5-nji martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda, toý lybasyndaky gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabarada «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary R.Babaýew, Baş inženeri M.Gurbangulyýew, Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnology O.Annadurdyýewdagylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda zähmet çekýän gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Gara metal galyndylaryny taýýarlamak we gaýtadan işlemek boýunça bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi W.Pogosýan çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, eziz Diýarymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa öz beýanyny tapdy. Dabaranyň ahrynda oňa gatnaşyjylar, zenan sarpasyny belentde tutup, olaryň ähli ugurlarda mynasyp orun almaklary, göwnejaý işlemekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, ýagşy däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. ABDYLLA DÖWLETOWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory