Esaslandyryjysy – Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bolan, her çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynyň 2026-njy ýyldaky üçünji sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmen buýsanjy» atly goşgusy bilen açylýar. Neşiriň sahypalarynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralaryna, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetine, ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylyp ulanylmaga berilen ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlaryna, emeli aň we bulut tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerine, ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda gazanylýan üstünliklere, şeýle hem birnäçe beýleki ugurlara degişli makalalar, goşgular we hekaýalar ýerleşdirildi. «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynyň 2026-njy ýyldaky üçünji sanynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň meýilnama-duýduruş işlerini alyp baryjy inženeri Nöker Seýitmyradowyň «Bedew batly, belent maksatly Watan» atly döredijilik bäsleşigine hödürlän «Arkadagly Serdar bilen» atly goşgusy neşir edildi. ARSLAN AŞIROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň ömümçilik boýunça orunbasarynyň w.w.ý.ý.