösüş depginine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, diplomatik jemgyýetçiligiň, akademiki we seljeriş edaralarynyň, işewür toparlaryň we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda türkmen milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar, kitaplar we beýleki işler görkezilen sergi hem guraldy. Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde dostlukly küşt ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň ýeňijileri medallar, şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy. 18-nji iýulda geçirilýän çäreleriň tapgyry dostlukly futbol duşuşygy bilen tamamlandy. Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Source

Read More