Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi

Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli dialogyň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da BMG-niň we GDA-nyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtadylar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýarlyk beýan edildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara söwdanyň häzirki derejesine hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda hususy pudagyň ugry boýunça giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Source

Read More
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.   Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda şu ýylyň dowamynda anyk çäreleri geçirmek meselelerine seredip geçdiler. Source

Read More
Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-ýapon Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlary ara-alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Spikeri Eisuke Mori bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi we hyzmatdaşlygyň syýasy, parlamentara ugurlaryny ösdürmek babatda pikir alyşyşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. Söhbetdeşligiň dowamynda Spiker E. Mori syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýa saparyna aýratyn üns berildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Ýaponiýa bolan saparlarynyň ähmiýeti we bu saparlaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berendigi nygtaldy. Şeýle hem, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň anyk ugurlary, şol sanda türkmen-ýapon Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, Aşgabatda "Merkezi Aziýa + Ýaponiýa" Dialogynyň birinji parlamentara forumyny geçirmek we saglygy goraýyş, bilim, haýyr-sahawat we medeniýet ulgamlarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň zenan parlamentarileriniň arasynda alyş-çalyş gurallaryny döretmek ara alnyp maslahatlaşyldy. Source

Read More
Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljegiň binýady

Ýokary hilli bilim – üstünlikli geljegiň binýady

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli Daşoguz welaýatyndaky ähli umumybilim berýän orta mekdeplerde 25-nji maýda «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Okuwda tapawutlanan uçurymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşurylar, şeýle hem dürli medeni-köpçülikleýin çäreler guralar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki wagtda Daşoguz welaýaty umumybilim berýän hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň giň ulgamy bilen üpjün edilendir. Welaýatda bäş ýüzden gowrak orta mekdep hereket edýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini we beýleki dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdepler, mekdep-internatlar hem bar. Okuw edaralarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli dowam etdirilýär, bu bolsa bilim işine häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny üpjün edýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde döredilen şertler ýokary bilimli ýaş nesliň kemala gelmegine ýardam berýär. Şunuň bilen birlikde, okuwçylaryň aň-paýhas taýdan ösüşi bilen bir hatarda olaryň beden taýdan taýýarlygyna hem degişli üns berilýär. Welaýatyň dürli ýerlerinde her ýyl häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Ýakyn ýyllarda olaryň sany Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Daşoguz şäherinde hem-de onuň käbir etraplarynda açyljak täze bilim edaralary bilen artar. Source

Read More
Lebaply pileçiler pellehanada

Lebaply pileçiler pellehanada

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer ýüpekçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Olar Watan harmanyna bir müň 10 tonna derek bir müň 20 tonna golaý pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdiler.  Munuň özi welaýatda möwsüme ykjam taýýarlykly gelnip, işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekde agrotehniki kadalaryň doly berjaý edilendiginiň, bu jogapkärli işe tejribeli pileçi-kärendeçileriň saýlanyp alnandygynyň, şeýle hem «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň yzygiderli aladalarynyň guwandyryjy netijeleridir.  Şeýle hem gurçuk idetmeklige welaýatyň Gündogarynda ýerleşýän etraplaryň irgözinden girişmekleri we bu etraplaryň ilkinjiler bolup döwlete pile tabşyryp başlamaklary hem-de döwlet öňündäki meýilnamasyny amal etmekleri sebitiň ähli ýerinde pileçi-kärendeçileri tutanýerli zähmete ruhlandyrdy. Ýeri gelende häzirki wagta çenli welaýatyň etraplarynyň aglabasynyň meýilnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendiklerini, muňa garamazdan, Watan harmanyna pile tabşyrmaklygyň dowam etdirilýändigini belläp geçmek möhümdir.  Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 22 müň töweregi bilen şertnama baglanyşylyp, 27 müň 656 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berlipdir. Onuň agramly bölegi bolsa, Çärjew, Halaç, Saýat hem-de Dänew etraplaryna degişlidir. Möwsümde şu güne çenli welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 4 müň 737 guty gurçuk tohumyndan 190 tonna golaý, Halaç etrabynyň pileçileriniň 4 müň 5 gutydan 151,6 tonna, Dänew etrabynyň pileçi-kärendeçileriniň 3 müň 834 gutydan 144,5 tonna, Saýat etrabynyň ýüpekçileriniň hem 3 müň 615 guty gurçuk tohumyndan 132 tonnadan aşyryp pile tabşyrmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Şonuň bilen birlikde welaýatyň beýleki etraplarynyň ýüpekçileriniň hem her gap gurçuk tohumyndan alýan pileleriniň ortaça mukdarynyň ýokary bolmaklygy, bu ugurda sebit boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Source

Read More