Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmek meselelerine seredip geçdiler.

Source

Leave A Comment