TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – BAGTYÝAR GELJEGE TARAP YNAM

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Mälim bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisi ýokary guramaçylykly geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiniň geçirilmegi merdana halkymyzyň müňýyllyklardan dowam edip gelýän asylly ýörelgeleriniň, pähimdar   ata-babalarymyzyň geňeşmek, maslahatlaşmak ýaly asylly işleriniň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli demokratik ýol-ýörelgelerimiz bilen has-da kämilleşdirilip mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisi ýokary guramaçylykly geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläkde ösdürmek bilen bagly meseleler girizildi. Türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgesiniň, döwletiň we jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmakda berk binýat bolan, ýurdumyzda il-ýurt bähbitli işleri ilerletmekde we rowaçlandyrmakda, Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini has-da belent derejelere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy Mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many mazmuna eýe bolan çykyşy hem-de mejlisiň dowamynda öňe süren başlangyçlary tutuş türkmen halkynyň köňül guşuny ganatlandyryp, Watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Mejlisiň dowamynda özüniň taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler, şol sanda elektrik energiýasy, nebit we gaz senagaty, metallurgiýa, himiýa senagaty, gurluşyk, elektron, dokma hem-de azyk, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly möhüm pudaklardaky guwandyryjy üstünliklerimiz bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna çykan, gurluşyk we senagat toplumy hakynda aýratyn durup geçip, «Häzirki wagtda iri senagat desgalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orna eýedir. Bu senagat desgalarynyň ählisi ahyrky netijede raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod, «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» zawodlary, «Balkan», «Lebap» we «Bäherden» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy öz önümleri bilen ýurdumyzyň senagatlaşma strategiýasyna we importyň ornuny tutýan önümçilige ägirt uly goşant goşýar» diýip bellemegi, biz senagatçylary has-da guwandyryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen özygtyýarly döwletimiziň okgunly ösüşi üpjün edilip, uzak geljegi nazarlaýan,   ylyma-bilime daýanýan, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli maksatnamalar, strategiýalar işlenip taýýarlanyldy. Bu bolsa, amala aşyrylýan özgertmeleriň berk binýadyny emele getirip, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň bedew batly ösüşlerini dünýä buşlaýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu gezekki mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýaşulularymyzy we mährem enelerimizi, zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlarymyzy Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara, halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen degişli Permanlara gol çekmegi, şeýle hem «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy» milli konsepsiýasynyň, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» we «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030-2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy, «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ula hormat goýmak, il içinde uly sylag-hormata eýe bolan ýaşulylarymyzy, kümüş saçly enelerimizi sarpalamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýagşy däp-dessurlarymyzyň aýdyň şöhlelenmesine öwrülip, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmekde, hemişelik Bitaraplygyň amaly mümkinçiliklerini açmak boýunça çäreleriň bitewi döwlet ulgamyny emele getirmekde, ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ylym-bilim, iň häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmakda, ýaşlary hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmekde, olary ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga has-da ruhlandyrmakda, döwletimiziň syýasy we medeni durmuşuna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmekde, adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, üpjün etmekde we goramakda döwlet ulgamyny pugtalandyrmakda, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmekde, arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň genofondyny gorap saklamakda, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de üstünlikli dowam etmekde möhüm ähmiýete eýedir.          Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine laýyklykda ara alnyp maslahatlaşylan meselelerden, kabul edilen kararlardan görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty – diňe bir ýerine ýetirilen işlere netije çykarmak däl, eýsem-de ýurdumyzyň geljekki strategik ösüşiniň ugurlaryny düýpli kesgitledi. Bu bolsa, bedew batly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkara abraýynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyna itergi berer. Çünki, Türkmenistanyň Halk Maslahaty – ýurdumyzy Berkarar eden, ähli ösüşlerimiziň, şöhratly menzillerimiziň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen merdana halkymyzyň agzybirliginiň, döwlet we halk bitewliliginiň hem-de milli demokratik ýörelgelerimiziň aýdyň beýanydyr! GURBANGELDI BAÝRAMDURDYÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktorynyň w.w.ý.ý.

Read More