Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ugur aýdyň şöhlelendi. Bu ugur halkara bileleşik bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine hem-de parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. 2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymy möwsümini, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamagy, gögeriş alnan meýdanlarda talabalaýyk ideg etmegi, azyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnamagy tabşyrdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagyň hem-de welaýatlarda bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda ösdürilýär. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji noýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini hem-de nebitgaz we himiýa ulgamlarynda, şol sanda Gyýanlydaky polimer zawodyny gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmekde netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny belledi. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. 3-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini, halkara giňişlikde iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelýändigini nygtadylar. Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli gural bolup durýan parlament diplomatiýasyna we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-awstriýa parlamentara hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi, şol sanda onuň döwlet edaralarynyň, hususy ulgamyň arasynda utgaşdyryjy hökmünde işjeň çykyş edýändigi bellenildi. 3-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň durnukly ösüşine, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň, şol sanda iş saparlarynyň hem-de «C5+1» formatyndaky köptaraplaýyn maslahatlaşmalaryň, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Şeýle-de iki ýurduň arasynda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär. Gahryman Arkadagymyz energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyna ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady. Energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. 4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň we Garaşsyzlyk etrabynda iki sany senagat kärhanasynyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi bolar. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle-de bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar. Ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy, 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar. Garaşsyzlyk etrabynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler. Döwlet Baştutanymyz ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenen toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýdy. Müňden gowrak täze iş ornuny döretjek kärhana «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň sargyt etmegi boýunça «GAP Inşaat» kompaniýasy tarapyndan Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, innowasion we ekologik taýdan arassa çözgütler esasynda Garaşsyzlyk etrabynda gurlar. Toplumyň kuwwaty ýurdumyzyň daýhanlarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de dökünleri daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. 5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Diýarymyzda iri senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. 5-6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astanada geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan