7-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow gatnaşdy. Gepleşigiň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň özeni esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyz hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abandançylygynyň nyşany bolup belentlerde parlaýan Döwlet baýdagymyz hakynda buýsançly gürrüňler edildi. ORAZBERDI ANNADURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy – baş tehnolog