22-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektro polat erediji sehiniň Oda çydaýjy meýdançasynyň oda çydaýjysy Orazberdiýew Baýrammyrat Izçiýewiç, Hil sozma sehiniň gyzgyn bilen sozmak boýunça stanlaryň walsowkaçysy Baýramow Şöhrat Ýazmyradowiç, Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň Elektro polat erediji mehanikanyň meýdançasynyň enjamlara hyzmat we remont ediji slesary Baýramgeldiýew Nurguly Gurbanmuhammedowiç we kärhananyň garamagyndaky «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň gaz bilen kesijisi Aşyrow Öwezgeldi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi işgärleri amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, özygtyýarly döwletimiziň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek we pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda mundan beýläkde tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
RÜSTEM BABAÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary
Leave A Comment