Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we doganlyk ýurduň halkyna Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlykda möhüm orun eýeleýändigini belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berýändigini aýtdy we bu gatnaşyklaryň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. (TDH)

Read More

Halkymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän ruhy köpri

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkymyzyň taryhy-medeni, şol sanda golýazma mirasy, ýurdumyzda dil bilimini, edebiýaty öwrenişi we taryh ylmyny ösdürmegiň meseleleri babatda täze açyşlar, ylmy barlaglaryň netijeleri bilen bagly makalalar toplumyny okyjylara ýetirmegi dowam edýär. Žurnalyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine, şeýle hem ägirt uly taryhy ähmiýetli waka — eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir. «Täze ylmy açyşlar» atly bölümde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidatynyň «Türkmen bedewiniň taryhy ylmy-edebi çeşmelerde» atly makalasy bar. Awtor bedewiň gadymy döwürlerden bäri we häzirki wagtda hem halkymyzyň taryhynyň aýrylmaz bölegi, wepaly hemrasy hasaplanylýandygyny, onuň milli sungatymyzda gözelligiň, kämilligiň we wepadarlygyň nusgasy hökmünde wasp edilýändigini belleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda möhüm ylmy-edebi çeşmelerdir we gymmatly gollanmalardyr. Bu eserlerde gamyşgulak bedewlerimiziň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän aladalara, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryna, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde tutýan ornuna degişli giňişleýin maglumatlar beýan edilýär. Arheologik barlaglar türkmen alymlaryna gadymy ahalteke bedewleriniň tohumynyň taryhyny öwrenmek boýunça gyzykly maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Ýagny, Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda erkek adamlaryň söweşjeň atlary bilen bilelikde jaýlanandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem bu ýerden at kellesi görnüşindäki kiçi göwrümli, bürünçden ýasalan heýkeljik hem tapyldy. «Baýtarnamalar» atly orta asyr ýazgylarynda hem atçylygyň taryhy, şol sanda atlary bejermegiň usullary, hirurgik amallar, ot-çöplerden we minerallardan derman serişdelerini taýýarlamagyň usullary, olara ideg etmegiň kadalary barada giňişleýin beýan edilýär. «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktorynyň «Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny bitewüleşdiriji güýç» atly makalasy okyjylaryň ünsüni çekip biler. Onda durnuklylygyň we jebisligiň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy baýlygymyzdygy bellenilýär. Türkmenistan geçen 35 ýylyň dowamynda jebisligiň, agzybirligiň, dostlugyň hem-de döredijiligiň ýörelgelerine eýermek bilen, demokratik, hukuk we dünýewi binýadyny yzygiderli pugtalandyrdy. Ykdysady galkynyşyň netijesinde türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün edýän, senagat taýdan ösen, kuwwatly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwlet döredi. Ýurdumyz Bitaraplyk, ynanyşmak, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny saýlap aldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa, ylmy-lukmançylyk we medeni diplomatiýa boýunça bütin adamzat bähbitli ählumumy teklipleri öňe sürdi. «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidatynyň «XVI asyr pars dilli türkmen edebiýatynda «Masnug» şygyrlar» atly makalasy ýerleşdirilipdir. Bu makalada milli edebi we medeni mirasymyzyň halkymyzyň öz taryhynyň dowamynda döreden, wagtyň synagyndan geçen hem-de milli özboluşlylygyň binýady hökmünde nesilden-nesle geçirilýän maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemi bolup durýandygy bellenilýär. Bu bolsa milletimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän, onuň dünýä siwilizasiýasyndaky özboluşly ornuny kesgitleýän janly ruhy köprüdir. Awtor orta asyrlarda iň durnukly we meşhur däp bolan poeziýa žanrlarynyň biri bolan kasyda žanry barada gürrüň berýär. Kasyda (oda) haýsy hem bolsa bir şahsyýeti, adamlaryň toparyny ýa-da wakany wasp etmäge gönükdirilendir. XVI asyrda pars dilli türkmen edebiýatynda kasydanyň täze görnüşi — «masnug» («ussat», ýagny ýokary çeperçilik usulynda nepis işlenilen) uly meşhurlyga eýe boldy. «Oguznamalaryň gadymy nusgalary» atly makala asyrlaryň dowamynda döredilen eserlere bagyşlanypdyr. «Oguznama» — bu oguz taýpalarynyň gelip çykyşy, däp-dessurlary, oguz türkmenleriniň nesilbaşysy Oguz hanyň ömri, gahrymançylykly ýoly we ýörişleri hakynda gürrüň berýän gadymy türki dilli eposlaryň we rowaýatlaryň toplumydyr. «Oguznamanyň» iň gadymy nusgalarynyň biri XIII asyrda döredilen garlyk-uýgur elipbiýindäki nusgasydyr. Bu golýazma häzirki wagtda Parižiň milli kitaphanasynda saklanylýar. Fazlalla Reşideddiniň 1300 — 1310-njy ýyllar aralygynda ýazan we taryhy-genealogik zähmeti bolan «Taryhlaryň ýygyndysy» («Jamy-at-tawaryh») eseri Oguz hanyň 24 agtygy we olaryň taýpalara bölünişi barada giňişleýin maglumatlary özünde jemleýär. Abulgazy Bahadyr hanyň «Türkmenleriň nesil daragty» («Şejereýi teräkime») atly eseri XVII asyryň edebi nusgasy bolmak bilen, Oguz han baradaky halk rowaýatlaryna esaslanýar. «Türkmenlerde «beg» düşünjesi» atly makala aýratyn ünsi çekýär. Onda bu sözüň many-mazmuny içgin düşündirilýär. Türkmen taryhynda we medeniýetinde «beg» sözi öz köklerini gadymdan alyp gaýdyp, köptaraply häsiýete eýedir. Ol şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gurluşyndaky dereje, şeýle hem nesil daragtynyň we antroponimikanyň (atlaryň gelip çykyşy hakyndaky ylym), ýagny adam atlarynyň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Taryhda oguz-türkmen taýpalarynda “beg” sözi “serdar”, “hökümdar” ýa-da “iri ýer eýesi” diýmekligi aňladypdyr. Gadymy döwürde we irki orta asyrlarda beg öz nesliniň ýa-da taýpasynyň başynda durup, hana tabyn bolupdyr, sebäbi «beg» derejesi «han» derejesinden pes hasaplanypdyr. Harby we administratiw aristokratiýanyň, abraýly ýaşulularyň we serkerdeleriň wekilleri begler bolupdyrlar. Taryhyň dowamynda, soňabaka «beg» düşünjesiniň manysy öňki «han adyna garanyňda kiçi dereje» çäklerinden çykyp, öz gerimini ýokary syýasy derejä çenli giňeltdi. «Beg» sözi abraýy, hormaty, dogruçyllygy, mertebäni we parasatlylygy alamatlandyrdy. Türkmen medeniýetinde «beg» sözi oglan atlary dakylanda uly meşhurlyga eýe boldy. Däp boýunça ol atlara goşulma ýa-da goşma söz hökmünde goşulýar (mysal üçin: Amanbeg, Nurbeg, Döwletbeg, Begmyrat, Orazbeg we başgalar). Neşir «Ylmy we medeni durmuş habarlary» atly bölüm bilen jemlenýär. Onda ýurdumyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň iýul — sentýabr aýlarynyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyndaky wakalaryna syn berilýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk döredijilikli syýasat, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň aýdyň subutnamalary yzygiderli tertipde beýan edilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap usulynda neşir edilen, häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleriniň, fotosuratlaryň nusgalary, seýrek muzeý we arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelen žurnal giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. (TDH)

Read More

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada beýan edilýär. Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Nygtalyşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen 2026-njy ýyl eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, ykdysadyýetimizi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Raýatlaryň döwrebap şertlerde ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obalar, şäherçeler hem-de şäherler gurulýar. Telekeçiligi ilerletmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda karz, salgyt we nyrh gurallary netijeli utgaşdyrylyp, ykdysady durnuklylygy saklamaga uly orun berilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça özgertmeler dowam etdirilýär. Döwletimizde raýatlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlarda goldawlar we ýeňillikler üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda öňde goýlan esasy wezipäniň geljekki ýyllarda täze durmuş-ykdysady ösüşi gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Žurnalyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşy hem ýerleşdirilipdir. Onda Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý bolandygy, bu wakalaryň ata Watanymyzyň beýik ösüşlere tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezendigi nygtalýar. Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň Başlygy Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistanyň oýlanyşykly daşary syýasaty amala aşyryp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda baý tejribe toplandygyny, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleriniň bolsa parahat durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki ýokary derejeli strategik hyzmatdaşy Birleşen Milletler Guramasy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üç gezek ykrar edilmegi, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy möhüm syýasy wakalardyr. «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, Halkara Bitaraplyk gününiň esaslandyrylmagy buýsandyryjy wakalardyr. Şeýle hem umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýamyz dünýäniň syýasy giňişliginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bularyň ählisi bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik gymmatlyklarymyza dünýä bileleşigi tarapyndan berlen iň uly bahadyr, ýokary ynamdyr» diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistany dünýäniň senagat we ulag-logistika merkezleriniň birine öwürmek üçin uly işlere badalga berildi. Elektrik energiýasy, nebitgaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma, azyk hem-de derman senagaty ýaly möhüm pudaklardan ybarat bolan köpugurly ykdysadyýet emele geldi. Oba hojalyk pudagynyň gurluşy düýpli özgerdi. Innowasion, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar. «Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň konstitusion we halkara zähmet kadalary durmuşa geçirmek ugrundaky işleri» atly makala okyjylaryň ünsüni çeker. Onda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň zähmet we onuň bilen bagly beýleki durmuş-ykdysady hukuklaryna hem-de bähbitlerine wekilçilik etmek we olary goramak, zähmeti gorap saklamak, onuň şertlerini gowulandyrmak üçin hünär bähbitleriniň umumylygy esasynda raýatlar tarapyndan meýletin döredilýän özbaşdak jemgyýetçilik guramalarydygy bellenilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işi «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenendir. Guramaçylyk düzümi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezini (TKAMM), 14 senagat, 5 welaýat we Arkadag şäheriniň, şeýle hem etrap we şäher kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiklerini öz içine alýar. Olar işgärleriň, zähmet toparlarynyň kanuny hukuklaryna we bähbitlerine wekilçilik edýärler we goraýarlar. TKAMM-nyň halkara işi daşary ýurtlardaky kärdeşler arkalaşyklarynyň tejribesini nazara almak bilen, bu ugurda iş tejribesini baýlaşdyrmaga, işgärleriň zähmet hukuklaryny we durmuş-ykdysady bähbitlerini goramak ugrunda beýleki ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklaryna goldaw bermäge, ýurdumyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň abraýyny we Halkara kärdeşler arkalaşygy hereketindäki ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Neşiriň sahypalarynda «Maşgala gymmatlyklaryny goramakda maşgala kanunçylygynyň ähmiýeti» atly makala berlipdir. Awtor maşgala gymmatlyklaryny ykrar etmekde, hukuk taýdan berkitmekde we goramakda, jemgyýetiň däp bolan ahlak kadalaryny (wepalylyk, özara kömek, jogapkärçilik) kanuny hukuklar, borçnamalar we kepillikler derejesine geçirmekde maşgala kanunçylygynyň möhüm orun eýeleýändigini belleýär. Atalyk, enelik we çagalyk meseleleri kanun çykaryjylyk işiniň üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň hukuk goraglylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Kodeksi, şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar arkaly düzgünleşdirilýär. Žurnalda «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» atly bäsleşige hödürlenen makalalara hem möhüm orun berlipdir. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giň jemgyýetçilige düşündirmek, raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň hereket edýän kanunlarda dabaralanýandygyny şöhlelendirmek üçin bu bäsleşigi yglan edýär. «Maglumat jemgyýetiniň ösüşiniň halkara we milli jähetleri» atly makalada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky kanunçylyk we hukuk syýasaty institutynyň bölümçe müdiri halkara maglumat alyş-çalşygy we maglumat jemgyýetiniň nusgalaryny kemala getirmegiň häzirki zaman çemeleşmelerini ösdürmäge bolan täze garaýyşlar barada gürrüň berýär. Ählumumy derejede maglumat jemgyýetiniň düzümleri Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalar tarapyndan kadalaşdyrylýar. Geografik çäkler höweslendirilýär, maglumat alyş-çalşygy amala aşyrylýar, transmilli tehnologiýalar ösdürilýär. Maglumatlary goramak, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, emeli aňy we serhetüsti maglumat akymlaryny kadalaşdyrmak ugrunda halkara hukuga zerurlyk ýüze çykýar. Aýry-aýry döwlet derejesinde maglumat jemgyýetiniň ösüşi içerki syýasata, kanunçylyga we sanly işjeňlige bagly bolup durýar. «Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara hukugy» atly makalada bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň

Read More