2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen şu ýylyň sentýabr aýy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň oňyn daşary syýasy ugrunyň üstünliklerine hem-de öňdengörüjiligine şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy meseleleriň esasy wezipeleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, bu ugurda tagallalary birleşdirmek boýunça anyk teklipleri öňe sürüp, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyp guralan ýokary derejeli foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Bitaraplygyň dostlary toparynyň bu mowzuk boýunça eýeleýän ornuny beýan etdi. Çykyşda parahatçylyk medeniýeti bilen Bitaraplyk syýasatynyň özara ýakyn arabaglanyşygynyň türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalarda öz beýanyny tapandygy bellenildi. Öňüni alyş diplomatiýasyna, parahatçylyk gepleşiklerine, şeýle-de parahatçylygy berkitmek bilen bagly beýleki işlere zenanlaryň gatnaşmagyny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy BMG-niň çäginde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini, öňüni alyş diplomatiýasyny hem-de halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gural hökmünde bitaraplygyň mümkinçiliklerini öňe sürmek boýunça ýurdumyzyň yzygiderli alyp barýan işleriniň dowamydyr. 11-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki maksatnamalary we başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Geçen aýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we kesgitlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy we Suw diplomatiýasy boýunça sebit okuw maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamany döretmek baradaky teklip 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň Ylmy-maglumat merkeziniň, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň, Halkara Suw serişdelerini dolandyrmak institutynyň, ÝUNESKO-nyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden mejlisiň barşynda Aral deňziniň sebitinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-niň Ýörite maksatnamasyny ösdürmek ugrundaky ileri tutýan garaýyşlary duşuşygyň möhüm bölegi boldy. Şeýle hem sebitiň döwletleriniň bu ugurda özara hereket etmäge degişli pikirleri beýan edildi. Ikinji sebitara duşuşygyň netijeleri boýunça “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” mundan beýläk-de ilerletmegiň formaty boýunça gatnaşyjy döwletleriň Jemleýji syny kabul edildi. Ýewropa döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji sentýabrda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda türkmen-niderland gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bellenildi. Taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem işewür toparlaryň ugry boýunça özara hereketleri giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljeginiň uludygy nygtaldy. Limburg welaýatynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde bellenildi. Nygtalyşy ýaly, atçylyk däplerine bolan umumy gyzyklanma Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Sebitara hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyz Hazar deňzi boýunça gatnaşyklara degişli esasy meseleleriň çözülmegine jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, 7 — 18-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji halkara okuw maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Hazar deňzi instituty we Halkara umman instituty bilen bilelikde gurady. Sebitdäki özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ugurdaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu okuw maslahatynyň maksatnamasy ýurdumyzda 2013-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär we Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň wekillerini bir ýere jemleýär. Onuň çäklerinde halkara deňiz hukugy, şeýle-de Hazaryň ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy. 9-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Fransiýa Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand bilen geçiren duşuşygynda taraplaryň däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy. Sentýabr aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunda yzygiderli dialogy saklamagyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Merkezi Aziýa döwletlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri sentýabr aýynda geçirilen bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmalaryň dowamynda sebitdäki özara hereketleri işjeňleşdirmek we bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin «C5+1» guralynyň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamy hem bu agzalan formatdaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Bu mowzuk 15-16-njy sentýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň we hünärmenler bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «C5+1: ynamdar emeli aň we sanlylaşdyrma» atly okuw maslahatynyň gün tertibine girizildi. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, emeli aňy ösdürmek, kiberhowpsuzlygy we sanly infrastrukturanyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça pikir alşyldy. 10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirip, onuň barşynda ýurdumyzyň 2026-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle hem Arkalaşygyň formatynda ýokary we iň ýokary derejedäki çäreleriň

Read More