22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde taýýarlanylyp, yzygiderli ýaýlyma berilýän «Türkmen senagaty ösüş ýolunda» atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow alyp bardy. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býursosynyň inžener-mehanigi N.Seýitmyradow hem-de Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň baş hünärmeni M.Şajanowdagylar gatnaşdylar. Gepleşigiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde we ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda gazanylýan üstünlikler, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy mejlisi we bu mejlisde kabul edilen taryhy kararlaryň hem-de kanunlaryň ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog