Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň nobatdaky böleginiň açylmagy – ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagynyň esasy şertleriniň biridir

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan özüniň saýlap alan parahatçylygy söýüjilikli ýoly bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bütin dünýä dostlyk goluny uzadýar. Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri sebitiň we dünýäniň örän amatly ýerde ýerleşmek bilen, bu günki gün üçünji müňýyllykda bu möhüm ugury dikletmekde hem birnäçe milli we halkara derejeli işleriň başyny başlady. Çünki, bu ägirt uly umumy adamzat ähmiýetli başlangyçlaryň başyny başlaýjy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman |Arkdagymyz ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň özenini tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen asylly maksatlarda görmek bilen, şeýle asylly başlangyçlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutanýerli tagallalary we ýiti zehini netijesinde halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, onuň häzirki zaman şertlerine görä hereket etmegini gazanmak üçin öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenmä eýe bolmak bilen giň goldaw tapýar. Şeýle başlangyçlaryň bolsa, bütin dünýäde durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça BMG-na agza döwletleriň goldamagy bilen bu guramanyň ýörite Kararnamalarynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça strategik taýdan ähmiýetli çäreleri amala aşyrmaklygy göz öňünde tutýan milli maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi hem-de bu maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň we halkara ulag hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmekde, ulag ugrunda halkara guramalary, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary bilen has-da ysnyşykly aragatnaşygy ýola goýmakda, ýöriteleşdirilen halkara ulag we logistika guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde; ulag-logistika ulgamynda badalga berlen iri halkara we sebitara taslamalary durmuşa geçirmekde, olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we bu geçelgeleriň netijeli ulanylmagyny gazanmak, uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyny gazanmak, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýän iň iri taslamalarynyň biri hem umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşydyr. Bu taslama 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi esasynda gurluşyk işlerine badalga berildi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Aşgabat-Tejen, Tejen-Mary, Mary-Türkmenabat ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Awtobanyň birinji böleginiň degişli halkara hil standartyna laýyk gelmegi bu ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny doly subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar. Özünde birnäçe döwrebap desgalary jemleýän, alty sany hereket zolagyndan ybarat bolan, ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleri döredilen, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edilen, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler ornaşdyrylan Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň Tejen-Mary böleginiň bu taryhy ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi Bitarap ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Bu döwrebap ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bu ägirt uly möhüm taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistik merkeze öwrülýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Ltd.» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasy tarapyndan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegine «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasynyň, Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasy tarapyndan «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamanyň, Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalarynyň gowşurulmagy hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde tapgyrlaýyn esasda gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýolynyň gurluşygynda, häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylyşyna çenli, tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyny, şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzyň sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny, geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüjilikli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagy+nyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden-ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we «Tiz kömek» merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygynyň ýörite nokatlary oturdyldy. Täze döwrebap desgalary gurdurup, Berkarar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegini, ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek ugrunda dünýä nusgalyk işleri amal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara üstünliklere beslensin. ABDYLLA DÖWLETOW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňdirektory

Read More

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

8-nji aprelde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyny «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanepes Orazow alyp bardy. Tanyşdyrylyş dabarasyna kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmeni Nöker Seýitmyradowdagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde bellenilýän, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň, geçmiş taryhymyzy düýpli öwrenmegiň, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmagyň ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ýetirilmegi bu ýylyň taryhy wakalarynyň ýene bir gezek bütin dünýä şöhlelenmesi bolmak bilen, ýurdumyzdaky islendik arheologik taryhy ýadygärliginiň, gadymy binagärligiň her bir türkmen nusgasynyň aňyrsynda irki adamzat medeniýetini esaslandyran halkymyzyň geçmiş taryhynyň bardygyny, milli gymmatlyklarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän merdana halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň we agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň bolsa dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýetine eýedigi barada, şeýle hem «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli dünýä nusgalyk işleriň aýdyň subutnamasydygy barada buýsançly çykyşlar diňlenildi. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 23-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi. Kitapda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pikir-garaýyşlary «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapda beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz täsin rowaýatlary häzirki günlere çenli saklap galan, dürli döwürleriň hem-de halk hakydasynyň şaýady bolan Änew medeniýetiniň ähmiýetini kitabyň sahypalarynda giňişleýin beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli «Ak bugdaý» muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýär. Ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eseriň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly babynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» durmuşa geçirilýän döwründe Ahal welaýatynyň çägindäki häzirki zaman kärhanalarda senagat önümleriniň, gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, täze önümçilik desgalaryny işe girizmegiň hasabyna önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmagy, şeýlelikde, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmagy, ähli pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmegi, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy göz öňünde tutýarys» diýip buýsançly bellemegi kabul edilýän maksatnamalaryň netijesinde ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň has-da artjakdygy biziň ählimizi has-da biz ýaş senagatçylary buýsandyrýar diýip «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmeni Nöker Seýitmyradow belläp geçdi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda çärä ýygnananlar halkymyza şeýle gymmatly kitaplary peşgeş berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. HOJANEPES ORAZOW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňSanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunçabaş hünärmeni

Read More

NOWRUZ GELDI ILIME!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni taryhy wakalara beslenip türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji martynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenip geçirilýär. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumy adamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär. Ýadymyzda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň teklibi bilen, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň goldamagynda 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite Kararnama kabul edildi. Şol günden bäri köp asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Nowruz baýramy. halkara derejesinde giňden bellenilýär. Dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän, medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizililmegi bolsa bu baýramyň many-mazmunyny we ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmen halkynda Nowruz güni Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan hem däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr. Şolaryň arasynda bolsa, Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen tagam atýýarlamak däplerimiziň biri hem semeni taýýarlamakdyr. Semenini däp-dessurlarymyza laýyklykda il arasynda uly abraýa we hormata eýe bolan zenanlar tarapyndan taýýarlanylýar. Taýýar bolan semeni goňşy golamalara, myhmanlara paýlanylýar. Nowruzda üýşüp semeni taýýarlamagyň, ony uly il bolup, paýlaşmagyň baş maksady bolsa – Täze ýylyň bol hasylly, rysgal bereketli, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini arzuwlamak bolup durýar. Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri türkmen halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde saklap gelýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bolsa bu baýramçylyk ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar. Nowruzyň gelmegi bilen baglanşykly döredilen sanawaçlar, läleler, monjukatdylar, hüwdiler, öleňler, gazallar, nakyllar bolsa milli halk döredijiligimiziň genji-hazynasydyr. Türkmeniň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň mukamy, halypa bagşylaryň belent owazy, gargy tüýdügiň ýanyndaky ýanama aýdymlaryň joşgunly sesi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň özüne mahsus bolan däp-dessury ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetdi. Gadymy oguzlarda hem bu baýramçylygy Günüň gudratyna bagyşlap geçiripdirler. Oguzlaryň düşünjesinde Güne ýaşaýşyň esasyny döredýän keramat hökmünde garapdyrlar. Günüň ýiti şöhlesi ähli ösümlik dünýäsiniň, janly-jandaryň ýaşamagynyň çeşmesi diýip düşünipdirler. Olar bu baýramçylygy akar suwuň, ýagny uly derýanyň boýunda geçiripdirler. Nowruz baýramynda türkmen milli oýunlaryndan: Ýüzük tapdy (keçe-keçe, çeke-çeke) oýny, Deňňene, Geşdek (keşdek, heşdek), Ýaglyga towusmak, At çapyşygy, Altyn gabak oýny, Çowgan, Göreş, Aşyk oýny, Aýterek – günterek, Öweleme-düweleme, Guşak goýdy, Çilik-hekgal, Çiş oýny, Ak süňk, Çap atym ýaly oýunlar oýnalýar. Nowruz bilen bagly il arasynda dürli ynançlar hem bar olordan: Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler. Sebäbi ol bagt getirýärmiş ýa-da bolmasa Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally gelermiş, Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pederlerimiziň iň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda ruhubelent türkmen halkynyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz baýramy türkmen döwletiniň şöhratly täze senenamasynda täze mazmuna, täze ruha, täze röwşe eýe boldy» diýip buýsançly belläp geçýär. Hakykatdan hem bu nurana baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryma Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň agzybirligiň jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, dünýä nusgalyk asylly başlangyçlary, beýik işleri hemişe rowaç bolsun. BÄGÜL GULOWA«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňBuhgalteriýa hasaba alyş we hasabatbölüminiň baş hünärmeni

Read More

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry – ýurdumyzyň täze senagat kuwwaty

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy üpjün edilýär, ýurdumyzyň halkara abraý derejesi has-da pugtalanýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ylyma-bilime daýanýan, uzak gelejegi nazarlaýan kämil işlenip taýýarlanylan döwlet we milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we hemaýat goldawlary netijesinde sazlaşykly, maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde anyk wezipeleriň hem-de maksatlaryň goýulmagy ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň gelejekde ösüşiniň aýdyň ýoluny kesgitledi. Pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda bar bolan çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna impordyň ornuny tutýan eksport ugurly bäsdeşlige ukyply, senagat we gurluşyk harytlaryny öz ýurdumyzda öndürmek, täze ýokary kuwwatly döwrebap senagat we gurluşyk harytlaryny öndürmäge niýetlenen zawotlary, kärhanalary gurmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, öňden hereket edýänleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda döwrümiziň ruhuna laýyk derejede işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde iň häzirki zaman ösen döwletleriň ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iri zawotlar we kärhanalar gurulup ulanylmaga berildi we birnäçesiniň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Uly üstünliklere beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Döwrebap «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgynyň gurulmagy güneşli Diýarymyzda sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynda açylan «Lebap» sement zawody bu ugurda nusgalyk görkezijidir. Bu önümçilik kärhana sebitde täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dürli maksatly gurluşyklary ýokary berklige eýe bolan sement bilen üpjün etmäge gönüden-göni öz täsirini ýetirdi. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldan, iri senagat kärhanasy häzirki zaman sement önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy. Zawodyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm ähmiýetli şertleriň bir hökmünde çykyş edýär. Önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň rugsat edilýän derejesinden hem ep-esli az bolmagy, zawodyň howa goýberýän tozanlaryny toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ullanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Önümçilik işiniň talaba laýyk alnyp barylmagyna, taýýar önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin barlaghana we gözegçilik bölüminiň, abatlaýyş ussahanasynyň bolmagy işleriň has-da ilermegine, öndürilýän önümiň hiliniň ýokary bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşar. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimzi senagat taýdan gülläp ösýän döwletleriň birine öwren we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmaga, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary kuwwatly önümçilik kärhanalary we zawotlary gurup ulanmaga berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. AMANGELDI DURDYÝEW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňbaş inženeri

Read More

8 mart halkara zenanlar güni

6-njy martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli «Dünýäniň ýaraşygy-türkmen gelin-gyzlary» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çäräni «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanpes Orazow alyp bardy. Dabara kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, kärhnada zähmet çekýän gelin-gyzlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeri Amangeldi Durdyýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Aýgül Hojatowadagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründehormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güniniň taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly senelere, taryhy ähmiýetli şatlykly wakalara beslenýändigini nygtap, dabara gatnaşyjy zenanlary bahar paslynyň tebigata jan girip ynsan göwnüni galkyndyrýan günlerinde bellenilýän   8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halky öz gelin-gyzlarynyň sarpasyny elmydama belentde saklap, ony ar-namysyna deňäp elmyda zenanlary sarpalan merdana halkdygy, bu ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam edilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Dabarada çykyş edenler türkmenlerde ýaş nesli terbiýelemek, ýaşlary halallyk, zähmetsöýerlik, il-halka wepalylyk ýaly belent adamkärçilik terbiýesini bermek, watansöýjüligi has-da artdyrmakda türkmen zenanlarynyň paýy uludyr. Häzriki wagtda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraý mertebesini ýokarlandyrmakda zenanlarymyzyň mynasyp paýy bar. Döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak arkaly türkmen zenanlary bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl eýsem, dünýäniň beýleki abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim alyp, ykdysadyýetimiziň, halk hojalygynyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýyş we ylym-bilim, senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynyň edaralarynda netijeli zähmet çekýärler. Türkmen zenanlary sport ulgamynda hem netijelilik görkezip, dünýä derejeli, ýerli, halkara we olimpiýa oýunlarynda çykyş edip uly üstünlik gazanmak bilen watanymyzyň halkara sport abraýyny pugtalandyryp altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolýarlar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapyp sungat derejesine ýetirilen ajaýyp halylarymyz, keşdelerimiz milli buýsanjymyza, zenanlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän hüwdülerimiz, monjukatdylarymyz, lälelerimiz bolsa türkmen halkynyň halk döredijiliginiň altyn gaznasyna öwrülendigini nugtadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zenanlaryň hukuklary we azatlyklary has kämil hukuknamalary bilen berkidilýär we bu ulgamy has-da döwrebap kämilleşdirmek maksady bilen dünýäniň iň abraýly guramalary şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri bilen ysnyşykly işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalary goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Hut şu maksatdan ugur alyp paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezleri, «Ene Mähri» merkezleri iň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp gurulup ulanylmaga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp çagaly maşgalalary goldamak, olara durmuş ýeňilliklerini bermek boýunça beýik başlangyjy öňe sürmek bilen, sekiz we ondan hem köp çagany kemala getiren  hem-de olary terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Zenan Kalby» ordeni bilen sylaglamak, şeýle hem olara ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek, durmuş ýeňilliklerini döretmek ýaly asylly başlangyçlar häzirki wagtda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly däp boldy. Bu bolsa, zenan mertebesini ähli zatlardan belentde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar hakynda edýän beýik aladalarynyň we ünsiniň mundan beýläkde has-da berkejekdigini görkezýän aýdyň hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanly zenanlara 60 manat möçberinde pul sowgatlarynyň berilmegi bolsa zenanlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr. Çeper söz sungatyna çäksiz sarpa goýýan hormatly Arkadagymyzyň döredijilik ylhamynyň miwesi bolan «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» diýen kitabynyň halkymyzyň goluna gowuşmagy zenanlarymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Çeper sözüň maňzyndan many alan Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby baky mukaddesligiň gönezligi hasaplanýan ene barada ýazylan kämil eserdir. Kitapda manyly durmuşyň ýüregi, mukaddes ojagyň diregi, maşgalanyň baş sütüni bolan ene hakyndaky göwün ýöretmeler Gahryman Arkadagymyzyň ýürek ýodalaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Onda mukaddesligiň hem mähribanlygyň belent baýdagy hasaplanýan enäniň deňi-taýy bolmajak güýçdügi nygtalýar. Balalary üçin älem gowulyklaryny dilän ejesi barada Gahryman Arkadagymyz çagalyk ýatlamalary bu kitaby okan her bir ynsany pikir ummanyna gark edýär. Dabaranyň dowamynda kärhananyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar zenan mertebesini sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. HOJANEPES ORAZOW «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hün

Read More