Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostluk hem-de myhmansöýerlik ýörelgelerini ösdürýän şäher hökmünde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan köpugurly halkara sergi hem paýtagtymyzyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmak, täze işewürlik başlangyçlaryny ýola goýmak üçin amatly şertleri özünde jemleýär. 25 ýyldan bäri her ýyl geçirilýän köpugurly sergi şähergurluşyk, senagat, innowasiýalar ulgamlarynda ýurdumyzyň gazananlary, paýtagtymyzyň jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy, medeni üstünlikleri bilen tanyşdyrýan iri çärä öwrüldi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guralýan çärä gatnaşmak isleýänleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň döwletimiziň ösüşlerine uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Köpugurly halkara sergä we maslahata 55 ýurtdan wekiller gatnaşýarlar. Munuň özi Diýarymyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde maýa goýumlar üçin oňyn şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu foruma gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalary, maliýe guramalary we maýadarlar geljegi uly taslamalary öwrenmek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen we daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde at-abraýy barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, paýtagtymyzyň täze, döwrebap keşbini emele getirýär. Köpugurly sergä gatnaşyjylar halkara hyzmatdaşlyk üçin özara bähbitli işewürlik tekliplerini hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Serginiň çäklerinde türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Uly ekranda ak mermerli paýtagtymyzyň durmuş we ykdysady ulgamlarda ýeten derejesi görkezildi. Owadan görnüşde ýerleşdirilen köp sanly güller, bezeg baglary ýurdumyzyň baş şäherinde ekologik abadançylyga möhüm üns berilýändigini alamatlandyrýar. Bu ýerde Aşgabadyň keşbini emele getirýän ajaýyp binalaryň şekil nusgalaryna-da aýratyn orun berlipdir. Paýtagtymyzyň şu günki döwrebap keşbi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ýeten derejesiniň aýdyň görkezijisidir. Gurluşyk pudagynda batly depginde dowam edýän özgertmeleriň, ýokary maýa goýum işjeňliginiň oňyn netijesini ak mermerli Aşgabadyň mysalynda görmek bolýar. Gurluşyk-senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň diwarlyklarynda ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdelerine, durmuşa geçirilen taslamalara möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hereket edýän önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek, döwrebaplaşdyrmak, eksport ugurly önümleri öndürýän, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawod-kärhanalary gurmak babatda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik, oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki gazanylanlar, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar. Şunuň bilen baglylykda, merjen şäherimiz Aşgabatda giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandygyny nygtamak gerek. Daşary ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda “Bouygues Türkmen”, “Gap Inşaat”, “Rönesans”, “Çalyk Enerji”, “Daewoo”, “Altkom”, “Interbudmontaž” ýaly ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalary bar. Olar baş şäherimizi özgertmek boýunça birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar. Oba hojalyk we azyk pudaklaryndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan ýurdumyzyň telekeçileridir haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamagy we höweslendirmegi netijesinde olaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän desgalar zerur bolan ähli kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, degişli düzümler ösdürilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda ajaýyp binalar, durmuş ulgamyna degişli desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. “Ajaýyp gurluşyk”, “Rysgally zähmet”, “Röwşen”, “Ýedi-Ýer”, “Altyn Nesil”, “Ojar Aziýa” ýaly hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklarynda durmuşa geçirilen hem-de geljekde amala aşyryljak taslamalary görkezýärler. Bu hususy düzümler paýtagtymyzda, welaýatlarda durmuş, önümçilik desgalarynyň ençemesini bina etdiler. Häzirki wagtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin has amatly şertler döredildi. Bu ugurda milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işi höweslendirilýär. Bu babatda Diýarymyzyň örän baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi giň mümkinçilikleri açýar. Hususy gurluşykçylaryň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylan taslamalar bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleriniň öz beýanyny tapmagy bu döwrebap şäheriň türkmen kärhanalarynyň ösmegi, tejribe toplamagy üçin uly mümkinçilikleri hödürleýän meýdança öwrülendigini görkezýär. “Ak bulut”, “Ak tam”, “Eziz doganlar”, «Derýaplastik”, “Şanly bedew”, “Galkynyş plastik” ýaly türkmen kompaniýalary kafelleri, asma petikleri, ýerli çig mal serişdeleri ulanylyp taýýarlanylýan başga-da köp sanly gurluşyk serişdelerini hödürleýärler. “Türkmen Enjam”, “Ak hümmet”, “Arçaly Dünýä” we “Eşret mahabat” ýaly kärhanalar gurnama işlerini ýerine ýetirmek, dürli maksatly desgalar üçin enjamlary getirmek boýunça hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň halkara ekologik talaplara laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramagyň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýär. Giň gerimli gözden geçirilişe bagçylyk, şäher gurşawyny abadanlaşdyrmak boýunça birnäçe hususy kärhanalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda “Saýaly jülge”, “Bossan Concept”, “Roza gül” ýaly kärhanalar bar. Ýaşaýyş-durmuş üçin amatly şertleri döretmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagyna, olarda “akylly” öý we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň we Hytaýyň “Unilumin Group” kompaniýasynyň innowasion enjamlary, sanly tehnologiýalary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Birnäçe kärhanalar sanly ulgamy ornaşdyrmak, önümçilikler üçin dürli programma çözgütlerini

Read More
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleriniň, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň milli binagärlik ugurlary bilen utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy, medeni merkezi bolan paýtagtymyzyň ähli gözellikleri, ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri, myhmanhanalary göwnüňi galkyndyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, ruhuňy göterýär. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostlugyň hem-de myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny görkezýär. Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi, her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Her güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän, paýtagtymyzyň gözelligini, binagärlik taýdan döwrebaplygyny şöhlelendirýän dabaralar, sergiler, dürli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň mekdeplerinde guralýan «Soňky jaň» dabarasy bilen utgaşýar. Baýramçylyklaryň goşalanyp gelmegi bolsa hoşniýetliligiň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň nyşanydyr. Munuň özi paýtagtymyza, ýaşlarymyza, Watanymyza bolan söýgini has-da artdyrýar. Häzirki wagtda gözel paýtagtymyz dürli çäreleriň, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Olara dünýäniň onlarça ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, wekiller, syýasatçylar, iri kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary we beýleki işewürler işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi soňky ýyllarda dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistana, ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, şeýle hem bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dürli syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde, şeýle hem şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar. «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýän, türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklara gabatlanyp, baş şäherimizde dürli maksatly desgalary we ýaşaýyş jaýlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Watanymyzyň ak mermerli paýtagtynda şeýle maksatly desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabadyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, ajaýyp binagärlik keşbi bütin halkymyzyň buýsanjydyr, döredijilik kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde öz derejesini barha berkidýär. Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam etdireris. Eziz watandaşlar!Hormatly paýtagtymyzyň ýaşaýjylary! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösüşiň, döredijiligiň, rowaçlygyň, ak arzuwlaryň şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow. Source

Read More

M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Oman Soltanlygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 24-nji maýy. Source

Read More
Mizemez dostlukdan nyşan

Mizemez dostlukdan nyşan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki ýurduň dostlugynyň nyşany hökmünde halkymyzyň özboluşly medeniýetiniň taryhy nyşany bolan iki sany türkmen alabaýyny iberdi. Türkmen halkynyň adyndan tatar halkyna iberilen özboluşly sowgat aýratyn hoşallyk we ruhubelentlik duýgusy bilen kabul edildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär. Şunda dostlukly ýurduň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan göni gatnaşyklar dürli ugurlary öz içine alýar. Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde kabul edilen çözgütler hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine kuwwatly itergi berer. Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar barha giňeldilýär. Itşynaslyk ýörelgelerini ösdürmek boýunça hem özara tejribe alşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyna ozal Akdost atly alabaýy sowgat berendigini bellemek gerek. Ynha, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň adyndan iberen Alabaý we Alaja atly arassa ganly tohum itleriniň Rustam Minnihanowa gowşurylmagy iki halkyň taryhy umumylyklaryna goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Tatarystanyň Baştutany türkmen tarapyndan gowşurylan alabaýlary aýratyn hoşallyk we ruhubelentlik duýgusy bilen kabul etdi. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň çäklerinde itşynaslyk ylmyny ösdürmäge, Tatarystanda arassa ganly türkmen alabaýlaryny wagyz etmäge goşant goşar. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň dekabrynda “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini görkezýär. Türkmen alabaýlary tutuş dünýäde itşynaslygyň örän gadymy sungatynyň nusgasy hasaplanýar. Munuň özi türkmen halkynyň döreden gymmatlyklarynyň halkara giňişlikdäki nusgalyk derejesini tassyklaýar. Alabaýlar eýesiniň öý-emlägini goramakda, wepadarlykda aýratyn tapawutlanýar. Türkmen topragyndan eltilen alabaýlar tatar topragynda hem tiz öwrenişdi we özboluşly hereketlerini görkezip, haýran galdyrdy. Umuman, türkmen-tatar gatnaşyklary dürli ugurlarda işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Source

Read More
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Mähriban uçurymlar!Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Sizi ajaýyp arzuwlara we belent maksatlara beslenen durmuş ýoluňyzda täze menzilleriň başlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bilimler baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň siziň ähliňizde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary we ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynanýaryn. Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda özboluşly orun tutýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli mähriban uçurymlarymyzy durmuş ýolunda täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýan dabaralary giňden ýaýbaňlandyrýarys. Gözel Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, berkarar döwletimiziň ähli şäherdir obalarynda geçirilýän baý mazmunly çäreler «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da ýokarlandyrýar. Belent döredijilik ruhuna ýugrulan bu dabaralar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri we ylymlary ele almaklary, zehin-başarnyklaryny kesp-hünärlere, zähmete gönükdirmekleri, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan nusgalyk işleri bütin dünýä aýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar uçurymlary! Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur. Bu ýola hemişe eýerip, şöhratly taryhymyzyň bütin dowamynda ylma we bilime daýanan merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek, hemişe kämillige ymtylmak bilen, abraýy dünýä dolýan Watanymyzyň pajarlap ösmegine hem-de şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar, abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek we gurmak siziň — geljege ynamly ädimler bilen gadam goýýan ýigitlerimiziň hem-de gyzlarymyzyň baş maksady bolmalydyr. Siz durmuş ýoluňyzyň täze sepgitlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize eýerip, bilimleriň we ylymlaryň täze çuňluklaryna aralaşmalysyňyz, zähmetde taplanmak, döretmek hem-de gurmak bilen, beýik geljegimize tarap ynamly gadam urmalysyňyz. Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Biz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde milli bilim ulgamyny düýpli özgertmegi we güýçli depginler bilen ösdürmegi, döwre mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Bu jogapkärli işlerde siziň hyzmatyňyz örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Diýarymyzyň şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralaryny gurýarys. Täze başlangyçlar esasynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tejribelere, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, bilim işini kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirýäris. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlaryň we bilim işgärleriniň yhlasly hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesilleriň zehin-başarnyklaryny ösdürmekleri, bilimleri, ylymlary özleşdirmekleri, hünärleri ele almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim binýadyny has-da berkidýäris. Milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we strategiýalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanyň geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýýan päk ahlakly, watansöýüji, bilimli, ylymly nesilleriň kemala gelmegini üpjün edýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyz halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli buýsanjymyzdyr, geçirýän bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir. Mähriban uçurymlar!Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Sizi «Soňky jaň» dabarasy hem-de okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hem-de okuwlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Iordaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky belent maksatlarymyzyň myrat tapýan mekanyna öwrülen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň merkezi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Hormatly Prezidentimiz! Islendik ýurduň baş şäheri köp babatda onuň abraýyny kesgitleýär, paýtagtyň myhmanlaryna döwletiň durmuş-ykdysady ösüşine, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Türkmen topragynyň gözel künjeginde — keremli Köpetdag bilen sahawatly Garagum sährasynyň arasyndaky giňişlikde kemala gelen Aşgabat şäheriniň şöhratly taryhy, baý geçmişi bar. Bu ýerler beýik medeniýetleriň dörän we kämilleşen, pajarlap ösen ojagydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ak şäherimiz gözelligiň, ajaýyplygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde giňden ykrar edilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzy ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözelligiň nusgasy, döwrebap şäher Aşgabadyň gününi baýram etmegiň çäginde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň guralmagy, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilmegi bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Munuň özi baş şäherimiziň senagat, medeni we aň-bilim kuwwatyny dabaralandyrmakda, ýaşlarda eziz Watanymyza, onuň paýtagtyna çäksiz söýgini artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Belent mertebeli Prezidentimiz! Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzda amala aşyrylýan gurluşyklaryň, bina edilýän belent-belent ymaratlaryň binagärlik keşbi milli däp-dessurlar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň täsin sazlaşygyny emele getirip, döwrüň galkyndyryjy ruhuny dabaralandyrýar. Täze taryhy döwürde merjen şäherimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň baş maksady Aşgabady sebitiň we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, adamlaryň durmuşynyň hem-de zähmet çekmeginiň, dynç almagynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmekden ybaratdyr. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakynda aladanyň aýdyň nyşany bolan bu işler ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär. Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, ylym-bilimi ösdürmekde ýetilen sepgitler üçin bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin paýtagtymyza halkara güwänamanyň berilmegi eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabadyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi bolsa, hormatly Prezidentimiz, Siziň giň gerimli sport özgertmeleriňiziň halkara derejede goldanylýandygyny görkezýär. Sarpasy belent Prezidentimiz! Aşgabat Bitarap döwletiň paýtagty hökmünde Ýer ýüzüniň çar künjeginden gelýän myhmanlary gujak açyp garşylap, parahatçylygyň we dostlugyň mekany hökmünde hem giňden tanalýar. Paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi, yzygiderli geçirilýän halkara forumlar, sergiler, festiwallar, iri döredijilik we sport çäreleri, dünýä çempionatlary, sport bäsleşikleri halklary parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly asylly ýörelgeleriň daşynda jebisleşdirýär. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Sizi gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, Aşgabat şäherini we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini nusgalyk derejede gülledip ösdürmek babatda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýärin. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň merkezi ak mermerli paýtagtymyzyň döwrebap ösüşleri dowamat-dowam bolup, asyrlara ýaň salsyn! Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri,  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,  Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow. Source

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ ÖŇDEBARYJY IŞGÄRLERI SYLAGLANYLDY

         22-nji maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Elektro polat erediji sehiniň Oda çydaýjy meýdançasynyň oda çydaýjysy Orazberdiýew Baýrammyrat Izçiýewiç, Hil sozma sehiniň gyzgyn bilen sozmak boýunça stanlaryň walsowkaçysy Baýramow Şöhrat Ýazmyradowiç, Enjamlary ulanmak we bejeriş sehiniň Elektro polat erediji mehanikanyň meýdançasynyň enjamlara hyzmat we remont ediji slesary Baýramgeldiýew Nurguly Gurbanmuhammedowiç we kärhananyň garamagyndaky «Daşoguzdemirönümleri» şahamçasynyň gaz bilen kesijisi Aşyrow Öwezgeldi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi işgärleri amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, özygtyýarly döwletimiziň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny has-da ösdürmek we pudagyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda mundan beýläkde tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. RÜSTEM BABAÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňDirektorynyň önümçilik boýunça orunbasary

Read More