Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Pakistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Bu şanly gün Siziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň soňky ýyllarda hem-de şu ýylyň dowamynda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň subutnamasy bolup durýar. Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar biziň dini, medeni hem-de taryhy umumylygymyza esaslanýar. Men 2025-nji ýylyň dekabr aýynda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Saparyň dowamynda Siziň Alyhezretiňiz bilen ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, söwda, maýa goýumlar, energetika hem-de sebit gatnaşyklaryny ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly örän netijeli gepleşikleri geçirdik. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda hem biziň halklarymyzyň bähbidine Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin. Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Muhammad Şahbaz ŞARIF,Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Owganystanyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin. Owganystan ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryna hemişe uly ähmiýet berýär. Soňky bäş ýylyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ulgamlarda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändiginiň we giňeldilýändiginiň şaýady bolýandygymyza buýsanýaryn. Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we abadançylyk dileg edýärin. Alhaj Molla Mohammad Hasan AHUND,Owganystanyň Premýer-ministri.

Read More

Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine köpugurly gatnaşyklary giňeldýär

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan giň ge­rim­li hyz­mat­daş­lyk stra­te­gi­ýa­sy­ny hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär hem-de se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de ynam­ly, jo­gap­kär­li hyz­mat­daş hök­mün­de öz ab­ra­ýy­ny bar­ha art­dyr­ýar. Ge­çen hep­de hem döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy we ru­hy ösü­şi­niň dür­li ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe mö­hüm da­şa­ry hem-de içe­ri sy­ýa­sy wa­ka­lar bi­len ta­pa­wut­lan­dy. 5-nji okt­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şä­he­ri­ne iş sa­pa­ry­ny amala aşy­ryp, tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy we de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Arkadagyň ru­hy met­ji­di­niň gur­lu­şy­gy­na we be­zeg iş­le­ri­ne, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len mek­de­biň hem-de ça­ga­lar ba­gy­nyň synp otag­la­ry­nyň, luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň döw­re­bap en­jam­lar bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, onuň çä­gi­ni ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mä­ge, şeý­le hem ozal ber­len mas­la­hat­la­ra la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan sport top­lum­la­ry­nyň di­zaýn taslamalaryna aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, «akyl­ly» şä­her kon­sep­si­ýa­sy esa­syn­da bi­na edi­len tä­ze şä­he­riň öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa de­re­je­si we ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri, şä­he­riň yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na mah­sus de­re­je­de bol­ma­ly­dyr. Şeý­le hem tä­ze şä­he­riň tö­we­re­gin­dä­ki bag­lyk­la­ryň meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek we mi­we­li bag­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni kö­pelt­mek bel­le­nil­di. Arkadag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň hü­när baý­ra­my my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra hem-de beý­le­ki uly baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne, hu­su­san-da, tä­ze jaý­la­ryň eýe­le­ri­ne аçar­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry­na ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­li­di­gi bel­le­nil­di. Ha­ty­ra gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da amala aşy­ry­lan sa­pa­ryň do­wa­myn­da ha­jy Arkadagymyz Arkadagyň ru­hy met­ji­di­ni, sa­da­ka be­ril­ýän bi­na­ny we gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýän med­re­sä­ni göz­den ge­çir­di hem-de ola­ryň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­ny we be­zeg iş­le­ri­ni ys­lam di­ni­niň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Arkadagyň ru­hy met­ji­di­niň baş yma­my öten-ge­çen­le­ri­mi­ziň ru­hu­nyň şat, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň ber­ka­rar, ha­jy Arkadagymyzyň we Arkadagly ha­jy Serdarymyzyň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak bol­ma­gy­ny, be­ýik mak­sat­la­ry na­zar­la­ýan ýag­şy iş­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni Be­ýik Bi­ri­bar­dan di­leg et­di. 6-njy okt­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paý­tag­tymyzda­ky «Halk ha­ky­da­sy» ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­myn­da ge­çi­ri­len gül goý­mak ha­ty­ra çä­re­si­ne gat­naş­dy. 1948-nji ýy­lyň Aş­ga­bat ýer­tit­re­me­sin­de gur­ban bo­lan­la­ryň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ni ha­ty­ra­lap, şeý­le hem Wa­tan go­ra­gyn­da sö­weş meý­dan­la­ryn­da we­pat bo­lan gahrymanlary ýat­lap, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Ru­hy tag­zym», «Mil­le­tiň ogul­la­ry», «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne gül çe­men­le­ri­ni goý­dy. Ha­ty­ra çä­re­le­ri, paý­tag­ty­myz­da bol­şy ýa­ly, Arkadag şä­he­rin­de hem-de ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da ge­çi­ril­di. We­pat bo­lan­la­ryň ru­hu­na aýat-tö­wir­ler oka­lyp, sa­da­ka­lar be­ril­di. 6-njy okt­ýabr­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na bar­dy we ol ýer­de «Pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak­da we dur­nuk­ly ösü­şe ýet­mek­de ze­nan­la­ryň or­ny» at­ly hal­ka­ra ze­nan­lar dia­lo­gy­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Fe­de­ral Ýyg­na­gy­nyň Fe­de­ra­si­ýa Ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy Wa­len­ti­na Mat­wi­ýen­ko­ny mä­hir­li gar­şy­la­dy. Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar dür­li ugur­lar bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly ös­dü­ril­ýär. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz BMG-niň, GDA-nyň we beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňeld­ýär­ler. Şeý­le hem ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça ga­za­nyl­ýan yla­la­şyk­lar öza­ra bäh­bit­li esas­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ta­rap­lar Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky iri hal­ka­ra çä­re­le­riň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler. 7-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Prezidenti Wla­di­mir Pu­ti­ni dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we oňa berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we aba­dan­çy­lyk, Rus­si­ýa­nyň hal­ky­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan döw­let iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy giň ugur­lar bo­ýun­ça, şeý­le hem BMG we GDA ýa­ly hal­ka­ra guramalaryň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şeý­le hem hor­mat­ly Prezidentimiz GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne we Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti­ne gat­naş­jak­dyk­la­ry­ny bel­läp, öň­de bol­jak du­şu­şyk­la­ryň GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­de ne­ti­je­li dia­lo­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ne hem-de Ha­zar se­bi­ti­niň eko­lo­gi­ýa dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge uly go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Ge­çen hep­dä­niň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da üç gün­läp do­wam eden hem-de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň gi­ňiş­li­gin­de hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li ugur­la­ry­na hil taý­dan tä­ze iter­gi be­ren hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­ler bol­dy. 7-nji okt­ýabr­da bu ýer­de GDA ýurt­la­ry­nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ab­raý­ly dü­züm­le­ri­niň uzak möh­let­li ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni gör­ke­zen «Pa­ra­hat­çy­ly­gy sak­la­mak­da we dur­nuk­ly ösü­şe ýet­mek­de ze­nan­la­ryň or­ny» at­ly hal­ka­ra ze­nan­lar dia­lo­gy ge­çi­ril­di. Bu giň ge­rim­li çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň, GDA ag­za ýurt­la­ryň, Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­ment­le­ri­niň, BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol we şä­her gur­lu­şy­gy mi­nist­ri gat­naş­dy­lar. Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar BMG-niň Howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň «Ze­nan­lar, pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk» gün ter­ti­bi bo­ýun­ça Kararnamalaryny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­di­ler. Çy­kyş­lar­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem-de hal­ka­ra dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge ze­nan­la­ryň iş­jeň gat­naş­ma­gy­nyň se­bit­de uzak möh­let­le­ýin dur­nuk­ly­ly­ga we dur­muş-yk­dy­sa­dy iş­le­re gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­na ag­za ýurt­la­ryň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ge­ňe­şi­niň mej­li­si öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne sel­jer­me ber­mek we ony mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek üçin mö­hüm meý­dan­ça bo­lup hyz­mat et­di. Onuň jem­le­ri bo­ýun­ça bir­nä­çe resminamalara gol çe­kil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hem-de Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri S.Law­row we M.Ry­žen­kow bi­len du­şu­şyk­la­ry­nyň do­wa­myn­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp ugur­la­ry 2027-2028-nji ýyl­lar üçin hyz­mat­daş­lyk Maksatnamalarynda öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Awa­za­nyň gep­le­şik­ler meý­dan­ça­la­ryn­da öňe sür­len tek­lip­ler GDA ag­za döw­let­le­riň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Öň­de du­ran bi­le­lik­dä­ki iş­le­riň ge­ri­mi öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň giň ugur­la­ry­ny — azyk howp­suz­ly­gyn­dan we suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak­dan baş­lap, de­mog­ra­fik amallary uzak möh­let­le­ýin dur­muş-yk­dy­sa­dy meýilnamalara ut­gaş­dyr­ma­ga hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga çen­li ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar. «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len GDA ag­za ýurt­la­ryň döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik te­le­ra­dio­ýaý­lym­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Döw­le­ta­ra mag­lu­mat pu­lu­nyň ad­mi­nist­ra­tiw ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny, ola­ryň ta­ry­hy­ny, milli däp-des­sur­la­ry­ny we hä­zir­ki za­ma­nyň ga­za­nan­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýän mag­lu­mat we me­de­ni maz­mu­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki işiň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. 8-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we bu se­bit dia­lo­gy­na il­kin­ji ge­zek res­mi taý­dan gat­na­şan Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy ýo­ka­ry de­re­je­li çä­re­le­riň do­wa­my bol­dy. Sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-lo­gis­ti­ka we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri du­şu­şy­gyň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Se­bi­tiň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga ug­ruk­dy­ry­lan bir­nä­çe stra­te­gik baş­lan­gyç­lar be­ýan edil­di. Du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma, şeý­le hem Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň ka­da­laş­dy­ry­jy resminamalary ha­kyn­da çöz­gü­de gol çe­kil­di. Şol gün hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len ge­len Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Er­me­nis­ta­nyň Baş­tu­tan­la­ry, şeý­le hem GDA-nyň Baş sek­re­ta­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di. Hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­gyň do­wa­myn­da Mer­ke­zi Azi­ýa we Azer­baý­jan halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de gül­läp ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len

Read More

Resmi habarlar

Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň Ka­ra­ry bi­len, Ta­wus Meý­li­sow­na Ama­no­wa Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. * * * Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň Ka­ra­ry bi­len, Gy­zyl­gül Ber­ke­li­ýew­na Ýol­ly­ýe­wa Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň bi­lim, me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş we sport bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­ni­lip, ol Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Kö­pet­dag et­ra­by­nyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. (TDH)

Read More

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňiz! Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň hal­ka­ra sek­re­ta­ria­ty­nyň adyn­dan hem-de hut öz adym­dan Si­ze we do­gan­lyk türk­men hal­ky­na Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­my be­ýan ed­ýä­rin. Bu ta­ry­hy gün türk­men hal­ky­nyň je­bis­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Si­ziň baş­tu­tan­ly­gy­ňyz­da Türk­me­nis­tan milli ösüş gün ter­ti­bi­ni iler­let­me­gi, se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge go­şant goş­ma­gy­ny do­wam edip, tür­ki dün­ýä­­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär hem-de raý­daş­lyk gör­kez­ýär. Şu müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk we asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry­ňyz­da üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa mun­dan beý­läk-de pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­rin. Tüýs ýü­rek­den hor­mat­la­mak bi­len, Ra­mil HA­SAN,Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry.

Read More