Geçen hepde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nobatdaky tapgyry bilen tapawutlandy. Parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary, ýurdumyzy ösdürmek boýunça ulgamlaýyn işleri, ekologiýa diplomatiýasyny we sporty işjeň ilerletmegi özünde jemlän geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugruny aýdyň görkezdi. 12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazaryň özboluşly ekoulgamyny goramak üçin hukuk binýady bolup hyzmat edýän Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň güýje girmegi bilen, her ýyl bellenilýän Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreler geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda deňiz gurşawyny aýawly saklamaga hem-de dikeltmäge gönükdirilen bu möhüm halkara resminamanyň güýje girmegine 20 ýyl doldy. «Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak: sebit hyzmatdaşlygy we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly maslahat Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň esasysy boldy. Oňa ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ugurdaş düzümleriň, ylmy edaralaryň hünärmenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik dürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün etmekde “Hazar” döwlet goraghanasynyň ähmiýetine we Hazar ylmy hyzmatdaşlygyny döretmek baradaky tekliplere ünsi çekdiler. Şeýle-de çykyşlarda Hazar sebitinde söwda-ykdysady, ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajyplygy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde, ekologik abadançylygy üpjün etmekde ýaşlaryň orny aýratyn bellenildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hazar deňziniň güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary, hususan-da, Hazar sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan maslahata gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli garşylady. Soňra Milli Liderimiz Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň “Islim-Çeşme” serhetýaka zolagyna geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden dost-doganlyk Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi türkmen-owgan hoşniýetli goňşuçylygynyň nyşany hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň belleýşi ýaly, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. TOPH taslamasy bilen baglanyşykly işleri has-da ilerletmek maksady bilen, iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bilelikdäki guraly döretmegiň zerurdygy bellenildi. Mundan başga-da, Abdul Gani Baradar Owganystanyň gaz pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şeýle-de ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri, işewürlik maslahatlaryny yzygiderli esasda geçirmegiň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýyşlary üçin Türkmenistana hoşallygyny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz görkezilen myhmansöýerlik üçin öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki gepleşikleriň netijeleriniň iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ikiçäk düzümde geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, ulag infrastrukturasy, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we bu ugurda möhüm wezipeleriň bardygyny belledi. Türkmenistan hem-de Owganystan hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarlar. Halkara ähmiýetli düýpli infrastruktura taslamalary amala aşyrylýan gaz pudagy özara gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň ähmiýeti bellenildi. Bu taslama sanly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, elektron maglumat aragatnaşygyny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň tebigy gazyny, elektrik energiýasyny Owganystana ibermegi bilen, bu welaýatda uly senagat zolagyny özleşdirmek işleriniň kuwwatyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleriň açylýandygy aýdyldy. Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmeginde, goňşy ýurtda abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orna eýedir. Duşuşykda yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini, awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, “Bir penjire” ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip edipdi. Duşuşykda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bilim alýan owganystanly talyplaryň sanyny artdyrmak, dürli ugurlar, esasan-da, TOPH taslamasynda, gaz ulgamynda öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek meselelerine seredildi. Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk