Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy Daşoguz welaýaty, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi. …Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Aýdym-sazly çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary mynasybetli çykyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändigini, şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyp ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de hemmeleri täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi kämilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz şu gün Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady. Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar. Nygtalyşy ýaly, geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegi açylyp ulanmaga berilýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler. Şu gün Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp, häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikleriň döredilýändigini, dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberiniň yzygiderli artdyrylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder. Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar. “Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we