2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň gözel jülgesi Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine ugratmak dabarasy boldy. Ýaş nesilleriň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärleriniň çagalary şu ýyl Gökderedäki «Çynar» we «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Ahal» dynç alyş we sagaldyş merkezinde üç tapgyrda dynç alarlar.

         Güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanmaga berilen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli sagdyn bedenli, ylymly-bilimli, il-halar, watansöýüji nesiller, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

EZIZ MERDANGELDIÝEW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Buhgalteriýa hasaba alyş we hasabat bölüminiň esasy hünärmeni,
kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.

Leave A Comment