Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Arkadag şäheri, 13-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan “akylly” şäherde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen şäherde giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýan halkara güwänamalaryň ençemesine mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde alnyp barylýan işleriň, gurluşyklaryň depgini häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çägini synlap, ýerine ýetirilýän işleriň hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman desgalarynyň taslamalary we olaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işler döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ikinji tapgyrda gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan umumybilim berýän orta mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de sport toplumynyň taslamalary we alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada maglumat berdiler. Bu ýerde gurulmagy teklip edilýän täze mekdebiň, çagalar bagynyň hem-de döwrebap sport toplumynyň şekil taslamalary, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Bellenilişi ýaly, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Arkadag şäherinde durmuş we önümçilik maksatly binalardyr toplumlaryň yzygiderli gurulmagy ugurdaş desgalaryň bina edilmegine giň ýol açýar. Şu maksat bilen, bilim ojaklarynyň, sport toplumlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ikinji tapgyrda bina edilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, olaryň binagärlik çözgüdi häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmelidir. Olaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Milli Liderimiz täze mekdebiň şekil taslamalarynyň görnüşleriniň birini kesgitläp, bu binalar toplumynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon we beýleki okuw otaglarynyň halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belläp, bu babatda maslahatlaryny berdi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle-de bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny nazara alyp, olary kabul etmegiň düzgünlerini, çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny kesgitlemek, mekdebiň okuw maksatnamasyny talabalaýyk düzmek babatda degerli maslahatlar berildi. Mekdepde ýaşlaryň zehinini ösdürmek maksady bilen, dürli dersleriň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa okuwçylaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, isleýän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz mekdep binasynyň daşynyň haýatynyň göze gelüwli bolmagynyň, onuň reňk sazlaşygynyň üpjün edilmeginiň, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy. Bu ýerde täze mekdebiň daşky haýatynyň ozal berlen tabşyryk esasynda döwrebaplaşdyrylandygy barada habar berildi. “Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy bu bilim ojagyny okuw-usulyýet toplumyna öwrer we onda terbiýelenjek çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, geljekde ýokary hünärli işgärler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik döreder. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna giň ýol açar” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. D.Orazow sözüniň başynda “Arkadag” futbol toparynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, AFK-nyň “Çempionlar ligasy — 2” bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanandygyny habar berdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň ösdürilmegi we türkmen sportunyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Milli Liderimiz täze şäheriň futbol toparynyň mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanyp, türkmen tuguny belentde parlatjakdygyna ynam bildirip, D.Orazowa futbol toparynyň türgenleriniň arasyna baryp, olaryň armasyny ýetirmegi maslahat berdi. Ýeri gelende, “Arkadag” toparynyň ozal AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda milli sportuň, şol sanda futbolyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň aýdyň netijesidir. Iş maslahatynyň dowamynda D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar barada giňişleýin maglumat berdi. Hormatly Arkadagymyz gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini we desgalaryň kesgitlenen möhletinde ulanmaga berilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, öz gezeginde, bu ýere gelip, şäherde alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşýandygy we gymmatly maslahatlaryny berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen mekdebiň hojalyk we dolandyryş işleri boýunça degişli maksatnamany taýýarlamak, bilim ojagynyň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagynda ähmiýeti bolan Düzgünnamany tassyklamak ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Milli Liderimiz täze mekdebiň ýaşlaryň dil öwrenmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm orna mynasyp bolmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde, mekdebiň maliýe serişdelerini dolandyrmak, okuwçylary kabul etmegiň düzgünlerini, mekdebiň okuw maksatnamasyny we ders sapaklarynyň görnüşlerini tassyklamak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, okuwçylaryň zähmete bolan yhlasyny artdyrmak, olaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz okuwçylaryň tertip-düzgüni, ýetişigi, sapaklarynyň özleşdirilişi baradaky maglumatlaryň sanly ulgam arkaly olaryň ene-atalaryna ýetirilmelidigini nygtady. Munuň özi Arkadag şäheriniň “akylly” şäher derejesine kybap gelmeginde ähmiýetlidir. Iş maslahatyna din wekili Ý.Hojagulyýew hem çagyryldy. Ol Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen metjidi tutuş halkymyzdan gelip gowşan teklipler nazara alnyp, “Arkadagyň ruhy metjidi” diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilendigi we onuň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli derejede resmileşdirilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Hajy Arkadagymyz munuň üçin minnetdarlyk bildirip, özüne bildirilen beýik ynam üçin tutuş halkymyza sagbolsun aýtdy we “Allanyň öýi” hasaplanýan nurana metjitde amal boljak haýyr işleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Ý.Hojagulyýew täze metjidiň ýanynda gurulýan medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine kybap gelýändigi barada aýdyp, bu babatda degişli teklibi beýan etdi. Munuň özi bu ýerde öwrediljek ylmyň yslam dünýäsine kybap gelmeginde, ýaşlaryň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmeklerinde ähmiýetli bolar.

Read More

«Arkadag» topary täze ýeňişleri nazarlaýar

Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen futbol topary öňde boljak jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýär. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda ynamly ýeňiş gazandy. Şol bir wagtyň özünde, bu toparyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň we ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň çempiony diýen derejä mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda futbolyň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa türkmen sportunyň dünýä çykmagyna, türkmen türgenleriniň ajaýyp ýeňişleri gazanmagyna giň ýol açýar. Şunda “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda şowly çykyş edýändigini nygtamak zerur. Düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow AFK-nyň “Çempionlar ligasy — 2” bäsleşiginiň toparçalaýyn tapgyrynda ynamly ýeňiş gazanan futbol toparynyň türgenlerini gutlady. Şeýle hem ol toparyň türgenlerine Gahryman Arkadagymyzyň salamyny we armasyny ýetirdi. Türkmen sportunyň belende galmagy ugrunda tagalla edýän toparyň futbolçylary bu habary uly buýsanç duýgulary bilen kabul edip, döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Häzirki döwürde “Arkadag” topary halkara ýaryşlarda şowly çykyş edip, ynamly ýeňişleri gazanýar. Onuň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy halkymyzyň futbolçylara bolan guwanjyny goşalandyrdy. Ýurdumyzyň futbol toparlarynyň arasynda üstünlikli çykyş edýän “Ahal” futbol toparynyň hem Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe bolandygy bu ugurda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň tagallasyndan binýat bolan täze şäheriň futbolçylary üçin niýetlenen stadionda ähli zerur şertler bar. Bu ýerde türgenleşikleri geçirmek we halkara ýaryşlary guramak üçin giň mümkinçilikler döredilen. Şu günler toparyň futbolçylary we tälimçileri öňde boljak halkara ýaryşlara tutanýerli taýýarlyk görýärler. Ýokary derejeli türgenleşikler we döredilen mümkinçilikler futbolçylaryň ýeňşe bolan ynamyny pugtalandyrýar. “Arkadag” toparynyň türgenleri döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, ýokary derejeli şertlerden netijeli peýdalanyp, mundan beýläk-de uly ýeňişleri gazanmak ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistanda Ermenistan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris. Türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk, Ermenistanyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. (TDH)

Read More