«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen giň möçberli ekologiýa çäresi, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýar. Ýaz we güýz möwsümlerinde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda paýtagtymyz Aşgabatda, häzirki zaman Arkadag şäherinde, şeýle hem welaýatlarymyzda müňlerçe düýp dürli görnüşli bag nahallarynyň oturdulmagy, mähriban halkymyzyň tebigata we ekologiýa abadançylygyna bolan oňyn garaýyşlarynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, ýurdumyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygynyň iş ýüzünde we anyk başlangyçlar arkaly dünýä jemgyýetçiligine aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda, bu çärä has işjeň gatnaşan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň administratory A.Garýagdyýewe we Gorag gullugynyň içerki goragçysy M.Mämmetalyýewe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň adyndan Hormat haty, şeýle hem Administratiw-hojalyk gullugynyň kömekçi işçisi B.Babaýewe Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap geňeşiniň adyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. ATAJAN GURBANGELDIÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Administratiw-hojalyk gullugynyň başlygy, kärhananyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Read More