Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, işgärleriň hünär kämilligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň harby gullukçylary iň täze tehnikalara ussatlyk bilen erk etmek, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Olar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly harby ýörişlere gatnaşyp, Watanymyzyň goranyş kuwwatyny, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, başarjaňlygyny görkezýärler. …Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra bu ýerde harby gullukçylar edebi-sazly kompozisiýany hem-de eziz Watanymyzy wasp edýän buýsançly aýdymy ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda täze binalar we desgalar toplumynyň toý bagyny kesdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, esger ýatakhanalaryndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda harby gullukçylar üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulypdyr. Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar we desgalar toplumynyň dolandyryş binasyna bardy. Bu ýerde harby gullukçy hormatly Prezidentimizi Ýaragly Güýçlerimiziň düzümindäki döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de olaryň häzirki zaman aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere we harby-guramaçylyk talaplaryna doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň we onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, olar döwrebap tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär, ylmy esasda geçirilýän okuwlaryň netijesinde Watan goragçylarynyň hünär ussatlygy ýokarlanýar. Harby gullukçylary taýýarlamakda diňe bir olaryň söweşjeň endiklerine däl, eýsem, terbiýeçilik-watançylyk işine, söweşjeň tälimine hem-de bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Harby gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdikleri barada kasam etdi. Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Hormat ýazgylar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan nepis türkmen halysy sowgat gowşuryldy. Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň lukmançylyk nokadynda döredilen şertler bilen tanyşdy. Lukmançylyk nokady iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Munuň özi saglygy goraýşyň halkara standartlaryna doly laýyk gelmek bilen, harby gullukçylaryň saglygyny berkitmekde we gorap saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy esgerler ýatakhanasyna bardy hem-de bu ýerde esgerleriň ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Esgerler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy, gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde harby gullukçylaryň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. Ýatakhananyň içinde gündelik lybaslary we sport eginbaşlaryny, okuw esbaplaryny hem-de arassaçylyk serişdelerini saklamak üçin niýetlenilen döwrebap tekjeler ýerleşdirilipdir. Şeýle hem ýatakhanada harby gullukçylar üçin durmuş taýdan hyzmat ediş otagy, harby lybaslary hem-de beýleki goşlary saklamaga niýetlenen otag bar. Bu lybaslaryň we harby gullukçylar üçin niýetlenen serişdeleriň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Otaglarda döwrebap ýyladyş we sowadyş ulgamlary, ýokary hilli mebeller we abzallar ornaşdyrylypdyr. Olarda döredilen şertler häzirki döwrüň talabyna doly laýyk gelýär. Durmuş taýdan hyzmat ediş otaglary degişli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Harby gullukçylaryň ygtyýarynda “Galkynyş” otagy hem bar. Bu bolsa olaryň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur watansöýüjilige ýugrulan eserleriniň ýerleşdirilmegi esgerleriň watançylyk ruhuny belende göterýär. Soňra hormatly Prezidentimiz esgerler naharhanasyna bardy. Bu ýerde harby gullukçylar döwlet Baştutanymyzy naharhananyň döwrebap mümkinçilikleri, azyk önümlerini saklamak we datly tagamlary taýýarlamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar. Esgerler naharhanasynda ýokumly tagamlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, harby gullukçylaryň talabalaýyk naharlanmagy, düzgün-tertibiň berjaý edilmegi üçin zerur şertler üpjün edilipdir. Naharhana häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmek bilen, bu ýerde nahar taýýarlamak hem-de azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhana häzirki zaman sowadyş we ýyladyş ulgamlary hem-de nahar taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän zerur tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Naharhanada milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylýar hem-de olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şunda aşpezleriň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby esasy gollanma öwrendiklerini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde gulluk edýän harby gullukçylara hem sag-aman gulluk etmeklerini we üstünlikleri arzuw etdi. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýyna geldi. Döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açaryny alan harby gullukçy N.Kowusow hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy. Harby gullukçynyň çagalary ýürek joşgunyny goşgy setirleriniň hem-de buýsançly sözleriň üsti bilen ýetirdiler. Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmegi we dynç almagy, şeýle hem olaryň maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän ähli aladalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň çäginde harby gullukçylardyr olaryň

Read More

Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu neşiriň çap edilmegi däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýän ähmiýetli waka öwrüldi. Çärä DIM-niň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen daşary syýasaty üstünlikli alyp barýandygy bellenildi. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet hökmünde Türkmenistan halkara giňişlikde bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň bähbidine döredijilikli başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň maksatlary we üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Indi bular barada azerbaýjanly okyjylar hem öz dillerinde tanşyp bilerler. Dabarada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Gozalow çykyş edip, ählumumy parahatçylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny açyp görkezmekde, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur mazmunly işini azerbaýjan okyjylaryna tanyşdyrmakda häzirki çäräniň aýratyn ähmiýetini nygtady. Bu kitabyň gadymdan bäri parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýoluna ygrarly bolan türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýan Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetine has giňişleýin düşünmek üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy bellenildi. Kitapda döwlet syýasatynyň esasy hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň binýatlyk ýörelgeleri, şeýle hem sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde onuň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada täsirli beýan edilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen we azerbaýjan halklarynyň taryhy, medeni we ruhy taýdan ýakynlygyna daýanýan köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň yzygiderli tagallalary netijesinde soňky ýyllarda özara dialogyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolup, hil taýdan täze sepgitlere çykandygy nygtaldy. Munuň şeýledigini Türkmenistana we Azerbaýjana yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlar we onuň netijesinde gazanylýan ylalaşyklar aýdyň tassyklaýar. Bu babatda Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň ýakynda, degişlilikde, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Bakuwda geçirilen möhüm çärelere gatnaşandyklary bellenildi. Mundan başga-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ugrunyň ähmiýeti nygtaldy. Bu babatda netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli işjeňleşýändigine 20-nji oktýabrda Aşgabatda açylan “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisi şaýatlyk edýär. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guraldy. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde çapdan çykmagy ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer alyşmalaryň giňeldilmegine, doganlyk gatnaşyklaryň berkidilmegine uly goşant bolup, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berýär.

Read More

Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

Aşgabat, 21-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýar. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary bilen giňden tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýän, her ýylda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi netijeli göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek hem-de dünýä tejribesini öwrenmek üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan geljekde hem deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açmagy dowam etdirer. Daşary ýurt işewürlerine geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmäge ähli şertleri döreder. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň milli hünärmenlerimiz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu iri gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň arasynda işewürlik we göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüş ugurlary bilen tanyşmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşip, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna hem-de olaryň eksportyny artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir. Özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga ukyply döwlet hökmünde Türkmenistan öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan ýurtlar, iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri hem-de halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy we yzygiderli ösdürýär. Şu gezekki halkara maslahat we sergi köp sanly gatnaşyjylary özünde jemleýändigi bilen ozalkylardan tapawutlanýar. Halkara foruma dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1 müň 700-den gowrak wekil gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi abadan we durnukly ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Olaryň birnäçesi halkara foruma sanly ulgam arkaly goşuldylar. Sergi meýdançasynda dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň esasy gatnaşyjylary bolan iri kompaniýalaryň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi görkezilýär. Deňizde uglewodorod ýataklaryny we Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenarýaka düzümleri kemala getirmek baradaky meselelere aýratyn üns berilýär. Sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de ekologiýa ugry boýunça täzeçilliklere uly orun berildi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, ýangyç-energetika toplumynda işleýän ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem bar. Myhmanlara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we yzygiderli üns-aladasy bilen durmuşa geçirilýän iri taslamalar, olary ýerine ýetirmekde hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Emeli aň ornaşdyrylan adampisint robot nebitgaz düzümleriniň alyp barýan işi we şu gezekki forumyň ähmiýeti barada sergä gelenleri giňişleýin tanyşdyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň täzeçil, ylmy-tehnologik usullar arkaly ösüşi ugur edinýändigini görkezýär. Metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem amatly mümkinçilik alýarlar. Sergide nebit guýularyny burawlamak hem-de tebigy gaz känlerini gözläp tapmak boýunça alnyp barylýan işler sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen täsirli düşündirilýär. Ekologik ölçegleri öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi hem-de daşky gurşawy geljekki nesiller üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. Iri daşary ýurt kompaniýalary bu babatda toplan tejribesi bilen tanyşdyrýarlar. Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan öňdebaryjy energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselelerine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny, tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp baryp, ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ähli ugurlar bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzyň ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm wakalar bolup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy, Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklaryna 30 ýylyň dolmagy mynasybetli paýtagtymyzda bu ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri, möhüm ähmiýetli çäreler geçirildi. Möhüm senelere gabatlanyp «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berildi, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginde ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Malaýziýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň birnäçesiniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölegini emele getirýär. Munuň özi pudaklaýyn halkara gözden geçirilişiň diňe bir ýangyç-energetika toplumynda däl, eýsem, söwda-ykdysady we beýleki gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýändigini görkezýär. Serginiň

Read More

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär. Halkara maslahat we ugurdaş geçirilýän sergi innowasiýalar, döwrebap işläp taýýarlamalar hem-de täze taslamalar bilen içgin tanyşmaga ýardam edýär. Eziz watandaşlar!Gadyrly myhmanlar! Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge hem gönükdirýär. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek, logistika kuwwatyny berkitmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň esasy çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käni tapgyrlaýyn hem-de maksatnamalaýyn esasda özleşdirilýär. Şu ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi taryhy ähmiýetli waka boldy. Bu uly taslama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde, mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň gurulmagy sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebitiň döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Onuň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylýandygyna doly şaýatlyk edýär. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlylandyrylan deňiz toplumlary hem üstünlikli özleşdirilýär. Bu ugurda öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalary bilen 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa geçirmegi dowam etdireris. Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Ýurdumyzda nebitiň, gaz kondensatynyň täze ýataklaryny açmak, olaryň senagat derejeli gorlaryny artdyrmak, geologiýa-gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebit-gazly ýataklary özleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ykdysadyýeti toplumlaýyn diwersifikasiýalaşdyryp, kuwwatly senagat döwletine öwrülýän ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» uglewodorod serişdelerini gaýtadan işläp, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge gönükdirilen wezipeler göz öňünde tutuldy. Bu işleri ýerine ýetirmekde ekologiýa abadançylygynyň talaplaryna berk eýerip, daşky gurşawy aýawly saklamak, zyýanly gazlaryň täsirini peseltmek babatda giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan geljekde hem deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açmagy dowam etdirer. Daşary ýurt işewürlerine geljegi uly taslamalara maýa goýumlaryny gönükdirmäge ähli şertleri döreder. Şoňa görä-de, şu ýyl 31-nji gezek ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň milli hünärmenlerimiz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn. Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşy, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz parahatçylygy, daşky gurşawy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. 15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda sammitiň çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýändigini belläp, şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giňden ulanmagyň möhümdigini nygtady. “Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin “Durnukly ulagyň onýyllygy” hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar. Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hem barha artýar, emeli aň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny goldamaga çagyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine gatnaşyjy ýurtlaryň işjeň hem-de zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmegi teklip etdi. Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň bu formaty ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biler. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we umumy abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, 16-njy oktýabrda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady. Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretary, döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de howa boýunça öňde duran wezipeleri ýeňip geçmäge gönükdirilen giň gerimli strategiýasyny hödürledi. Döwlet Baştutanymyz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz bioköpdürlüligi goramak ulgamynda ählumumy maksatlara ýetmek üçin BMG-niň ulgamynyň ylmy, bilermenlik we institusional mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagyň zerurdygyna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalary berjaý etmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny belläp, ösüp barýan ýurtlaryň maliýe serişdelerine we döwrebap tehnologiýalara elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň, milli kuwwatyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem genetiki serişdeleri ulanmakdan alynýan bähbitleriň adalatly we deňhukukly paýlanylmagynyň, şol sanda olaryň yzygiderliligi baradaky sanly maglumatlaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam eder. Hususan-da, ýurdumyz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda hem-de Awaza syýasy Jarnamasynda berkidilen çözgütlere hem aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryň esasyny düzmelidir. Bu ugurda umumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň bähbidine döwletleriň bilimlerini we mümkinçiliklerini, toplan tejribesini birleşdirmäge mümkinçilik berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri, şol sanda Günorta — Günorta ugry boýunça özara gatnaşyklar möhüm orun eýelemelidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň kabul edilen

Read More