Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde boldy

Arkadag şäheri, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda türkmen bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny, milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary at çapyşyklaryna taýýarlamak üçin amatly şertleri, ýakymly howa gurşawyny özünde jemleýän künjekde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, “At — myrat” okuw merkezi hereket edýär. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmegine giň ýol açýar. Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar. Ýapyk manežde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda bolan, milli atşynaslaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän “At — myrat” okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Merkeziň ýolbaşçysy milli we dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis, rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda geçilýän okuwlar barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barlyp, her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär. “At — myrat” okuw merkeziniň ýaş mugallymlarynyň biri Arkadag şäherinde çagalara degişli ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda, milli atçylyk ugry boýunça ylmy iş bilen meşgullanmak üçin hem ägirt uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize merkeziň mugallymlarynyň adyndan hoşallygyny bildirdi. Milli Liderimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda merkezde bilim alýan çagalar bilen duşuşmak üçin ýörite gelendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlarda ahalteke bedewlerine söýgini döretmek ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, okuwdan boş wagtlaryny netijeli peýdalanmaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, bedewe atlanan ýaşlarda mertlik, batyrlyk ýaly häsiýetler kemala gelýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkezi hem ýaşlara dürli ugurlar boýunça bilim bermekde netijeli işleri alyp barýar. Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz ata höwesli ýaşlara niýetlenen sowgady gowşurdy we “Sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin!” diýip, olara hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi. «At — myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy we bu ýerde bilim alýan ýaşlar bildirilen hormat-sylag üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ussat atşynaslar, ökde çapyksuwarlar bolup ýetişmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Haýyr-sahawat gaznasynyň gönükdiren bu serişdeleri okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer. Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýolbaşçylarynyň we okuwçylaryň haýyşy boýunça olar bilen iki sany bedewiň ýanynda ýadygärlik surata düşdi. Munuň özi ykbalyny atçylyga baglamak isleýän ýaşlaryň saýlap alan hünärine höwesiniň, ýurdumyzda ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bilim alýan ýaşlara milli atşynaslyk däplerini içgin özleşdirmekde we ony has-da ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady. Dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan paýhasly pederlerimiziň yhlasyndan dörän ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sungatyny ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelende, Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy. Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Hormatly Arkadagymyz ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary bilen duşuşandygyny, olara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurandygyny belledi. “Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýär. Atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleri döredýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini, çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi. “Ata-babalarymyzyň «Taý ata ýetirer, at — myrada», «Atym bar — ganatym bar», «At agynan ýerde toý bolar» diýen parasatly pähimleri behişdi bedewlere belent hormatdan nyşandyr. Ahalteke bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, bu gün ýurdumyzyň belent ösüşleriniň beýanyna öwrüldi” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, «At — myrat» okuw merkeziniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmeginiň ýaşlaryň atçylyk, atşynaslyk sungaty boýunça bilimini kämilleşdirmäge ýardam edýändigini aýdyp, häzirki döwürde ýurdumyzda türkmen bedewiniň şanyna toýlaryň uludan tutulýandygyny, şolaryň esasy bezeginiň bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparydygyny nygtady. Duşuşykda toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklary, olaryň

Read More

«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNA HALKARA ŞAHADATNAMALARYNYŇ GOWŞURULMAGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

        4-nji fewralda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň we kärhananyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Dabarany Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy H.Orazow alyp bardy.          Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory A.Döwletow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy N.Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy R.Babaýew, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni A.Bazarowdagylar çykyş etdiler.          Çykyşlarda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň we özygtyýarly Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak taryhy senelere, şatlykly wakalara beslenip uly ruhubelentlikde dowam edýändigini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belläp, türkmeniň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşan bu taryhy wakanyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylymyzda gowşurulmagynyň, taryhy ýylyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmak bilen, milli atşynaslarymyza, bedewlerimiziň seýislerine, olara ussatlyk bilen erk edýän çapyksuwarlarymyza, şeýle hem milli atşynaslyk däplerimizi häzirki döwürde mynasyp dowam etmekde, ony gorap saklamakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde we döwrebap derejede ösdürmekde tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgümizi has-da artdyrdy diýip uly buýsanç bilen bellediler.          Türkmenistanda sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi. Bu toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine, geçen ýyl bolsa Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Türkmenistanda atçylyk sportyny we sirk sungatyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde başy başlanan taryhy özgertmeler, täze taryhy eýýamda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netjesinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ussat halypa seýsi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly yhlasynyň we seýisçilik tejribesiniň netijesinde özüniň seýislän 2009-njy ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat berilen Akhan bedewiniň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini hem-de Akhanyň bu abraýly toparyň düzüminde dürli döwletlerde çykyş edip ençeme halkara festiwallarynda baýraklara mynasyp bolmagy aýratyn guwandyryjy wakalaryň biridir.          Ýurdumyzda atçylyk sungatynyň abraýy has-da artyp bu ugurda halkara gyzyklanma barha ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden bahasyna ýetip bolmajak maddy gymmatlyklarynyň halkara derejesinde dabaralanmasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dürli ýyllarda döreden «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň çapdan çykmagy we olaryň dürli dillere terjime edilmegi, giň dünýä jemgyýetçiligi we ahalteke atlary bilen gyzyklanýanlar üçin gymmatly goldanma öwrüldi.              Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda merdana halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi bedewlerimizi köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek boýunça köpasyrlyk däplerimizi gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek, bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamaga aýratyn üns berilýändigini, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, ösüş ýoluna düşen türkmen döwletiniň ýeten belent sepgitleriniň, gazanýan beýik üstünlikleriniň aýdyň beýanyna öwrülendigini, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny belende galdyrmakda, milli seýisçilik däplerini goramakda, olary geljekki nesillere miras goýmakda we ösdürmekde uly işleri bitiren atçynaslaryň, halk seçgiçileriniň hem-de ussat seýisleriň atlarynyň ebedileşdirilýändigini, sebitde deňi taýy bolmadyk, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan döwrebap «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk akademiýasyna we bu şäheriň esasy şaýollarynyň birine Aba Annaýewiň adynyň dakylmagynyň munuň aýdyň subutnamasygyny uly buýsanç billen belläp,  Aba Annaýewiň atşynaslyk sungatyny ösdürmekde, bu sungatyň gadymy däplerini nesilden-nesillere geçirmekde bitiren hyzmatlarynyň örän ulydygyny we häzirki ýaş nesillere nusgalyk ýol-ýörelgedigini aýratyn bellediler.              Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşýan gymmatly baýlygymyz bolan behişdi bedewlerimizi sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. RÜSTEM BABAÝEWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary

Read More

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINE BAGYŞLANAN MAKALA ÇAP EDILDI

         Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň esaslandyran 3 aýda 1 gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynyň 2025-nji ýyl üçin 4-nji sany neşir edildi. Neşiriň täze sanynda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Önümçilik-tehniki we tehnologiki bölüminiň başlygy-baş tehnolog O.Annadurdyýewiň «Ajaýyp eserler – ylmy hazyna, egsilmez ruhy gymmatlyk» ady bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýetine bagyşlanan makalasy ýerleşdirildi.          Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleriniň «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynda yzygiderli öz makalalary we eserleri bilen çykyş etmekleri, hünärmenleriň täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere seslenmekde we olaryň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedir. GÜLNARA ATAÝEWATürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni

Read More

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy – 2025-nji ýyl

Saglygy goraýyş we sport 2025-nji ýyl berkarar Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazyldy. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezen wakalar hem-de ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ugurlarda ýetilen sepgitler bilen taryha girdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: “Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar” diýip nygtady. Şeýle hem keselleri irki döwürden anyklamakdan we öz wagtynda bejermekden başlap, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hereketini işjeňleşdirmäge çenli biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan hem-de rejelenen görnüşde täzeden kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapýar. 2025-nji ýylyň milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly strategiýanyň özboluşly başlangyjyna öwrülen bu möhüm maksatnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna beslenendigini bellemek gerek. Şanly sene mynasybetli iýul aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde geçirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» atly ylmy-amaly maslahatyň gün tertibinde degişli ugurda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Ýubileý senäniň wajyp ähmiýete eýedigini görkezýän şeýle maslahatlar, ugurdaş çäreler ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda maksatnamanyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Saglygy goraýyş babatda kanunçylyk namalarynyň, milli we döwlet maksatnamalarynyň toplumy kabul edildi. Olar döwrüň talaplaryna, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tekliplerine laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezler guruldy. Olara abraýly halkara güwänamalaryň gowşurylmagy diňe bir ulgamyň işgärlerinde däl, eýsem, ähli türkmenistanlylarda ruhubelentlik we buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi «Rat für Formgebung German Design Council» tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy. Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirer. Gahryman Arkadagymyz bu ýöriteleşdirilen desgalaryň gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen yzygiderli tanşyp, olaryň gurluşygy, tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy boýunça gymmatly maslahatlaryny berýär. Olarda oturdylýan lukmançylyk enjamlarynyň birnäçesiniň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, sebitde-de ilkinji gezek ornaşdyrylýandygyny bellemek gerek. Öňdebaryjy saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy, olarda bejerişiň iň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, näsaglara dünýä tejribesine daýanýan lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň hödürlenilmegi ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe çykarýar. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň hünärmenleri dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk, ylmy-kliniki merkezlerine iş tejribeligine yzygiderli ugradylýar. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahatlardyr okuwlar saglygy goraýyş işgärlerine keselleri anyklamakda, bejermekde hem-de öňüni almakda daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga, bilimlerini artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki döwür ýokary tehnologiýalaryň asyrydyr. Şoňa görä, Türkmenistanda tehnologiýalaryň çalt depginde döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy wajyp wezipeleriň biri hasaplanýar. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri bu ugurdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň görkezijisidir. Tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýän “akylly” şäherde ýaýbaňlandyrylýan işler ilatyň saglygyny goramak babatda gazanylan üstünlikleriň hem beýany bolup durýar. Onuň döwrebap saglygy goraýyş düzümleriniň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa merkeziniň, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, «Tiz kömek» merkeziniň, saglyk öýüniň bardygyny nygtamak gerek. Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini içgin öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ilatyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli işleriň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketini ösdürmek üçin şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumy, sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion guruldy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, 2025-nji ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanymyz Arkadag medisina klasteriniň birinji tapgyryny gurmak hakynda Karara gol çekdi. “Akylly” şäherde mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin hem ähli zerur şertler göz öňünde tutulandyr. Durmuş ugurly syýasaty alyp barýan döwletimiz olara hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ata-enesinden jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlar baradaky aladany baş maksat edinýän uly işleri amala aşyrýar. Onuň ştab-kwartirasy Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýär. Esaslandyrylan wagtyndan bäri gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe çaga möhüm lukmançylyk operasiýalary geçirildi, saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy. Geçen ýylyň 9-njy dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gaznanyň şahamçasynyň açylmagy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Onuň açylyş dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň belleýşi ýaly, diňe Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäde ýaşaýan ähli çagalar hakyndaky alada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanylýar. Gaznanyň täze şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny bermek, medeni çäreleri guramak boýunça utgaşdyryjy merkeziň hyzmatyny ýerine ýetirer. Hazar deňziniň arassa, jana şypaly howasy, sagaldyş merkezleri çagalaryň diňe bir saglygyny dikeltmegi üçin däl, eýsem, kadaly dynç almaklary üçin hem amatly şertleri döredýär. “Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzda ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek boýunça uly işler geçirilýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň sebitlerinde daşary ýurt döwletleriniň iri önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan, ýylyň ähli paslynda hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş merkezleriniň uly toplumy hereket edýär. Ýurdumyzda täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan şypahanalarda peýdalanylýan döwrebap sagaldyş usullary, dynç almak we saglygy bejertmek üçin döredilen amatly şertler saglygy dikeltmäge, ýadawlygy aradan aýyrmaga ýardam edip, adamlaryň şähdini açýar hem-de gurplandyrýar. Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmekde toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-niň giň ykrarnamasyna mynasyp bolýar. Bu düzümler bilen bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan iri halkara, sebit guramalarynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anura Kumara Dissanaýakä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lankanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda degişli işler dowam edýär. Şeýle-de häkim gyş paslynda welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin bar bolan serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň we önümçilikde agrotehniki kadalaryň tutuş toplumynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle-de sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berildi. Hormatly

Read More

Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar

Geçen hepde milli däplerimize berk ygrarly bolan Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň ynamly amala aşyrylýandygyny, olaryň ýurduň durmuşynyň ähli ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ykdysady öňegidişligiň üpjün edilmegine, halkyň abadan durmuşyna gönükdirilendigini tassyklaýan wakalara baý boldy. 26-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek, ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumy, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýarlanylýar. Şol bir wagtda welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we tekizlemek, olaryň tohumyny ýazky ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk möwsüminiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny pugta berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak çäreleriniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi babatda tabşyryklary berdi. 27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalar, aýratyn-da, döwrebaplaşdyrylan şaýol, köprüler, ýol-ulag düzümine degişli desgalar bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň berkligine, merkezi şaýollaryň ugrunda bina ediljek ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň üstünden ýük awtoulaglarynyň geçip bilmegini göz öňünde tutmaga, köpriniň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň jemi 220-den gowragy gurulýar. Şunda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, häzirki zaman şertleri döredilýän 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bilim edaralarynda, saglyk merkezlerinde täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak, öňde boljak şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, adamlary täze jaýlara göçürip getirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini, ýoluň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän bedew heýkelleriniň görnüşleri, olaryň ýerleşdiriliş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berildi. Soňky wagtda şäheriň häkimligi tarapyndan alnyp barylýan işlerde haýal-ýagallyga ýol berilýändigine we işleriň guralyşynyň talabalaýyk däldigine nägilelik bildirip, Gahryman Arkadagymyz bu ugurdaky işleriň häzirki zaman talabyna laýyk derejede guralmalydygyny, şäheriň abadançylyk we arassaçylyk derejesiniň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny, ähli işlere gözegçiligiň has-da güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Milli Liderimiz täze şäheriň çäklerinde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň, şanly seneleriň ýokary derejede geçirilmegi, oňa şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň depgininiň şu ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygaryna kybap derejede amala aşyrylmalydygyny nygtady. Şeýle-de binalaryň gurluşyklarynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigine, olaryň öz wagtynda ulanmaga taýýar edilmelidigine üns çekildi. 30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny, bank işini döwrebaplaşdyrmak we sanly ykdysadyýeti, nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny giňden wagyz etmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak boýunça teklipler hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu sergä gatnaşmak üçin eýýäm dostlukly ýurduň 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar, esasan, enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlary, himiki serişdeleri, demir önümleri, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler, gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümlerdir. Şu ýylyň mart aýynda Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwal geçiriler. Festiwala dessançy bagşylar, sazandalar, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary we okuwçylar gatnaşarlar. Onuň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Täze elektron neşir ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeleri giňden beýan eder. Onda professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Bu teklibi hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden çykyşynda öňe sürüpdi. Bu başlangyjy durmuşa geçirmek boýunça esasy hyzmatdaş hökmünde BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligi kesgitlenildi. Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, şeýle hem “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak meýilleşdirilýär. Ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol ýaryşyna taýýarlygynyň derejesi bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Olimpiýa şäherçesine geldi. Milli Liderimiz häzirki döwürde halkara giňişlikde üstünlikli çykyş edýän “Arkadag” futbol toparynyň öňde boljak jogapkärli ýaryşynyň geçiriljek ýeri bolan 45 müň orunlyk, Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzda üstünlikli geçirilen «Aziada — 2017-niň» esasy nyşany bolan alabaýyň şekiline üns berildi. Bellenilişi ýaly, alabaýyň şekili şol oýunlarda türkmen türgenlerini uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Bu gezekki ýaryşda hem alabaýyň şekiliniň halkara futbol bäsleşiginiň nyşany hökmünde seçilip alynmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwondo, tans sporty, kik-boksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard sporty, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilendigi, onuň her bir görnüşiniň özboluşly nyşanynyň bolandygy nygtaldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi halkara giňişlikde ýurdumyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki sport abraýynyň belende galmagyna gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki döwürde olaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistan dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň milli sport ulgamyndaky giň möçberli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigi nazara alnyp, sportuň ähli görnüşlerini, şol sanda türkmen futbolyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Bu bolsa oňyn netijelerini hem berýär. Türkmen türgenleriniň sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň, bosgunlaryň wekilleriniň müňlerçesiniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek geçirilen Aşgabat Aziadasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ýurdumyzda halkara sport bäsleşiklerini geçirmek boýunça toplanan tejribäniň has-da baýlaşmagyna giň ýol açdy. Şunda ýaryşlara Türkmenistanyň başlangyjy bilen Okeaniýa ýurtlarynyň hem-de bosgunlaryň wekilleriniň gatnaşdyrylmagy, oýunlaryň maksatnamasyna türkmen milli göreşiniň girizilmegi onuň tapawutly aýratynlygy boldy. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edildi. Sport toplumynyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen binalarynda “Aziada — 2017” oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň sport taryhynda möhüm orny eýelän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy Olimpiýa şäherçesine getirildi. Bu dabaraly ýöriş Diýarymyz boýunça 500 günläp dowam etdi. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen iri ýaryşlara taýýarlygyň giň gerime eýe bolandygyny alamatlandyrdy. …Türkmen halkynyň Milli Lideri stadionyň meýdançasy, onuň tomaşaçylar üçin niýetlenen oturgyçlary we beýleki mümkinçilikleri bilen içgin tanşyp, bu ugurda bar bolan meseleleriň oňyn çözülmeginiň möhüm wezipedigini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini aýdyp, ýurdumyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ähmiýetli bolan bäsleşigiň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy futbol ýaryşynyň guramaçylykly geçirilmeginiň, futbol janköýerleri we tomaşaçylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ähli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Futbol ýaryşynyň dünýäde giňden beýan edilmegi bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Bu ýerde ýaryşa tomaşa etjekler üçin bolşy ýaly, türgenler we tälimçiler üçin hem zerur şertler döredilmelidir. Şunda häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň, dünýäniň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmalydygyna ünsi çekip, hormatly Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow stadionyň futbol meýdançasynyň taýýarlyk derejesiniň ýokary halkara görkezijilere, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigi hem-de stadionda halkara ýaryşlary, ýokary derejeli türgenleşikleri geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygy barada giňişleýin maglumat berdi. Stadionyň futbol meýdançasy oýundan beýleki wagtlarda ýörite polietilen bilen örtülýär. Munuň özi meýdançanyň hemişe talabalaýyk derejede saklanmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyz sport ulgamyna degişli ähli desgalaryň, şol sanda Olimpiýa şäherçesiniň binalarynyň, Olimpiýa stadionynyň meýdançasynyň ykrar edilen talaplara laýyk derejede saklanmagy bilen bagly meseleleriň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz başlanmagyna 10 gün galan halkara futbol duşuşygynyň ýokary derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” “Sport, sen — parahatçylyk!” diýen sözlerini mysal getirdi. Munuň özi dünýäde ruhubelentligiň senasy, parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň çagyryşy, ýaşlygyň, ýeňşe bolan ynamyň netijesi hökmünde ykrar edilendir. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we giň möçberli başlangyçlary Pýer de Kuberteniň sporty wasp edýän jümleleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda edilýän tagallalaryň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyz hem sporty parahatçylygyň ilçisi hasaplaýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzda hem-de Arkadag şäherinde köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara ýaryşlary guramak, türgenleşikleri geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap sport toplumlary we köpugurly stadionlar hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurulýan durmuş maksatly binalaryň taslamalary taýýarlananda, olarda sport meýdançalarynyň göz öňünde tutulmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenildi. Köpugurly sport toplumlary we türgenleşik merkezleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde wajyp ähmiýete eýedir. Stadionlaryň, häzirki zaman sport toplumlarynyň gurluş aýratynlyklary şäherleriň ugurdaş desgalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi şol görnüşiň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Bu ajaýyp keşpde “Aziada — 2017-niň” ähli pikir konsepsiýasy, Türkmenistanyň belent maksatlara, dünýäde parahatçylyga hem-de halklaryň arasyndaky dostluga, ählumumy rowaçlygyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge ygrarlylygy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň teklibine laýyklykda, Olimpiýa stadionynda ýerleşdirilen bedewiň şekiliniň, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi we örülen alaja bilen bezelmegi ýurdumyzda haýyr işleriň milli dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bu desgalar toplumynda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlar üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny,

Read More

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda halkara we milli tejribe öwrenilip, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine hem-de “Migrasiýa hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mejlisde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirilip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren çärelerine gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kabul edilýän kanunlaryň uly ähmiýete eýedigini aýtdy hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow bank işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak ugrunda degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank ulgamyna döwrebap maglumat-aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz agzalan banklaryň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemek we içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek, ony daşarky bazarlara ibermek, kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, önümçilik desgalarynyň kadaly işledilmegi boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty döwrebap derejede ösdürmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda 2026-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalar barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde her ýyl binalar we desgalar yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da ýurdumyzda köp sanly binalaryň hem-de desgalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanmaga beriljekdigini belledi hem-de olaryň sanawyny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu sergä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 100-e golaýy hasaba alyndy. Bu kompaniýalar enjamlary we tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş, sowadyş ulgamlaryny, himiki serişdeleri, demir önümlerini, elektron harytlary, beýleki önümleri öndürijiler we eksport edijiler bolup durýarlar. Şolaryň arasynda gurluşyk, energetika, logistika, bilim ýaly ulgamlara ýöriteleşen düzümler hem bar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwaly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň martynda geçiriljek festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Festiwalyň çäklerinde “Dessançy bagşylar joşa gelende” atly ylmy-amaly maslahatyň, “Bagşy dessan aýdanda” atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa…” atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylaryň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere Daşoguz welaýatynda geçiriljek festiwala we ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegi, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, täze elektron neşir arkaly ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda alnyp barylýan öňdebaryjy tejribeler giňden beýan ediler. Elektron neşirde professor-mugallymlaryň, alymlaryň, talyplaryň ylmy makalalaryny türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu žurnalda milli mirasyň, okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň, filologiýanyň, psihologiýanyň, hukuk ylymlarynyň döwrebap meseleleri, usulyýeti, şöhratly taryhymyzyň, beýik şahsyýetlerimiziň dünýä medeniýetine goşan goşandy baradaky ylmy makalalar bilen birlikde, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça gazanylan oňyn netijeler öz beýanyny tapar. Elektron žurnalyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Halkara guramalar, şol sanda

Read More

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. (TDH)

Read More