COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi

COP31-iň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyna bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Antaliýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda “Awazadan Antaliýa: howa hereketleriniň ilerledilişi we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirilişi” atly ikinji tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çäre howanyň üýtgemegi babatynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmegiň, şeýle-de 2025-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň meselelerine bagyşlandy. Sessiýanyň işine deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň, halkara guramalaryň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa giriş sözi bilen çykyş etdi. Çäräniň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa ýagdaýlaryna, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmagyň, howany maliýeleşdirmäge we häzirki zaman tehnologiýalary geçirmäge elýeterliligi giňeltmegiň hem-de milli kuwwatlylygy berkitmegiň meselelerine seredildi. Döwletleriň howa babatynda milli ileri tutýan wezipelerini durmuşa geçirmekdäki amaly tejribesine aýratyn üns berildi. Butanyň, Gyrgyzystanyň, Boliwiýanyň, Botswananyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň wekilleri howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak babatyndaky çemeleşmeler, durnukly ösüş we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (BMG) hem-de beýleki halkara hyzmatdaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen aýratyn pikir alyşmanyň çäklerinde maliýe serişdelerini çekmegiň, tehnologik goldaw bermegiň we bilelikdäki howa taslamalaryny taýýarlamagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar şeýle hem BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasynyň mehanizmleri bilen «Awaza» hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmek işiniň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmegiň ýollaryna seretdiler. Mejlisiniň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmagy dowam etdirmegiň, tejribe alyşmagy giňeltmegiň hem-de anyk howa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksatly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygyna aýratyn üns berildi. Bu çäräniň COP31-iň çäklerinde geçirilmegi Awazada başlanan halkara dialogyň möhüm dowamy boldy we Awaza Hereketler maksatnamasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşini hem-de howa durnuklylygyny ilerletmegiň esasy hökmündäki ähmiýetini tassyklady. Source

Read More
COP31-iň çäklerinde Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy

COP31-iň çäklerinde Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň tanyşdyrylyşy boldy

2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Antaliýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň pawilýonynda “Innowasiýalardan amaly hereketlere: Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň döredilmegi” atly tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çäre türkmen tarapyndan BMG-niň ulgamynyň edaralary bilen bilelikde Merkezi Aziýa döwletleriniň, halkara guramalaryň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda guraldy. Sessiýanyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de sebitiň döwletleriniň goldawyna eýe bolan, birnäçe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapan Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmegiň konsepsiýasy hödürlenildi. Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň COP31 Liderler sammitiniň barşynda Merkeziň 2027-nji ýylda öz işine başlajakdygy baradaky bildirişine aýratyn üns berildi. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň başlygy Aşgabatda ýerleşjek Merkeziň esasy iş ugurlary bilen tanyşdyrdy. Onuň işiniň döwrebap howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara maliýeleşdirmesini çekmäge gönükdiriljekdigi bellenildi. Özara maslahatlaşmalaryň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) hem-de beýleki halkara düzümleriň wekilleri Merkeziň işiniň ileri tutulýan ugurlary, onuň institusional taýdan ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, howa şertlerine durnukly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sebit mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we bilelikdäki taslamalary taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Sessiýanyň jemleri boýunça 2027-nji ýylda Merkeziň işine başlamagyny üpjün etmek maksady bilen, sebitara geňeşmeleri we halkara hyzmatdaşlar bilen iş ýüzündäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Çäre Türkmenistanyň Merkezi Аziýada sebitara hyzmatdaşlygy berkitmäge we howa meselelerini bilelikde çözmäge gönükdirilen başlangyjyny öňe sürmekde möhüm ädim boldy. Source

Read More