Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, şeýle hem pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyklyk ekinleriň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilip, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak we ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, tekizleýiş, çil çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri hem utgaşykly dowam etdirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlary hem-de bu ekinleriň tohumy ekiş möwsümine doly taýýar edildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri, şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak, şeýle hem ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň

Read More

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Munuň şeýledigi taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, «iki döwlet — bir millet» hasaplanylýan dostlukly türkmen we türk halklarynyň arasyndaky yzygiderli ösdürilýän köpugurly gatnaşyklarda aýdyň görünýär. Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hоrmatly myhmanlar!Gadyrly dostlar! Türkmenistanda we Türkiýede milli önümleriň özara sergileriniň, işewürler maslahatlarynyň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi dürli pudaklarda döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu işleriň netijesinde Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär. Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn. Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!Hormatly adamlar! Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, abadançylyk, türkmen we türk halklarynyň dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezdi. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion ösüşini üpjün etmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 2-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bugdaý ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, oba hojalyk meýdanlaryny pagta hem-de ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň hem hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny aýtdy we oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna öňdebaryjy tejribäni, döwrebap usullary, innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizlemek, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. 4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Ýaş atşynaslar bilen duşuşyk akademiýanyň ýapyk manežinde geçirildi. “At — myrat” okuw merkezi bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine degişli bolup, onda okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barylýar we her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär. Bu ýerde bilim alýan ýaşlar diňe bir çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim almak bilen çäklenmän, eýsem, milli hem-de dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis we rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda bilim alýarlar. Gahryman Arkadagymyz okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Bu serişdeler okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer. Türkmen halkynyň Milli Lideri Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen hem duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryny şu ýylyň ilkinji günlerinde sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy we olaryň ýokary ussatlygynyň ykrar edilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini, atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi we çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň topary milli atçylyk sungatynyň abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin 3 million manat bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we toparyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy. Garaşsyz atly bedew bolsa toparyň agzalaryna ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ol bedewe atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. Ynsan gylykly bedew aýaklary bilen gelşikli oýun edip, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny äşgär etdi. Milli Liderimiz toparyň agzalaryny gazanan üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, toparyň her bir ýeňşiniň döwlet derejesinde sarpalanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi we olara milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen iş maslahatynda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler we geljek üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda alnyp barylýan işler, hususan-da, talyplaryň amaly sapaklary tejribede özleşdirmekleri ugrunda döredilen şertler, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek, atçylyk däplerini gorap saklamak we olaryň nesilden-nesle geçirilmegini üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän tagallalar hem-de halkara gatnaşyklary ýola goýmak işleri barada maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Topara Türkmenistanyň medeni mirasyny we sirk sungatyny wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň hem-de Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynyň wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Bu toparyň agzalary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolup gelýär. Olaryň arasynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn kubogy, Italiýada, Hytaýda, Russiýa Federasiýasynda geçirilen sirk sungaty boýunça halkara festiwallaryň ýokary derejeli baýraklary, köp sanly ýörite baýraklar, diplomlar, medallar we kuboklar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleriniň, olaryň dünýä nusgalyk çykyşlarynyň halkara giňişlikde giňden wasp edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. (TDH)

Read More

«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen forum türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport merkezleri, iri sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbidine gönükdirip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň futbolda gazanýan üstünlikleriniň, hususan-da, «Arkadag» futbol toparynyň ýeňişleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2023-nji ýylda döredildi. Toparyň esaslandyrylan ýylynda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi. 2025-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa türkmen sportunyň abraýyny has-da dabaralandyrdy. Daşary ýurtly žurnalistler toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanda professional sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň netijesidigini bellediler hem-de «Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bu futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasyna gatnaşmagynyň toparyň halkara sport giňişliginde täze belentliklere ýetmegi üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň döwrebap infrastrukturasynyň islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýändigi we ýurdumyzy Aziýanyň möhüm sport merkezine öwürýändigi bellenildi. Pikir alyşmalar «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň ähmiýeti baradaky gürrüňler bilen dowam etdi. Bilermenler bu duşuşygy dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler, dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň çykyş edýän toparyna garşy oýnamagyň diňe bir türkmen futbolçylary üçin ussatlyk synagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen futbolyny tutuş yklyma tanyşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikdigini nygtadylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar sporty ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu çäreleri ýaýlyma bermekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem olar dünýä metbugatynda «Arkadag» futbol toparynyň üstünlikleriniň giňden beýan edilmeginiň halkara sport jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary bilen Türkmenistanda sportuň yzygiderli ösdürilýändigi, ýurdumyzyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sportuň ornuny berkitmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly myhmanlar netijeli dialog üçin döredilen şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň halklaryň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Read More

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly GUTLAGY

(Aşgabat şäheri) Hormatly dabara gatnaşyjylar! Sözümiň başynda Siziň hemmäňize mähirli salamlarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Azerbaýjan Respublikasynyň hormatly Prezidenti, gadyrly doganym Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň hormatly Premýer-ministri Nikol Paşinýany adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu günki dabara özara düşünişmek, ynanyşmak, döwletara dialogy berkitmek, parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda päsgelçilikleri ýeňip geçmegi başarmak ýörelgeleriniň häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini hem-de wezipelerini çözmekde örän möhüm, täsirli we öňdengörüjilikli çemeleşmeler bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar. Biz Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat bilen garaýarys hem-de muňa aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halky bilen bu ýurtlaryň halklarynyň arasynda köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer arabaglanyşyklar bar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär we ýurtlarymyzyň ileri tutýan maksatlaryna doly laýyk gelýär. Azerbaýjanyň Prezidentiniň we Ermenistanyň Premýer-ministriniň paýhasynyň, ýokary jogapkärçiliginiň iki ýurduň rowaçlygyny, abadançylygyny üpjün etmäge, Günorta Kawkazda uzak möhletli durnuklylygy hem-de ylalaşygy saklamaga we berkitmäge uly täsir edýän wajyp şert bolup çykyş edýändigini nygtamak isleýärin. Şeýh Zaýed adyndaky baýragyň berilmeginiň dünýä derejesinde hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, parahatçylyk filosofiýasynyň, ynanyşmagyň we özara hormata esaslanýan dialogyň ýokary gymmatlyklaryny yzygiderli gorap saklamak üçin ruhlandyryjy itergi boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistan bu ugurdaky işlere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, öz hemişelik Bitaraplyk derejesini, mümkinçiliklerini we toplan syýasy tejribelerini ählumumy hem-de sebitleýin parahatçylygy döretmek boýunça gün tertibini amala aşyrmak, halkara hukugyň kadalaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny goramak boýunça derwaýys meseleleri çözmek üçin ulanmaga taýýardyr. Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly sene ýokarda agzalan düşünjeleriň zerurdygyny we ähmiýetini örän aýdyň subut etdi. Şeýle hem dürli döwletleriň, abraýly köptaraplaýyn guramalaryň gapma-garşylyklary ýeňip geçmek, halkara gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlyga we özara bähbitli çözgütleri tapmaga gönükdirmek ugrunda edýän tagallalaryna dünýä derejesinde berilýän goldawyň barha güýçlenýändigini açyp görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy, ylalaşygy gazanmak boýunça möhüm çözgütleriň hut Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilmegi uly taryhy ähmiýete eýedir. Hormatly dabara gatnaşyjylar! Şeýh bin Zaýed beýik adamdy. Maňa-da ençeme gezek onuň bilen bir supranyň başynda parahatçylyk barada söhbet etmek miýesser edipdi. Şunuň esasynda Azerbaýjanyň Prezidentine we Ermenistanyň Premýer-ministrine adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, netijeli özara gatnaşyklara, bilelikdäki giň möçberli ykdysady we infrastruktura taslamalaryna çykmaga täze itergi berer diýip berk ynanýaryn. Türkmenistanyň bu babatda döredijilikli başlangyçlarydyr mümkinçilikleri oňyn garşylaýandygyny hem-de goldajakdygyny mälim etmek isleýärin. Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işleriňizde uly üstünlikleri, siziň goňşy ýurtlaryňyzyň halklaryna bolsa mizemez parahatçylyk, bagt we rowaçlyk, tutuş dünýäniň ähli halklaryna abadançylyk, parahatçylyk arzuw edýärin.

Read More

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleriň esasynda adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, migrasiýa, daşky gurşawy goramak bilen bagly hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Mejlisde Çad Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, halkara guramalaryň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 4-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň halkara guramalar bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 6-syna gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 9,3 göterime, söwdada 8,2 göterime, oba hojalygynda 2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda jemi öndürilen önüm 10 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri ilerletmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 106,4 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 126,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 122,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, toplumyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 116,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 108,4 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 117,3 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 100 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,9 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,2 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,2 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, olaryň tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Sebitlerde ýerleşýän suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak hem-de suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etdirmegi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki talaplara görä, bellenen möhletlerde geçirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 119,1 göterim, Energetika ministrligi boýunça 114,9 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 170,8 göterime deň boldy. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan degişli meýilnama 106,2 göterim berjaý edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 112,9 göterime deň boldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegiň, ýurdumyzdaky himiýa kärhanalarynyň işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýollaryň gurluşygyna we saklanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi, binalardyr desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletde ulanmaga bermek üçin alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 111,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 100,8 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 100 göterim, nah matalaryň önümçiliginde 102,4 göterim, gön önümleri babatda 115,3 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 361 şertnama hasaba alyndy.

Read More

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl

Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda üstünlikli amala aşyrýan durmuş ugurly syýasaty Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň maksatlaryna doly laýyk gelýär. Garaşsyz Watanymyzyň çar künjeginde alnyp barylýan ägirt uly gurluşyk taslamalary, iň döwrebap tehnologiýalar ulanylyp gurulýan kaşaň desgalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny, innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär. Soňky ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary görkezijilere eýe bolmagy esasy pudaklaryň durnukly ösmegini, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň möçberiniň yzygiderli artmagyny üpjün edýär. Şolaryň hatarynda gurluşyk-senagat toplumy hem bar. Toplum Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýeleýär. Senagatyň we gurluşyk önümçiliginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, pudagyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde soňky ýyllarda görlüp-eşidilmedik möçberde gurluşyk taslamalary amala aşyryldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda işe girizilen, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ägirt uly senagat kärhanalary, köp sanly önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar Türkmenistanyň dünýäniň iň depginli ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün etmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan, Türkmenistany senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasyna laýyklykda, gurluşyk senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürýän täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem birnäçe möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna beslendi. Geçen ýylyň 12-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawod Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýar. Bu ýerdäki ähli inženerçilik işleriniň, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň halkara standartlara doly laýyk gelýändigi «SACMI Imola Societa Cooperativa» italýan kompaniýasynyň şahadatnamasy bilen tassyklanyldy. Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň şahadatnamasy bolsa kärhananyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup durýandygyny tassyklaýar. Täze kärhanada öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri Türkmenistanda gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň anyk mysalydyr. Geçen ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz ýene-de bir önümçilik desgasynyň — paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawodyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna ýokary hilli çüýşe önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň halkara standartlaryna laýyk gelýändigi baradaky güwänamalara mynasyp bolan täze önümçilik desgasynyň tapawutly aýratynlygy diňe ýerli çig mallardan däl, kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we natriý sulfatyndan hem peýdalanmagydyr. Munuň özi diňe bir taýýar önümleriň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik prosesleriniň üznüksiz bolmagyny-da üpjün edýär. Soňky ýyllarda gurlan beýleki desgalarda bolşy ýaly, önümhananyň gurluşygynda hem ekologik talaplaryň berjaý edilmegine uly üns berildi. Munuň özi daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge kömek edýär. Bu ýerde ornaşdyrylan öňdebaryjy ulgamlar, önümçilik galyndylaryny dolandyrmagyň döwrebap usullary topragyň we suw serişdeleriniň hapalanmagynyň öňüni almaga, netijede, ekologik abadançylygy üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, sebitlerde türkmenistanlylaryň abadan ýaşaýşy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegini göz öňünde tutýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň kemala getirilmegine uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň görkezijisidir. Bu ugurda alnyp barylýan işler diňe bir oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga däl, eýsem, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, täze ilatly ýerleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem goşant goşýar. Geçen ýylyň sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy halkymyz üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy. Olaryň her birinde ýaşamak üçin zerur şertler döredilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary guruldy. Olaryň taslama işleri işlenip düzülende oba ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Her bir öýde howly hem-de hojalyk maksatly mellek bar. Obalarda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ähli çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulýar hem-de enjamlaşdyrylýar. Saglyk öýleri, medeniýet merkezleri, azyk önümlerinden başlap, öý-hojalyk harytlaryna çenli dürli önümleri hödürleýän döwrebap söwda merkezleri häzirki zaman obalarynyň esasy aýratynlygydyr. Azyk önümleriniň esasy böleginiň ýerli önümçilige degişlidigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, importyň ornuny tutýan we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeldýän döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ähli welaýatlarda maldarçylyk, guşçulyk, ýyladyşhana toplumlaryny öz içine alýan obasenagat klasterleri döredilýär. Munuň özi telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmäge, netijede, zähmeti bilen türkmen topragynyň gülläp ösmegini, azyk bolçulygyny üpjün edýän oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýär. «Ýokary hilli ýaşaýyş» diýen düşünje abadan daşky gurşawy, adamlaryň öndürijilikli işlemegi, doly derejeli dynç almagy üçin gowy şertleri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, şäherdir obalarda ýaşyl zolaklary döretmek, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, serişdeleri we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-dynç alyş, sport merkezleriniň işini goldamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze döwrüň nyşany bolan döwrebap obalar häzirki zaman ýol-ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyna, suw, elektrik energiýasy, gaz hem-de lagym ulgamlaryna eýe bolup, bu ugurdaky işlere jogapkärli çemeleşilýändigini görkezýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, olaryň Türkmenistanda şäherleriň we obalaryň giň gerimli gurluşyk taslamalaryna has işjeň gatnaşýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ýerli işewür toparlaryň wekilleri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşýarlar. Gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi, ýurdumyzda döredilen amatly

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň geçiren köp sanly çärelerinde öz beýanyny tapdy. Şol duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn işewürlik gepleşikleridir forumlar Watanymyzyň halkara derejede barha artýan abraýynyň güwäsidir. 7-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen geçirilen duşuşygyň esasy özenini düzdi. 8-nji ýanwarda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” jemlerini jemlediler we 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri guramak, şeýle hem FAO bilen bilelikde geçiriljek maslahata, ýaş diplomatlar üçin okuwlara, beýleki möhüm çärelere taýýarlyk görmek meselelerine seretdiler. Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen geçirilen duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi we geljekde guraljak duşuşyklaryň, saparlaryň dowamynda gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 10-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda toparyň 2025-nji ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi we 2026-njy ýyl üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Taraplar 2025-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda bellenen wezipeleri bilelikde durmuşa geçirmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 14-nji ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak, ýokary hünär bilimi ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministrliginde Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen geçirilen duşuşykda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler maslahatlaşyldy. 16 — 25-nji ýanwar aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu waka 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. 19-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Şeýle hem taraplar BMG, ÝB, ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, sebit we halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Geňeşmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktory Suý Dunýuý bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bilelikdäki maksatnamalary, taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu düzüm bilen amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda FAO-nyň ýurdumyzdaky wekilhanasyny döretmek we tehniki ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Daşary işler ministrliginde Çad Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iri halkara guramalaryň, olaryň düzüm birlikleriniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. 21-22-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum geçirildi. Onuň esasy maksady Ýewraziýa giňişliginde ykdysady hyzmatdaşlygyň täze arhitekturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine hemmetaraplaýyn ser salmakdan ybarat boldy. Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Çäreleriň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Şombi Şarp bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri, şol sanda durnukly ösüş, energetika, üstaşyr ulag baglanyşygy, sebit integrasiýasy babatda bilelikdäki hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy. 22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahat ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen sebit başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwadaky edarasynda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre — GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda syýasy ulgamda döwletimiziň tagallalarynyň sebitleýin howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga, bitaraplyk

Read More