6-njy oktýabrda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Hatyra güni — Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlary, şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hatyralamak maksady bilen, paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdylar.

         Öten-geçenlerimizi ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi merdana halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgelerimiziň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bu ýörelge mynasyp dowam etdirilýär. Bu bolsa şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny şu günki nesillerimize ýetirmekde, olary beýik Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gahrymanlarymyzy sarpalamakda möhüm ähmiýete eýedir.

Leave A Comment