Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan milli ylym ulgamyny ösdürmek strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan syýasat, ilkinji nobatda, ulgamyň işini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny wagyz etmek, olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilendir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da ylym we tehnologiýa ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugur islendik ýurduň geljegini hem-de ählumumy ösüşiň depginini kesgitleýän esasy şert hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir üstünligi we belent sepgitleri ylmyň hem-de innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda bu ulgamy ählumumy ösüşiň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, jemgyýetiň intellektual mümkinçiligini artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ugurda türkmen alymlarynyň öňünde milli ylym ulgamyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, tebigy, takyk, durmuş-ynsanperwer ylymlary we tehnologiýalar babatda innowasion işi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly wezipeler durýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazananlaryny wagyz etmek işi hem wajyp ugurlaryň hataryndadyr. Bu ugurdaky işler döwlet we jemgyýetçilik edaralary tarapyndan bilelikde alnyp barlyp, raýatlaryň ylmyň üstünlikleri baradaky bilimlerini artdyrmak, ýaşlary ylmy barlaglara hem-de işläp taýýarlamalara çekmek boýunça çäreleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi möhüm ähmiýete eýedir. Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, bu resminama «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar boýunça meýilnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan taýýarlanyldy. Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti, ilkinji nobatda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän innowasion ösüş we adam maýasyny ösdürmek, jemgyýetiň intellektual derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary ylma çekmek üçin amatly şertleri döretmek, ýaş alymlaryň täze neslini taýýarlamak boýunça syýasy ugur bilen baglanyşyklydyr. Ony işläp taýýarlamagyň hukuk binýady hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş etdi. Maksatnamanyň esasy maksady ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň gazananlaryny jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň arasynda beýan etmek arkaly ylmyň elýeterliligini üpjün etmekden, Hökümetiň bu ugurdaky syýasatynyň mazmunyny düşündirmekden, ýaşlaryň ylmy gözýetimini giňeltmekden, olarda döredijilik başarnyklaryny, gözleg işlerine bolan gyzyklanmany ösdürmekden ybaratdyr. Jemgyýetde ylmyň ornuny berkitmek arkaly ilatyň intellektual derejesini we ylmy dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak; mekdep okuwçylaryny, talyplary ylym bilen meşgullanmaga höweslendirmek; ylmy maglumatlaryň elýeterliligini üpjün etmek; ylmyň we tehnikanyň gazananlary barada bilimleriň dürli görnüşlerini, usullaryny ösdürmek; ýaşlary ylmy we innowasion taslama işlerine işjeň çekmek ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň döwrebap gazananlaryny wagyz etmek, intellektual eýeçiligi goramak ulgamyndaky bilimleri ýaýratmak hem möhüm meýilnamalaryň hatarynda bellenildi. Ylmyň dili, ylmy žurnalistika baradaky bilimleri hem-de amalyýeti ösdürmäge, ylmy gurnaklaryň işini goldamaga, ylym ulgamyndaky täzelikleri çap etmäge aýratyn üns bermek göz öňünde tutulýar. Maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda geçirilýän ylmy barlaglaryň netijeleri baradaky makalalary abraýly daşary ýurt neşirlerinde, maglumat binýatlarynda ýerleşdirmäge, teleradioýaýlymlarda berilýän hem-de ylmyň üstünliklerini beýan edýän gepleşikleri kämilleşdirmäge, ýaşlaryň, alymlaryň intellektual işleri, awtorlyk ylmy-innowasion teklipleri beýan edilýän internet sahypalarynyň sanawyny giňeltmäge, okuwçylardyr talyplaryň alymlar bilen bilelikde ylmy bilimleri wagyz etmek boýunça işlerini goldamaga uly üns berler. Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň ylma goşan goşantlaryny giňden wagyz etmek; emeli aň ulgamyndaky innowasiýalary giňden beýan etmäge ýardam bermek; ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny wagyz etmekde degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek işleri hem derwaýys wezipeleriň hataryndadyr. Maksatnamanyň bölümleriniň biri bu ulgamdaky işleriň häzirki ýagdaýyna bagyşlanypdyr. Resminamada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda işler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary we merkezleri tarapyndan döwlet edaralary, ýokary okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryny, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny göz öňünde tutup, türkmen halkynyň milli mirasyny, dilini, edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge, dünýäde wagyz etmäge we olary geljek nesillere geçirmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halk köpçüligi üçin ylmyň manysyny elýeterli görnüşde düşündirmek bilen bagly giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek işinde metbugat we sanly ylmy-köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telewideniýäniň, radionyň mümkinçilikleri işjeň peýdalanylýar. Ylmy maslahatlar, alymlar bilen duşuşyklar, sergiler geçirilýär. Ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ylmy-tehniki ösüşe, ylmyň, tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli ýaýlyma berilýär. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän forumlaryň çäklerinde Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işler beýan edilýär, ylmy neşirleriň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň sergileri guralýar. Döwürleýin metbugatyň sahypalarynda ylmy kämilleşdirmäge gönükdirilen milli özgertmeleriň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini açyp görkezýän makalalar, ylmy barlaglar, ornaşdyrylýan innowasiýalar, täze oýlap tapyşlar barada gürrüň berýän makalalar çap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň neşirleriniň, aýratyn-da, «Türkmenistanda ylym we tehnika» ylmy-nazary žurnalynyň, «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» hem-de «Türkmenistanda innowasion tehnologiýalar» ylmy-amaly elektron žurnallarynyň ornuny bellemek gerek. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň köpüsiniň ylmy elektron neşirleri bar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Filologiýanyň meseleleri», Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasion ykdysadyýet we maliýe», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar», Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynda «Çölleri özleşdirmegiň meseleleri» žurnallary neşir edilýär. Olaryň sahypalarynda professorlaryň we mugallymlaryň çykyşlary, geçirilýän ylmy maslahatlar, çäreler, bäsleşikler baradaky makalalar yzygiderli çap edilýär. Ylym-bilim edaralarynyň internet portallary ylym, tehnologiýalar, innowasiýalar baradaky maglumatlary alyşmak we ýaýratmak, alymlaryň, aspirantlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň ylmy barlaglarynyň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, hünär ugruny kesgitlemek üçin mümkinçilik döredýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda bu ugurdaky gazanylanlar, ylmy-jemgyýetçilik ähmiýetli iri çäreler beýan edilýär. Bilim ministrliginiň saýtynda ýokary okuw mekdepleriniň işi baradaky maglumatlar bilen bir hatarda, ylmy işler, ýaş alymlaryň taslamalary, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň halkara olimpiadalardaky üstünlikleri, ylmy-pedagogik, ylmy-usuly tejribe barada habarlar ýerleşdirilýär. Şeýle makalalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň saýtynda hem çap edilýär. Soňky ýyllarda halkara ylmy žurnallarda türkmen alymlarynyň düýpli, amaly, nazary işläp taýýarlamalary baradaky makalalarynyň sanynyň artandygyny nygtamak gerek. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň ylmy