Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri arkaly netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ruhy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy, milli medeni mirasyň dünýäde wagyz edilmegi ýaly wezipeler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler döwlet Baştutanymyzyň 27-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde duran möhüm wezipelere ünsi çekip, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamagyň, bugdaýa ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatlarda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlyga üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýändigi üçin Seýşeller Respublikasynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi, şeýle-de seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere, halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 1-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6,2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 7,9 göterime, oba hojalygynda 2,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim artdy. Geçen dört aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 100,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şeýle hem mejlisde şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda daşary döwletlerde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ähmiýetli çäreler barada maglumat berildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Kazanda birnäçe möhüm halkara duşuşyklar geçiriler. Şolaryň hatarynda her ýyl geçirilýän “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” atly halkara ykdysady forumy görkezmek bolar. Şeýle-de “Russiýa — Yslam dünýäsi hyzmatdaşlyk EXPO”, “Halkara emläk bazary” atly sergiler we maslahatlar, “Kazan halal bazary” halkara ýarmarkasy, “Asylly moda güni” festiwaly geçiriler. Atly sport boýunça hem ýaryşlar guralar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda geçirilmegi olaryň aýratyn ähmiýetini görkezýär. Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan Windzor halkara atly oýunlaryň we atly ýaryşlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu çäreleriň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda ahalteke bedewlerine we türkmen atşynaslyk däplerine bagyşlanan sergini guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem mejlisde 9-10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine, “Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany” atly maslahata gatnaşmak ugrunda zerur işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu çäreler behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga ýardam eder. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda türkmen wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläp, geçen döwürde gowy netijeleriň gazanylandygyny, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmäge aýratyn ünsi çekip, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek hakynda Karara gol çekdi. 2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Şunda metjidiň, Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýan muzeýiň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berildi. Iş maslahatynda Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň bütindünýä forumyna gatnaşmagy, şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň depginini çaltlandyrmak, ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek, “akylly” şäheriň bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, talyp haklaryny döretmek meseleleri, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe, Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamedden ynanç haty kabul edildi. Diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi, onuň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy Türkmen-hytaý işewürler forumynyň we sergisiniň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu çäre dostlukly ýurduň senagat, eksport kuwwatyny görkezmek hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy. Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, alyjylaryň arasynda giňden belli bolan hyzmatdaşlar, işjeň gatnaşyklary ýola goýup, geljegi uly türkmen bazarynda orun almagy maksat edinýän işewürler hem bar. 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň gurluşyk, gaz, nebithimiýa toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamyndaky köptaraply innowasion mümkinçilikleri, çig mal gorlaryna baha bermegiň tehnologiýalaryny

Read More

Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog

Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary barha ösdürýär. Şunda parahatçylygyň, dostlugyň, özara ynanyşmagyň möhüm guraly hökmünde medeni diplomatiýa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Bu gurama tarapyndan türki dilli döwletlerde geçirilýän halkara çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, umumytürki gymmatlyklaryň dünýä derejesinde dabaralandyrylmagyna itergi berýär. Türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleriniň TÜRKSOÝ-yň howandarlygynda guralýan festiwallara, sergilere, konsertlere işjeň gatnaşmaklary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli konsertiň guralmagy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda nobatdaky ädimdir. Bu çäre türki halklaryň arasyndaky taryhy we ruhy bitewüligi has-da berkitmek bilen, Türkmenistanyň halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm merkezine öwrülýändigini görkezýär. Konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Onda berkarar döwletimiziň gözel keşbi, owadan tebigaty, halkymyzyň abadan durmuşy çeper beýan edilýär. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Konsertiň dowamynda dünýäniň we türki dünýäniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary, belli dirižýorlar tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak we türk dillerindäki milli operalardan bölekler, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen «Romeo we Julýetta», «Paýasy», «Ykbalyň güýji», «Trubadur», «Karmen», «Faust», «Andre Şenýe», «Granada» ýaly italýan, fransuz, nemes, ispan dillerindäki meşhur ariýalardyr aýdymlar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirildi. Çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konsertiň baý maksatnamasy Türkmenistanyň alyp barýan medeni diplomatiýasyny has-da dabaralandyryp, sungatyň halklary birleşdirýän köpri hökmünde ähmiýetini ýene-de bir gezek subut etdi. Şeýle hem bu çäre türki dilli halklaryň umumy köklerine bolan sarpasynyň, dünýäniň nusgawy mirasyna goýulýan belent hormatyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi. Konsert oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren «Funikuli funikula» atly meşhur eseri bilen jemlendi. Bu eser parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň senasy bolup ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu çäräni geçirmek babatda döreden giň mümkinçilikleri hem-de beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Read More

Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Oňa ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen bir hatarda, türki döwletleriň medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda milli medeniýetimizi ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň durmuşyny ruhy mazmun bilen baýlaşdyryp, ildeşlerimizi her bir işde belent sepgitlere, üstünliklere ruhlandyrýar. Köp sanly döwletleriň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, geçmiş taryha, milli mirasa bagyşlanan ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýdyň subutnamasydyr. Özara gatnaşyklaryň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlary hem-de halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýa parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşany hökmünde nurana geljegiň hatyrasyna halklary özara birleşdirýär. Hut şu ýörelgeler hem şu günki konsertiň maksatnamasynyň binýadyny emele getirýär. Weli Muhadowyň ýubileýine bagyşlanan bu konsert diňe bir aýdym-saz çäresi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dostlukly döwletler bilen medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Dabara Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Onda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, halkymyzyň asuda we parahat durmuşy, döwletimiziň gülläp ösýän keşbi sazyň dili bilen beýan edildi. Konsertde opera eserlerine hem giň orun berildi. Muhadowyň «Zöhre we Tahyr», «Kemine we kazy», «Ganly saka» operalaryndan ýerine ýetirilen parçalar türkmen halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalarynyň hem-de taryhynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Doganlyk halklaryň sungat ussatlarynyň Muhadowyň lirik aýdymlaryny ýerine ýetirmegi goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazyň güýji arkaly has-da berkidilýändiginiň nyşany boldy. Konsertiň dowamynda «Jan, Türkmenistan!» sazy tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Bu eserler Türkmenistan Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň we abadan durmuşynyň özboluşly senasyna öwrüldi. Şeýle hem konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz we opera sungatlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň ruhy bitewüliginiň, taryhy we medeni kökleriniň umumylygynyň nyşanyna öwrülip, medeni hyzmatdaşlygyň hem-de döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da berkidilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Aşyklaryň şäheri» aýdymy çäräniň ajaýyp jemlemesine öwrülip, paýtagtymyz Aşgabadyň parahatçylygyň, söýginiň we dostlugyň halkara merkezi hökmündäki ähmiýetini ýene bir gezek dabaralandyrdy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ussat kompozitor Weli Muhadowyň döredijiligini içgin öwrenmek we geljek nesillere ýetirmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Umuman, bu dabaraly konsert Weli Muhadowyň ajaýyp mirasynyň türkmen saz sungatynyň genji-hazynasyna öwrülmek bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda we medeni diplomatiýada hem möhüm orun tutýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. (TDH)

Read More