Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 13-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow geçen ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlar we Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,7 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 104,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. 2025-nji ýylda balans toparlarynyň jemi 141 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 111 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy we ol jemi içerki önümiň 16,6 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow 2025-nji ýylda ýurdumyzyň banklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 4,8 göterim artdy. Şeýle hem ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23 göterim ýokarlandy, fiziki şahslara berlen karzlar 25,4 göterim artdy. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 20,1 göterim köpeldi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 5,2 göterim, sementiň öndürilişi 40,9 göterim, armatur, demir önümleriniň öndürilişi 22,3 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 10,1 göterim, şöhlat önümleriniň öndürilişi 7,3 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 5 göterim, mesge ýagynyň öndürilişi 2,9 göterim artdy. Hasabat döwründe senagat önümleriniň gymmatlyk möçberi nah ýüplükler boýunça 11 göterim, nah matalar boýunça 16,7 göterim ýokarlandy. 2025-nji ýylyň jemleri boýunça ulag we aragatnaşyk pudagynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygy 5,3 göterim artdy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 19,6 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň oba hojalygynda öndürilen gök önümler, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,8 göterim, bakja önümleri 11,7 göterim, ýeralma 4,7 göterim, ýumurtga 8 göterim, süýt 2,1 göterim artdy. 2025-nji ýylda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. “Maksatnama laýyklykda, 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2026-njy ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. “Milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak, durnukly ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmek, Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak işlerine gözegçiligi güýçlendirmek möhümdir” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ilatymyzyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bankara elektron töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegi, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýetimizi ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmek tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(2026-njy ýylyň 13-nji fewraly) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Biz halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik. Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda ol senagatda 1,8 göterim, söwdada 9,6 göterim, oba hojalygynda bolsa 7 göterim boldy. Maýa goýumlar 6 göterim artdy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 116 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 645 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Möhüm ähmiýetli birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berildi. Şeýle-de ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi. Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi. Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris. Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar! «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Biz şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyrarys. Şeýle-de Aşgabatda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini we Stomatologiýa merkezini ulanmaga bereris. “Arçman” şypahanasynda bolsa 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar. Şu ýyl Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasyny, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumyny ulanmaga bereris. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleri geçireris. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdim. Ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmeli we olary ýokary derejede geçirmeli. Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden Maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr. Halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn.

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.W.AGAJANOW hakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Welinazarowiç Agajanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly. Guwanç Welinazarowiç AGAJANOW 1980-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2002-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — nebitgaz känlerini özleşdirmek we ulanmak. 2003-nji ýylyň dekabrynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Türkmennebitgazgözleýiş” trestiniň Änew nebitgazgözleýiş ekspedisiýasynyň burawlaýjysynyň kömekçisi wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2004-nji ýylyň iýuny — 2006-njy ýylyň fewraly aralygynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Gaz pudagyny seljeriş we geljekdäki ösüşini anyklaýyş müdirliginiň baş hünärmeni, 2006-njy ýylyň fewralyndan 2007-nji ýylyň apreline çenli şol ministrligiň Gaz we gazy gaýtadan işleýiş senagaty müdirliginiň baş hünärmeni wezipelerinde işledi. 2007-nji ýylyň maýy — 2016-njy ýylyň iýuly aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginde dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2016-njy ýylyň iýulyndan 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar müdirliginiň Bagtyýarlyk bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, başlygy wezipelerinde işledi. 2019-njy ýylyň ýanwary — 2021-nji ýylyň sentýabry aralygynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, 2021-nji ýylyň sentýabry — 2022-nji ýylyň apreli aralygynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary, 2022-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň fewralyna çenli bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY B.M.MÄMMEDOW hakynda Batyr Meretdurdyýewiç Mämmedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly. Batyr Meretdurdyýewiç MÄMMEDOW 1978-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2000-nji ýylda şol wagtky Türkmen politehniki institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — dag inženeri. Zähmet ýoluna 2000-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini peýdalanmak baradaky ygtyýarly edarada maglumat boýunça baş referent wezipesinde başlady. 2004-nji ýylyň ýanwary — 2008-nji ýylyň iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nebitgaz senagaty bölüminiň esasy hünärmeni. 2008-nji ýylyň awgusty — 2016-njy ýylyň marty aralygynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynda dürli wezipelerde işledi. 2016-njy ýylyň martyndan 2017-nji ýylyň apreline çenli “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gazy taýýarlamak we ugrukdyrmak sektorynyň müdiri boldy. 2017-nji ýylyň apreli — 2024-nji ýylyň iýuly aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory, 2024-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY B.A.ANNAÝEW hakynda Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly. Batyr Amangeldiýewiç ANNAÝEW 1985-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäherinde doguldy. 2011-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — hukuk öwreniş. 2000-nji ýylyň iýulynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrap alyjylar jemgyýetinde esasy işgäriň ýerine wagtlaýynça instruktor wezipesinde zähmet ýoluna başlady hem-de 2001-nji ýylyň sentýabryna çenli bu kärhanada dürli wezipelerde işledi. 2006-njy ýylyň mart — oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrap häkimliginiň kompýuterçisi. 2011-nji ýylyň awgustyndan 2017-nji ýylyň iýunyna çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2017-nji ýylyň iýuny — 2018-nji ýylyň oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy, 2018-nji ýylyň oktýabryndan 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli şol gullugyň ykdysady seljermeler bölüminiň başlygy boldy. 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2020-nji ýylyň oktýabryna çenli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda dürli wezipelerde işledi. 2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hukuk goraýjy edaralaryň işini utgaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni, 2021-nji ýylyň fewral — noýabr aýlary aralygynda bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gözegçilik bölüminiň esasy hünärmeni. 2021-nji ýylyň noýabry — 2024-nji ýylyň marty aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary boldy. 2024-nji ýylyň martyndan 2025-nji ýylyň iýulyna çenli Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy. 2025-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ulag we logistika bölüminiň howa we suw ulaglary bölümçesiniň esasy hünärmeni. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” hem-de “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini döretmeli. 2. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligini işini bes eden Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 3. Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde: 1) Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi hakynda Düzgünnamanyň, ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny hem-de işgär sanynyň we ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini; 2) şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY H.Ş.KERIMOW hakynda Hangeldi Şirdogdyýewiç Kerimowy Türkmenistanyň awtomobil ýollary ministri wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 13-nji fewraly. Hangeldi Şirdogdyýewiç KERIMOW 1988-nji ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doguldy. 2011-nji ýylda şol wagtky Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — inžener-gurluşykçy. Zähmet ýoluna 2004-nji ýylyň iýulynda “Ýöritenebitgurnamagurluşyk” trestiniň Awtoulag dolandyryş edarasynda abatlaýjy wezipesinde başlady. 2011-nji ýylyň iýulyndan 2019-njy ýylyň fewralyna çenli “Türkmenawtoýollary” döwlet konserninde dürli wezipelerde işledi. 2019-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda Balkan welaýat häkimliginiň Balkan welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji. 2019-njy ýylyň maý — awgust aýlary aralygynda “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Balkanawtoulag” önümçilik birleşiginiň baş inženeri boldy. 2019-njy ýylyň awgustyndan 2020-nji ýylyň fewralyna çenli “Ýedigen gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň baş mehanigi wezipesinde işledi. 2020-nji ýylyň fewraly — 2022-nji ýylyň marty aralygynda Balkan welaýat häkimliginiň “Balkanýolgurluşyk” önümçilik birleşiginiň Türkmenbaşy asfalt-beton öndürýän bölüminiň önümçilik başlygy. 2022-nji ýylyň martyndan 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginde dürli wezipelerde işledi. 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy. Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” we “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY  M.K.GAÝYPOW hakynda Myratberdi Kuwatmyradowiç Gaýypowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş

Read More

2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ähli ilatyna

Hormatly adamlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilmegi hem-de etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz 2025-nji ýylda ähli ösüşlerimiziň hem-de üstünliklerimiziň gözbaşy bolan Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyryp, abadan, bagtyýar durmuşymyzyň bähbidine öňde goýan maksatlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, uly öňegidişlikleri gazandyk. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanan geçen ýylda täze obadyr şäherlerimiziň gurluşygyny depginli dowam etdirdik, iri senagat, energetika, ulag-kommunikasiýa düzümlerini döretdik. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgämiziň üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýurdumyz abadançylygyň, baky bagtyýarlygyň we uly ösüşleriň mekanyna öwrüldi. Eziz watandaşlar! Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby hem durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýurdumyzyň depginli ösýän etraplarynyň biridir. Etrabyň ykdysadyýeti, oba hojalyk, gurluşyk, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary depginli ösdürilýär. Bu ýerde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, ýaşaýyş jaýlary guruldy we bu ugurdaky işleriň depgini has-da güýçlendirilýär. Diýarymyzyň senagat-önümçilik pudagyny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ähli sebitler bilen bir hatarda, bu etrapda-da innowasion tehnologiýaly, kuwwatly senagat, önümçilik desgalary işe girizilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär. Etrabyň zähmetkeşleriniň bugdaýyň, pagtanyň, miwe, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak ugrunda gazanýan üstünlikleri guwandyryjydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Köneürgenjiň baý taryhy, dünýä derejesinde ykrar edilen arheologik we binagärlik ýadygärlikleri bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç şäheriniň binagärlik sungaty, Gutlug Teýmiriň minarasy, Törebeg hanymyň aramgähi, Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar weliniň kümmetleri, gymmatly arheologik tapyndylar, taryhy çeşmeler, ylmy işler gadymy Köneürgenjiň öz döwründe baý ülke bolandygyna şaýatlyk edýär. Daşoguz welaýatynyň bu sebitinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda bu etrapda Bitaraplyk şäherçesiniň we awtomobil köprüleriniň açylyp ulanmaga berilmegi durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalyna öwrüldi. Döwrebap şäherçäniň çäginde ähli amatlyklary bolan 400 sany ýaşaýyş jaýy, 160 orunlyk çagalar bagy, 420 orunlyk orta mekdep, 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, saglyk öýi, söwda merkezi, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi we beýleki medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar bina edildi. Bitaraplyk şäherçesi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bedew batly ösüşleriniň özboluşly beýanydyr. Eziz watandaşlar! Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly işleri halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirip, röwşen geljegiň binýadyny berkitmekden ybaratdyr. Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynanýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär. Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur. Bagtly bolmak üçin Watany söýmek gerek. Edebiň ýagşysy hem Watany söýmekdir» diýen sözlerine eýerip, Watanymyza bolan beýik söýgimiz bilen mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanmak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Hormatly adamlar! Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ähli ilatyny şu günki şatlykly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Resmi habarlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we sebitleriň depginli ösmegini gazanmak, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklaryna maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny doly güýjünde peýdalanmak, eksport ugurly we importyň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri höweslendirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmagy dowam etdirmek, kiçi we orta telekeçiligi giňden goldamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazdurdy Geldinyýazowiç Hojanazarow, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Pälwan Çaryýewiç Kakabaýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kerim Annamyradowiç Nepesow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Bäşimgulyýewiç Ataýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Durdyýew Atamyrat Halmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Meýlis Baýmyradowiç Babaýewiň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Meýlis Annaberdiýewiç Orazow “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mekan Muhammetmyradowiç Ýowbasarow “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Amangeldi Annageldiýewiç Baýramdurdyýew “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammedow Döwletnazar Ilamanowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merjen Gündogdyýewna Geldiýewa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gülşirin Söýunowna Niýazseidowa Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýjahan Kemalmuhammedowna Şiriýewa Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saparow Arslan Kakageldiýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumaýew Guwanç Aşyrgeldiýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammet Muhammetmyradowiç Hummedow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Welmyradow Mekan Gurbangeldiýewiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Azat Annanurowiç Atajanow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ezizgeldi Myratgeldiýewiç Muhammetgeldiýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumanazar Annaýew Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Didar Annamämmedowiç Meredow Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Halatberdi Ýazberdiýewiç Allaberdiýew Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Yslam Nyýaz ogly Aşyrow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Amanmyrat Amandurdyýewiç Orazow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annanepes Baýramgeldi ogly Nepesow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Amanbaýewiç Durdyýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Şatgeldi Öwezgeldiýewiç Ataýew Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Nureddin Batyrowiç Saýypowyň üstüne ýüklenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nagmat Ýazmuhammedowiç Hümmedow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Amanberdiýewiç Çotanow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Sapargeldi Gurbangeldiýewiç Hommadow Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Atamyradowiç Orazberdiýew Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. *** Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak we onuň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2026-njy ýylda 2 müň 100 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. “Türkmenpagta” döwlet konsernine welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmak, welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmek bellenildi. Welaýatlaryň häkimliklerine pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň dowamynda ýurdumyzda meýilleşdirilýän möhüm halkara çäreleri, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol

Read More