Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde öňde goýlan wezipeler we “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny, ahalteke bedewlerini we atçylyk sungatyny halkara derejede giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde geçirilýän giň gerimli halkara çäreler bilen bagly meseleler, şeýle hem birnäçe beýleki soraglar girizildi. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň müňlerçe ýyl bäri halkymyzyň durmuşynda dowam edip gelýän däpleriň biridigini, ýakynda ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň ýokary derejede, giňden bellenilendigini aýtdy. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşy aldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýöriş, baýramçylyk at çapyşyklary, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara sylaglary gowşurmak dabaralary geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumy, medeni-durmuş maksatly binalar açylyp ulanmaga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň giň wekilçilikli mejlisiniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalarynyň biri bolandygyny belledi. Bu taryhy mejlisde Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» atly milli Konsepsiýa gol çekmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugry bilen berk baglanyşyklydyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu möhüm resminama halkara hukugyň düzgünlerini berkitmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir. “Biz uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledik. Bu ugurda düýpli başlangyçlar öňe sürüldi we netijeli işler durmuşa geçirildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzy senagat taýdan ösen, häzirki zaman döwletine öwürmek, ýagny senagatlaşan jemgyýeti kemala getirmek baradaky möhüm başlangyjy öňe sürdük. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli senagatlaşma syýasatynyň täze tapgyra gadam basýandygyny aýdyň görkezýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Täze maksatnama ýurdumyzyň ýaşlar baradaky syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça 2031-nji ýyla çenli anyk wezipeleri öz içine alýar. Milli Liderimiz türkmen halkynyň milli mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamagyň, atçylyk we atly sport pudagyny ösdürmegiň, milli seýisçilik däplerini kämilleşdirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, hormatly Prezidentimiziň bu asylly işleri täze derejede üstünlikli dowam etdirýändigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Netijede, milli atşynaslyk däplerini, ahalteke bedewleriniň genofonduny we bu ugurda toplanan baý tejribäni döwlet tarapyndan ygtybarly goramak hem-de geljek nesillere ýetirmek üçin zerur hukuk binýady döredildi. Milli Liderimiz öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 15-nji we 16-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň çagyrylandygyny we şu mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça durmuşa geçirilýän işler we öňde durýan wezipeler bilen bagly soraglaryň girizilendigini nygtady. Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň köp ýyllaryň dowamynda alyp baran we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara düşünişmegi berkitmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar we olar Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara guramalarda kabul edilýän resminamalarda öz beýanyny tapýar. Bu babatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 24-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamany iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlyk etmeginde 23-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli Konsepsiýasy kabul edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasyny we agzalan Konsepsiýany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 2027-2028-nji ýyllarda Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň Hereketleriniň milli meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama birnäçe ugurlardan we çärelerden ybarat bolup, halkara, syýasy-diplomatik, ylym-bilim, guramaçylyk, maglumat-ündew häsiýetli işleri öz içine alýar. Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hereketleriň milli meýilnamasynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, guramaçylyk we utgaşdyryş işleriniň çäklerinde 2027-nji, 2028-nji ýyllarda geçiriljek çäreleriň ýyllyk senenamalaryny taýýarlamak, olaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi bilen bilelikde 2028-nji ýyla taýýarlyk görmek boýunça ýörite «Ýol kartasyny» işläp düzmek meýilleşdirilýär. Halkara hyzmatdaşlyk ugrunda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, aýratyn-da, degişli Kararnamanyň awtordaşlary bilen hyzmatdaşlykda birnäçe halkara çäreler guralar. Şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 82-nji sessiýasynyň, onuň Altynjy komitetiniň we Halkara hukuk hepdeliginiň çäklerinde ýörite çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan bu ugurda degişli maslahatlar, “tegelek stol” duşuşyklary geçiriler. Ylmy-amaly hyzmatdaşlyk ugrunda 2027-nji ýylyň birinji çärýeginde «Halkara hukuk — ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem halkara