Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjülikler, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ynsanperwer ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjülikleri, ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Çagalar Hasyl toýy mynasybetli iberilen sowgatlary hem hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen kabul etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendiginiň güwäsidir. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ýaşlary watansöýüjilik esasynda terbiýelemek, olaryň ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly bolmaklary bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilýär. …Merkezde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşurylýan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Dabarada edilen çykyşlarda Milli Liderimiziň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşyny, durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. “Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär” diýip, çykyş edenler nygtadylar hem-de munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler. Şunlukda, bagtyýar nesilleriň şatlykly pursatlarynyň joşguny belende göterildi. Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň, ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Belent ruha beslenen çykyşlaryň dowamynda dabara gatnaşan çagalar bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden joşup çykýan hoşallyklaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Munuň özi bagtyýar çagalygyň hözirini görýän nesilleriň ýürek joşguny bolup ýaňlandy. Häzirki döwürde ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi, ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu bolsa Watanymyzyň buýsanjy bolan ýaşlaryň nurana geljeginiň berkarar edilýändigini görkezýär. Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşan çagalar yzygiderli tagallalary bilen Türkmenistanyň bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde derejesini pugtalandyrýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan iberilen süýjülikleri dadyp hem-de ýörite sowgatlary kabul edip, özleri barada edilýän aladalara hoşallyklaryny joşgunly aýdym-sazlaryň, tanslaryň we goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Source

Read More
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady

Paýtagtymyzda uly üstünliklere beslenip, ýokary ruhubelentlikde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly şu gün öz işini tamamlady. Öz gözbaşyny gadymy halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň teatr sungatymyz täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, sahna sungatynyň döwrebap usullaryny özleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bu günki gün diňe bir ykdysady däl, eýsem, ruhy, döredijilik we medeni kuwwaty bilen hem dünýäde ykrar edilýär. Türkmenistan sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezine öwrülip, öz gadymy taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky syýasat medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, iri halkara medeni forumlaryň, festiwallaryň, ylmy maslahatlaryň, sergileriň we beýleki döredijilik çäreleriniň yzygiderli guralmagy aýratyn guwandyryjy wakadyr. Soňky ýyllarda ýurdumyz bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklar oňyn tejribeler we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara teatr festiwalynyň geçirilmegi hem halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny, medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Dostlukly döwletleriň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda uly joşgun bilen geçirilýän bu halkara teatr festiwaly hem halklary has-da ýakynlaşdyrýar, sungatyň inçe syrlaryny içgin öwrenmäge, tejribe alyşmaga, ussatlyk okuwlaryny geçirmäge ýardam berýär. Festiwalyň jemleýji güni ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Günüň birinji ýarymynda onuň myhmanlary Garagum derýasynyň kenarynda Hasyl toýy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çärelere gatnaşdylar. Bu ýerde myhmanlar türkmen topragynyň berekedi, zähmetkeş daýhanlarymyzyň gazanan üstünlikleri, milli medeni mirasymyz bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik aldylar. Günüň ikinji ýarymynda festiwalyň maksatnamasy Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dowam etdi. Bu ýerde Ermenistan Respublikasynyň Goris şäheriniň Wagarş Wagarşýan adyndaky döwlet drama teatrynyň «Abu Lala Maari» atly sahna oýny görkezildi. Ermeni edebiýatynyň nusgawy wekili Awetik Isahakýanyň meşhur poemasynyň esasynda taýýarlanan bu eser tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Onda X-XI asyrlarda ýaşap geçen meşhur arap akyldary we şahyry Abu Lala Maariniň keşbi, ynsanperwer garaýyşlary, ruhy gözlegleri, döredijilik dünýäsi öz beýanyny tapýar. Soňra «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşýan döwletleriň teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda teatr sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek, sahna oýunlarynyň hilini ýokarlandyrmak, döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna gatnaşyjylar häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şunda medeni gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn orun berilýär. Çärä gatnaşyjylar medeni gatnaşyklary berkitmekde teatr sungatynyň uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrundaky beren goldaw-hemaýatlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler bu halkara çäräniň halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, sungat arkaly ruhy ýakynlygy üpjün etmekdäki ornuny aýratyn bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyk medeniýetleriň baýlaşmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Dabaranyň iň möhüm pursatlarynyň biri hem halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenmesiniň kabul edilmegi boldy. Ýüzlenmede «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň halklaryň arasynda dost-doganlygyň barha dabaralanýandygyny, medeni dialogyň ilerledilýändigini aýdyň görkezýän çäredigi bellenilýär. Ýapylyş dabarasynyň dowamynda festiwala gatnaşan teatrlaryň wekillerine ýadygärlik sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen teatr baýramçylygy medeni gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň milli gymmatlyklaryny wagyz etmekde we baýlaşdyrmakda, özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurtlaryň arasyndaky medeniýetara dialogyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Source

Read More
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň  3 million 520 müň  dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem ýorgan-düşek daşlyklary, nah mata we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 102 million 384 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni) pagta süýümini we nah ýüplügi satyn aldylar. Source

Read More
Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşine bagyşlanan halkara forum geçirildi

Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşine bagyşlanan halkara forum geçirildi

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri tarapyndan bilelikde guralan «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Halkara forum her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlandy. Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Ukrainanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň, Özbegistanyň, Malaýziýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Halkara maslahatyň esasy maksady agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň ylmy esaslaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmekden, şeýle hem bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Maslahatyň öňüsyrasynda gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň önümleri, oba hojalygynyň dürli ugurlary boýunça gazanylan ylmy üstünlikler hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylýan üstünlikli milli taslamalar görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Hasyl toýy mynasybetli S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň iň gowy ylmy-taslama işleri görkezildi. Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň möhüm ähmiýetini bellediler. Oba hojalyk ylmyny ösdürmek, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak we innowasion çözgütleri ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyşlarda Türkmenistanda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler aýratyn bellenildi. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylarynyň bol bugdaý hasylyny ýygnandygy, ýüpekçileriň bolsa 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürendigi buýsanç bilen nygtaldy. Oba hojalygynyň önümçilik kuwwatynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde Daşoguz welaýatynda ýylda 60 müň tonna pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumynyň, şeýle hem mineral dökünleri öndürýän täze senagat desgalarynyň gurluşygyna girişilendigi bellenildi. Soňra maslahatyň işi «Agronomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa», «Agrosenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematika ylymlary, agroinženerçilik», «Azyk senagaty, suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» atly üç bölümde dowam etdi. Mejlisiň dowamynda oba hojalyk ylmyny ösdürmegiň täze ugurlary, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara ylmy-amaly maslahat oba hojalygynda dünýä tejribesini we innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, oba hojalyk ylmyny, ýöriteleşdirilen bilimi we Türkmenistanyň agrosenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm meýdança boldy. Source

Read More