Täze taryhy döwrüň bedew batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar Aşgabat, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren taryhy pursatlar bolup geçdi. Köpetdagyň eteginiň gözel künjegindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz gatnaşdylar. Bu bolsa häzirki döwrüň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Daňdanyň tämiz çagynda dag etekleriniň gözelligi Aşgabadyň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we täzeçil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynda çekilen nurana ýollar türkmen halkynyň bagtyýar geljegine uzaýan menzilleri alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň berkararlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülen nurana ýol bilen gidip barşyna ady rowaýata öwrülen we Döwlet tugrasynda mynasyp orun alan bedewiň hormatyna gurlan “Ýanardag” binasynyň deňinden geçdi. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygyna bildirilýän hormatyň güwäsine öwrüldi. Täzeden gurlan bu ýoluň gurluş aýratynlyklary, onuň her bir tapgyrynyň gurluşygynyň halkara görkezijilere laýyk derejede ýerine ýetirilmegi we aýlawly ýoluň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy ýurdumyzda sogap iş hasaplanylýan ýol gurluşygyna häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp çemeleşilýändigini görkezýär. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz atyň taýçanaklykdan belent başly bedewe öwrülen şekilini janlandyrýan “Atly aýlaw” halkalaýyn ýolunyň daşyndan öwrüm etdi. Doly döwrebaplaşdyrylan ýolunyň ugrunda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew şekiliniň ýerleşdirilmegi ynsan gylykly atlaryň köp asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýakyn syrdaşyna öwrülendigini görkezýär. Bu ýerde oturdylan bedewiň heýkeliniň ak reňkde bolmagy türkmen halkynyň “Ak zat alnyňa ýagşy” diýen paýhasly jümlesine gabat gelýär. Bedewiň ýüzüniň ilerik bolmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň ilerleýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Soňra Milli Liderimiz ýoluny dowam edip, düýpli döwrebaplaşdyrylan, täzeden gurlan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Toplumyň çäginde Gahryman Arkadagymyzy bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, hormatly atşynaslar we köp sanly myhmanlar mähirli garşyladylar. Şanly wakanyň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dünýä derejesinde uly şöhrat gazanan we ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň çykyşlarynyň aýdym-sazlaryň ýakymly owazlary bilen utgaşmagy bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Soňra bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalary esasynda yşyklandyrylan şüweleň kompozisiýasy görkezildi. Munuň özi dabaranyň has täsirli we ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen, bu gün asmandan nur ýagdy. Nuruň ýagmagy bolsa berekediň, agzybirligiň, abadançylygyň nyşany bolup, behişdi bedewleriň hormatyna guralýan toýuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şüweleň tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz münbere geçip, dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýändigini aýdyp, bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. «Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlarynyň hereket edýändigini belläp, Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hem-de 600 orunlyk athana toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bolsa dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleriniň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini aýtdy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär”. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin almanyň hem-de käşiriň ösdürilip ýetişdirilýändigini, bu ýerde ekilen Babarap almasynyň gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýandygyny belledi. “Ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümleriň we barlaghanalaryň hereket edýändigine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz olaryň her birinde atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belledi. Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär. Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežleriň hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançanyň döwrebap derejede gurlandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýanyň hem enjamlaşdyrylandygyny, onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşleriň atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrjakdygyny aýtdy. Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Topluma gelýän ýol, şeýle-de onuň yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. «Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de,

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün biz Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumyny dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berýäris. Bu günki taryhy waka — Ahalteke atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly dabara gatnaşyjylar! «Behişdi bedewler» diýlip atlandyrylan ahalteke atlarymyz hemişe ata-babalarymyzyň ýakyn syrdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, ösüşiň we abadançylygyň nyşany hasaplanýar. Dünýäde uly meşhurlyk gazanan ahalteke atlarynyň asyl mekanynda atçylyk pudagyny ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ahalteke atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Ahalteke bedewleriniň ilkinji dörän gadymy hem-de keramatly topragynda bina bolan Arkadag şäherimizde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, «At — myrat» okuw merkezi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem-de 600 orunlyk athana toplumy açylyp ulanmaga berildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejeli bäsleşiklerde gazanýan uly üstünlikleri halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly adamlar! Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy ýylyň ähli paslynda atlar üçin ýakymly howa gurşawyna eýedir. Bu künjekde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmak üçin tebigy mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Häzirki zaman toplumynyň bezeg işlerinde bedewleriň şekilleri öz beýanyny tapýar. Gurluşyk we binagärlik babatda ýerine ýetirilen işler bu ýeriň tebigaty bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Görşüňiz ýaly, bu ýerde atlaryň sagdyn iýmitlenmegi üçin alma hem-de käşir ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde ekilen Babarap almasy gadymy döwürden bäri atlaryň sagdynlygy üçin esasy iýmit bolup durýar. Bilşiňiz ýaly, ahalteke bedewleri käşiri örän gowy görýär. Şonuň üçin bu ýerde käşiriň atlar üçin ýörite görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýörite meýdanda toplumyň bedewlerine niýetlenen ýorunja hem ösdürilip ýetişdirilýär. Weterinariýa ylmynyň tassyklamagyna görä, alma, käşir, arpa we ýorunja hem-de ýorunja bedesi atlar üçin ýokumly bolan serişdelere örän baýdyr. Bu ýerde ot-iým saklamaga niýetlenen ammarlaryň bolmagy atlaryň ýylyň dowamynda bol iýmitini üpjün eder. Şeýle hem toplumyň çäginde häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bölümler, barlaghanalar hereket edýär. Olarda atlaryň tohumçylyk işini, saglyk ýagdaýyny, beden gurluşyny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur şertler bar. Hormatly dabara gatnaşyjylar! Toplumyň esasy we dolandyryş binalary ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edildi. Dolandyryş binasynda sanly ulgam arkaly atlaryň saklanyşy, iýmitlenişi, şeýle hem näçe wagt ukuda, näçe wagt aýak üstünde durandygy bilen tanşyp bolýar. Döwrebap toplumda seýisler hem-de atbakarlar üçin hem ähli amatlyklar döredildi. Toplumyň esasy girelgesindäki atly ýigidiň heýkeli, şeýle-de toplumyň merkezi künjeginde gurlan özboluşly heýkel ahalteke bedewleriniň ýeňişli ýollarynyň alyslara uzaýandygyny görkezýär. Atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežler hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdança döwrebap derejede guruldy. Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýa hem enjamlaşdyryldy. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrar. Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär. Topluma gelýän ýol, şeýle-de yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Hormatly adamlar! Biz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini bedew bady bilen baglanyşdyrýarys. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ulanmaga berilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Bu toplumyň şu gün dabaraly açylmagy 2026-njy ýylyň şygaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny has-da şöhratlandyrýar. Türkmen halkynyň «At — myrat», «At agynan ýerde toý bolar» diýen nakyllary bar. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp toplumda dabaraly toýlar tutulyp, at çapdyrylar, ýaryşlar geçiriler. Halkymyzyň bedewlere goýýan hormat-sarpasy bu toplumda geçiriljek dabaralarda has-da belende göteriler. «Aty baryň — ganaty bar» diýlişi ýaly, täze toplum biziň belent maksatlara ýetmegimize ganat berer. Hormatly dabara gatnaşyjylar! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan behişdi bedewleriň mekanydyr. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli buýsanjydyr. Ahalteke bedewleri owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen dünýäni haýran galdyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: At gazanar goç ýigidiň,Owwal bedew aty gerek — diýýär. Ahalteke bedewleriniň waspy söz ýeterden aňyrdadyr, «asman atlary» diýlip atlandyrylan behişdi bedewleriň taryhy halkymyzyň şöhratly taryhy bilen utgaşyklydyr. Gadymy döwürlerde pederlerimiz sarsmaz döwletleri, synmaz şäherleri gurupdyrlar. Ähli döwürlerde-de ahalteke bedewleri halkymyzyň ýakyn syrdaşyna öwrülipdir. Gadymy Merwde, ýagny Maru — şahu jahanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan maglumatlardan belli bolşy ýaly, türkmen atlarynyň bäş müň ýyldan gowrak taryhy bar. Munuň özi türkmen halkynyň öz işine ussat seýisleriniň, atşynaslarynyň yhlasyndan dörän milli gymmatlykdyr. Türkmen topragynyň dürli künjeklerinde gurlan kerwensaraýlar bu ýerleriň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň merkezine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda türkmen halkynyň we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty döwrüň ruhuna kybap derejede täzeden dikeldilýär, ösdürilýär. Şunda her birimiziň goşandymyzyň bolmagy haýyr işlere dahylly bolmakdyr. Bedewleriň iri ýaryşlardaky ýeňşi Watanyň şöhratydyr, halkyň abraýydyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, ýaryşlarda atlarymyz ozsun! Watanymyzyň buýsanjy bolan ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty hemişe belentde bolsun! Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, uly rowaçlyklary arzuw edýärin. Hormatly adamlar! Men öz çykyşymy bedew hakyndaky şu goşgy setirlerim bilen jemlemek isleýärin: Ýerde ýörän, gökde uçan tagtym sen,Syrdaşym sen, myradym sen, bagtym sen,Ýüregimde ebedilik aýdym sen,Waspyň sena boldy dillere, bedew!

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de edara-kärhanalaryň wekilleri, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary tüýs ýürekden gutlaýarlar. Gutlaglarda, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, durmuş-ykdysady ösüşiň depginleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artdyrylmagyna gönükdirilen oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere ýetendigi hem-de Watanymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ägirt uly üstünlikleri gazanandygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, G.Myradalyýew, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler. Hormatly Prezidentimizi saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy B.Amanow, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa gutladylar. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy D.Seýidow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, “Türkmen-türk” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow mähirli gutlaglaryny iberdiler. Döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili W.Maýko, Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň ýanyndaky Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň başlygy Sefa Gömdeniz, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Sun Weýdun, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naser bin Ahmed Al Taher, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir, Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan gutladylar. Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Baýramow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly G.Ataýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly Ö.Jumanazarow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew we beýlekiler gutladylar. (TDH)

Read More

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Siziň ýurduňyza we halkyňyza mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. ABDULLA II,Iordaniýanyň Patyşasy. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Bahreýn Patyşalygynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin. Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Hamad bin Isa AL HALIFA,Bahreýniň Patyşasy. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn. Size we Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk arzuw edýärin. Petr PAWEL,Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Latwiýanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! Latwiýa Türkmenistan bilen dostlukly we oňyn gatnaşyklara ýokary baha berýär. Men ýurtlarymyzyň arasyndaky açyk we netijeli dialoga kanagatlanma bildirýärin hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda barha ösýän gatnaşyklar sebitlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara baglanyşygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek boýunça bilelikde işleşmäge taýýardyrys. Latwiýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, şeýle hem ýurduňyza parahatçylyk, gülläp ösüş we durnuklylyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň! Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Edgar RINKEWIÇ,Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Ramçandra PAUDEL,Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Rumyniýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn. Söwda, energetika, ulag-logistika, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky köpýyllyk gatnaşyklar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýady döretdi. Şunuň bilen birlikde, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltjekdigimize ynanýaryn. Hormatly jenap Prezident, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Nikuşor DAN,Rumyniýanyň Prezidenti. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyza we türkmen halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Aleksandr STUBB,Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we ýurduňyzyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, abadançylyk hem-de berk jan saglyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. FILIPP,Belgiýanyň Patyşasy. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem ýurduňyzyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Bruneý Darussalam bilen Türkmenistan özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan mähirli we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam edýärler. Men bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn tagallalarymyz netijesinde geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn. Şeýle hem hyzmatdaşlygymyz köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk dileýärin. Haji Hassanal BOLKIAH,Bruneý Darussalam Döwletiniň Soltany. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Mongol halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de dostlukly türkmen halkyny milli baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biziň amala aşyran özara döwlet saparlarymyzyň Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarandygyny, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berendigini aýratyn kanagatlanma bilen nygtaýaryn. Hormatly jenap Prezident, ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň hem-de ýurtlarymyzyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň bähbidine Siziň bilen ýakyndan işleşmäge tüýs ýürekden şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Uhnaagiýn HURELSUH,Mongoliýanyň Prezidenti. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin. Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Iýun aýynda Aşgabada amala aşyran saparymy we Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça geçirilen netijeli gepleşikleri ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegi we özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlarda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin bilelikde kesgitlän mümkinçiliklerimiz meni aýratyn ruhlandyrýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmak üçin Siziň Alyhezretiňiz bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge umyt edýärin. Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk, ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Anwar IBRAHIM,Malaýziýanyň Premýer-ministri. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Kambojanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Köp ýyllaryň dowamynda biziň ýurtlarymyzy birek-birege hormat goýmaga hem-de parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek işine ygrarlylygymyza esaslanýan berk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözlemäge, şeýle hem sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmäge bilelikde goşant goşmaga çalyşýaryn. Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin. Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Hun MANET,Kambojanyň Premýer-ministri. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Ýurduňyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry) Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary!Gadyrly myhmanlar! Ýurdumyzyň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisini geçirýäris. Mejlisiň dowamynda birnäçe soraglara seredip geçeris. Şeýle hem ahalteke atçylygyny ösdürmekde uly işleri alyp baran assosiasiýanyň agzalaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakarys. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň gymmatly we naýbaşy mirasydyr. Biziň ata-babalarymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň tohum arassalygyny gorap saklamaga uly üns beripdirler. Bu bedewler öz gözelligi we çalasynlygy, şeýle hem adama bolan wepalylygy bilen tapawutlanypdyr. Häzirki wagtda ahalteke bedewlerine aýratyn belent sarpa goýulýar. Ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda atçylyk pudagynyň berk binýady döredildi. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça birnäçe çäreler geçirildi. Ahalteke tohum atlaryny gorap saklamakda we baş sanyny köpeltmekde, behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bu gün abraýly halkara gurama öwrüldi. Häzirki döwürde bu assosiasiýanyň ýurdumyzdan we dünýäniň 40-a golaý döwletinden 213 agzasy bar. Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. 29-njy sentýabrda bolsa siz bilen Köpetdagyň eteginde durky döwrebaplaşdyrylan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşarys. Biz geljekde hem ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis.

Read More