Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabatda guralan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň gerimli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanda halkara tejribeleri öwrenmek, maýa goýumlary çekmek we durmuş-ykdysady pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwrebap tejribäni ornaşdyrmakda Türkmenistanda geçirilýän halkara sergileriň, şol sanda däbe öwrülen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň mynasyp goşandy bardyr. Iki dostlukly döwletiň işewürleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynda dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň öz öndürýän önümleriniň görkezilişini ýaýbaňlandyrmaklary hem-de türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklary bu giň gerimli çäräniň özenini düzdi. Sergä gatnaşan kompaniýalaryň diwarlyklary, geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bar bolan mümkinçilikleri açyp görkezdi. Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň alyp barýan daşary ykdysady syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze sepgitlere ýetilýär. Iki dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sergileriň we bilelikdäki maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi we ägirt uly mümkinçilikleri, ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň gazananlary, şeýle-de işewürleriň özara hereketleri ösdürmäge gyzyklanmalary köpugurly gatnaşyklary ilerletmegiň täze gözýetimlerini açýar. Serginiň çäginde iki döwletiň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň arasynda geçirilen duşuşyklaryň, öňe sürlen tekliplerdir pikir alyşmalaryň hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze ädimlere badalga berjekdigine ynanýarys. Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti! Goldawlaryňyz esasynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň üstünlikli geçirilendigini nygtamak bilen, Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda alyp barýan işleriňizde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris. Sizi çuňňur hormatlamak bilen, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylar.

Read More

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylyk döredijilik we netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny ilerledip

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebitleýin we ählumumy derejede deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýa eýerýän Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Ýurdumyzyň sebit we dünýä giňişliginde işjeň alyp barýan netijeli işleriniň logiki dowamy hem hut şu hakykatda öz beýanyny tapýar. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly möhüm çärelere baý boldy. Iri forumlar, ýokary derejeli duşuşyklar, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegi şolaryň hataryndadyr. Olaryň arasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)”, “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamalar hem bar. Bu resminamalaryň awtordaşy bolup onlarça döwletiň çykyş etmegi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýedigini tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisinde kabul edilen bu Kararnamalar halkara energetika we ulag arabaglanyşygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmek üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň döredijilikli daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2026-njy ýylda-da birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň 9-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasy şol wezipeleri ýerine ýetirmegi maksat edinýär. Bu resminama “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna”, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileriniň we konsullarynyň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Meýilnama görä, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda dürli çäreleri geçirmek bellenildi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden, hususan-da, guramanyň 80-nji ýubileý sessiýasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça degişli işleri utgaşykly alyp barmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem halkara maliýe-ykdysady we beýleki düzümler, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Halkara energetika agentligi, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk çäreler meýilleşdirildi. Resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde amala aşyryljak çäreler kesgitlenildi. BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeldýän Türkmenistan guramanyň degişli düzümleri, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýär. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Milletler Bileleşiginiň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça hödürlenen teklipleri makullady. HZG-niň agzasy bolan Türkmenistan mynasyp zähmet şertlerini we zähmete gatnaşýan ähli taraplaryň hukuk goraglylygyny üpjün etmek üçin köptaraply konwensiýalardan gelip çykýan degişli işleri alyp barýar. Ýurdumyzda adamyň konstitusion hukuklarynyň esasylarynyň biri bolan raýatlaryň zähmet hukuklarynyň ýerine ýetirilişine uly üns berilýär. Türkmenistanyň zähmet kanunçylyk namalary toplanan tejribäniň we umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda ulgamlaýyn kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetiň, şol sanda onuň hususy böleginiň okgunly ösdürilmegi hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy täze iş orunlarynyň döremegini şertlendirýär. Ähli pudaklaryň işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin zerur şertler döredilýär. Häzirki döwrüň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, zähmet bazaryny döwrebaplaşdyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň we iş bilen üpjünçiligiň durmuş kepillikli ulgamy boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu babatda ugurdaş halkara guramalar bilen gatnaşyklar çuňlaşdyrylýar. Hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde HZG bilen özara gatnaşyklaryň oňyn netijelerini göz öňünde tutup, Daşary işler ministrligi tarapyndan bu «Ýol kartasynyň» möhletini 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak hem-de onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişine ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini gatnaşmaga çekmek teklip edildi. Hususan-da, mejbury, şol sanda çaga zähmetiniň öňüni almak üçin syýasy-hukuk binýady pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem «Ýol kartasynda» milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulyp, hukuk taýdan ähmiýetli çäreleri ulanmak boýunça işleriň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, zähmet hukuklaryny goramak boýunça döwlet edaralary, Kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan maksadalaýyk işleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, has giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, zähmet hukuklarynyň degişli görkezijilerini ölçemek, maglumatlary toplamak we seljermek boýunça bilim binýady dörediler. Türkmenistanyň Hökümetiniň we Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň çäklerinde Daşary işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri bilen HZG-niň bilermenleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmek meýilleşdirilýär. 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda biziň ýurdumyz halkara hukugyň berkidilmegini, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegini, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny munuň esasy şerti hasaplaýar. Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan işleri halkara hukugyň pugta binýadyna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna daýanýar. Öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmekde ygrarlylygy görkezýän ýurdumyz halkara hukuga hormat goýulmagyna, bähbitleriň özara hasaba alynmagyna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Munuň özi ählumumy meseleleri netijeli çözmekde, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we durnukly ösüşi gazanmakda möhüm şertdir. Jogapkärçilige, anyklyga we aýdyňlyga esaslanýan, netijeli köptaraply hyzmatdaşlyga eýerýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň esasy garaýyşlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly filosofik taglymatda, şeýle hem häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolýan anyk tekliplerde öz beýanyny tapýar. Ýokarda agzalan başlangyjy durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi we ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama Ministrler Kabinetiniň 30-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Halkara hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly milli konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär. Ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde halkara hem-de sebit derejesinde dürli çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýaşlaryň arasynda okuw we wagyz-nesihat çäreleriniň uly toplumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde bu mowzukda ýerli hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda sapaklary geçirmek, degişli okuw-usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak, olary köpçülikleýin

Read More

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm dowam edýär

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu günler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda açyklyk esasynda, ýurdumyzyň raýatlarynyň işjeň gatnaşmaklarynda 29-njy martda geçiriljek saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryny öz içine alýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriljek saýlawlar döwletimiziň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň güwäsi bolar. Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanan degişli meýilnama laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek işlerine ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň degişli komitetleri hem-de raýatlar toparlary gatnaşýarlar. Saýlaw gününe çenli 25 ýaşy dolýan, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Mejlisiň deputatlygyna dalaşgär hödürlenip bilinýändigini, ýerli halk maslahatlaryna we Geňeş agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 21 ýaşy dolan hem-de degişli çäkde hemişelik ýaşaýan raýatlar bolmalydygyny bellemek gerek. Geçirilýän ýygnaklarda zähmeti bilen Watana wepalylygyny subut eden, ilat arasynda uly hormata eýe bolan mynasyp raýatlar dalaşgärlige hödürlenilýär. Çykyş edýänler dalaşgärleriň hünär ussatlygyny, guramaçylyk başarnyklaryny, ýokary ruhy-ahlak häsiýetlerini belläp, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimini giň gerimli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar. Giň wekilçilik ýörelgesiniň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Her bir saýlaw okrugyna birnäçe dalaşgäriň hödürlenilmegi saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we adam hukuklary çygrynda umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda geçiriljekdigini subut edýär. Şeýlelikde, öňde boljak saýlawlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň binýadyny berkider hem-de demokratik ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly bolar.

Read More

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl

Ulag we aragatnaşyk pudagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Watanymyzyň senenamasyna ulag we aragatnaşyk infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girdi. Bu strategik pudakda alnyp barylýan işler dürli ugurlarda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan milli ulag strategiýasy asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek çemeleşmesine esaslanýar. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymüsti ulag geçelgesi Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu çäreleriň ählisi halkara ähmiýetli iri ulag merkezi hökmünde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ylalaşygy, şeýle-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ulag pudagynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy berkitmek häzirki döwrüň wajyp wezipesidir. Şunda ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy, Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara deňiz guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden ulag meseleleriniň çözülmegine diňe bir milli ýa-da sebit derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde üns berilmeli ugur hökmünde aýratyn ünsi çekýär. Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamanyň kabul edilendigini bellemek gerek. Bu resminama Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyz sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik taýdan ýerleşişi sebäpli ulag, söwda, ykdysady ösüş babatdaky kynçylyklar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Awazada geçirilen maslahat diňe bir diplomatik ähmiýetli çäre bolman, eýsem, 570 milliondan gowrak ilata wekilçilik edýän 32 ýurt üçin öz ösüş strategiýalaryna gaýtadan seretmäge, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, kynçylyklary ýeňip geçmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin täzeçil çözgütleri tapmaga amatly mümkinçilik boldy. Forumyň çäklerinde ugurdaş çäreler, şol sanda foruma gatnaşyjy ýurtlar, halkara guramalar we Türkmenistan tarapyndan ýerüsti ulag hem-de aragatnaşyga bagyşlanan çäreler geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän we 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýän Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi hem-de Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Häzirki wagtda bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin BMG-niň degişli düzüm birlikleri, hyzmatdaşlar bilen bilelikde anyk işler ýerine ýetirilýär. Geçen ýylyň 14-nji oktýabrynda Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň kanunalaýyk dowamy boldy. Milli ykdysadyýetiň pudaklary, şol sanda ulag we aragatnaşyk pudagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda ösdürilýär. Ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de ony dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, onuň garamagyndaky degişli agentlikleriň binýadynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi, Aragatnaşyk ministrligi, Awtomobil ulaglary ministrligi, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy we Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy döredildi. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag ulgamynyň pudaklarynda düýpli, düzümleýin we institusional özgertmeler amala aşyrylýar. Ulag pudagynyň işi üçin täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän hukuk binýady döredilýär. Döwlet dolandyryşy, ykdysady işler kämilleşdirilip, ulag işini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň bazar şertlerine laýyk gelýän ulgamy döredildi. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Onuň gurluşygy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalardyr öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi. Halkara güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolan täze howa menziliniň ulanmaga berilmegi ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamagyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün edip, sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmekde möhüm ädimdir. Milli awiakompaniýamyzyň howpsuzlyk babatda Aziýada öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi hasaba alnanda, onuň sebit daşamalarynda öňdäki hatarlara çykmaga ähli mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, 20-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Resminamada raýat awiasiýasy çygrynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hem-de halkara şertnamalara, Howa kodeksine, Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenilýär. Halkara howa ýük gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr logistika mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Bu ugurda halkara gatnaşyklary ösdürmäge, daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. 2025-nji ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň

Read More

«TÜRKMENDEMIRÖNÜMLERI» DÖWLET KÄRHANASYNYŇ HÜNÄRMENLERI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ EKSPORT HARYTLARYNYŇ SERGISINE GATNAŞDYLAR

        11-nji fewralda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2026-njy ýylyň 10-12-nji fewraly aralygynda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisine gatnaşdylar.         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere jemleýän iri möçberli ykdysady forumyň geçirilmegi iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň mizemezdigini ýene bir gezek tassyklamak bilen, türkmen hünärmenlerine doganlyk ýurtda öndürilýän önümler bilen ýakyndan tanyşmaga we tejribeleri alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy

Read More

Sport — parahatçylygyň ilçisi

«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe, Olimpiýa hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine goşant goşýan bu işler Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda futboly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda futbolyň ösüşiniň esasy tapgyrlary barada aýdylanda, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini hem-de şol ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň oýunlarynyň we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşlaryň geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň hem-de Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Şol ýyl futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Futbol boýunça milli ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri her ýyl halkara ýaryşlara gatnaşyp gelýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2014-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Her ýyl milli federasiýamyz FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegi sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi hem-de onuň dowamynda döwlet Baştutanymyza FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurmagy türkmen futbolynyň dünýä derejesinde gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasy boldy. …“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirilmegi aýratyn buýsandyryjy wakadyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wajyp sport çäreleriniň birine öwrülen bu duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde Milli Liderimiziň Olimpiýa stadionynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy ýurdumyzda futboly ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Futbol duşuşygynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda sportda gazanylýan üstünlikler belentden wasp edildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde derejesini has-da pugtalandyrýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülen Olimpiýa stadionynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Oýunlar küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika taekwondo, tans sporty, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly sportuň 21 görnüşini öz içine aldy. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň hem-de bosgunlaryň wekilleriniň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlar ýurdumyzda halkara sport bäsleşiklerini geçirmek boýunça toplanan tejribäniň has-da baýlaşmagyna itergi berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem sebitde iň uly Olimpiýa stadionynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi türkmen sportunyň bedew batly ösüşleriniň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bedew şekili Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi bilen bezeldi. Şeýle hem onuň örülen alaja bilen bezelmegi ýurdumyzda üstünlikleriň milli dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň beýanydyr. Wepaly atly alabaý diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryşlaryň nyşany boldy. Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, futboly ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen “Arkadag” futbol klubunyň döredilmegi sportuň iň meşhur görnüşini ösdürmekde aýratyn tapgyry alamatlandyrdy. Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde döredilen bu topar türkmen futbolynyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döredileninden bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, “Arkadag” topary birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. 2025-nji ýylda bolsa ýurdumyzyň bu meşhur topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. “Arkadag” toparynyň bu üstünlikleri ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen geçirilen duşuşyk hem “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň aýdyň netijesidir. Bu möhüm ähmiýetli futbol duşuşygy türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi. Garaşylýan tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: futbol duşuşygynyň emininiň oýnuň başlanýandygynyň alamaty hökmünde jürlewük çalmagy bilen, ýaşyl meýdançada taryhy pursatlara badalga berildi. Bu ajaýyp wakanyň şanyna sebitde deňi-taýy bolmadyk 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda futbol duşuşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sport alawy ýakyldy. Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler. “Arkadagyň” oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda, “Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar. Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, arassa hem-de owadan oýun boldy. “Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy. Milli Liderimiz oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşygyň halkymyz üçin toý-baýramdygyny, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny nygtapdy. Şeýlelikde, iki güýçli toparyň bu oýny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Futbolçylaryň görkezen gaýraty, janköýerleriň goldawy we halkara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy Aşgabatdaky futbol agşamynyň iň uly ýeňşi boldy.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen köp asyrlara uzaýan gatnaşyklarynyň bardygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ömer Bolat ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berendigini aýtdy. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, her gezek ýurdumyza sapar bilen gelende hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň söwda ministrini mähirli mübärekläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu sergi iki ýurduň özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegine itergi berýän möhüm çäreleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, onuň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikleri döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň dürli ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergiler netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde wajyp gural bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine, türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Myhman Türkiýede Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Read More

Türkmenistan — Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Her ýyl doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere jemleýän bu giň möçberli ykdysady forum iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň mizemezdigini ýene bir gezek tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty esasynda Türkmenistan dünýä ýurtlary, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň taryhy we medeni umumylyklaryna esaslanýar. Türkiýe ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir, türk kompaniýalary bolsa Türkmenistanda giň möçberli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky netijeli syýasy dialog bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk dokma senagatyndan başlap, oba hojalygy, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy bilelikdäki hereketleriň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. …Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köp sanly telekeçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkiýäniň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklaryny, işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýändiklerini nygtaýar. “Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy bu çärä aýratyn dereje berdi. Dabarada Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat çykyş edip, sergini geçirmäge döredilen ajaýyp şertler hem-de türk wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şu gezekki gözden geçiriliş ýokary döwlet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy dialog ýokary derejä eýedir we ol yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa şeýle duşuşyklaryň hem-de çäreleriň yzygiderli geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Sergi köpdürlüligi bilen bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda Türkiýäniň senagat mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan 100-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda çalt depginler bilen ösýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri, ägirt uly senagat kärhanalary bar. Senagat, maşyn gurluşygy ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalaryň diwarlyklary myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekýär. Türkiýeli önüm öndürijiler önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenen enjamlaryň we tehnologik ulgamlaryň iň täze görnüşlerini tanyşdyrýarlar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, bu ugur uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde gurluşyk pudagy üçin niýetlenen tehnologiýalara giň orun berlipdir. Mälim bolşy ýaly, türk kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Diwarlyklarda döwrebap gurluşyk-bezeg serişdeleri we “akylly” şäherler üçin innowasion çözgütler görkezilýär. Gurluşyk pudagy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk gurluşyk kompaniýalary ýurdumyzda döwrebap önümçilik klasterleriniň gurluşygyndan başlap, paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik keşbini döretmäge çenli iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşyp gelýärler. Olar öz taslamalarynda halkara standartlary, seýsmiki durnukly tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ulanýarlar. Ekspozisiýada energetika pudagyna-da orun berlipdir. Ählumumy “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş döwründe türkiýeli hyzmatdaşlar energiýa serişdelerini tygşytlamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak ulgamynda täzeçil çözgütleri teklip edýärler. Bu bolsa türkmen hünärmenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem doganlyk ýurduň oba hojalyk toplumynda ýeten sepgitleri giňden tanyşdyrylýar. Ýyladyşhanalary dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary we damjalaýyn suwaryş üçin enjamlar sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Bu tehnologiýalar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak boýunça maksatlary gazanmakda möhümdir. Däp bolşy ýaly, Türkiýäniň azyk senagatyna degişli düzümleri dürli görnüşli önümleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda diňe bir taýýar önümler bolman, eýsem, azyk önümleriniň terligini we hilini saklamaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy gaplama enjamlary-da bar. Bu ulgamda tejribe alyşmak ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli harytlar bilen bolelin üpjün etmäge ýardam berýär. Diwarlyklarda himiýa senagatynyň önümlerine hem orun berlipdir. Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýere gelenler dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň ýokary ekologik derejesini bellediler. Adaty söwdadan ýokary tehnologiýaly önümçiliklere geçilmegi nobatdaky gözden geçirilişiň köpýyllyk işiniň möhüm netijesidir. Öý hojalyk himiýasy we gurluşyk serişdeleri ulgamy munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen telekeçileri bu ugurda türk tehnologiýalaryny we tejribesini netijeli ulanyp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň önümçiligini ýola goýdular. Häzirki wagtda bu harytlara ýurdumyzyň içerki bazarynda, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Hyzmatlar pudagy harytlary eksport ediji we logistika kompaniýalary tarapyndan tanyşdyryldy. Türkmenistanda kuwwatly üstaşyr ulag merkezleriniň kemala gelýän şertlerinde halkara ulag ugurlaryny ösdürmek üçin türkiýeli hyzmatdaşlaryň ýük akymlaryny dolandyrmak boýunça toplan tejribesi aýratyn gyzyklanma döredýär. Bilim ulgamynyň diwarlyklary sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Türkiýäniň öňdebaryjy döwlet we hususy uniwersitetleri bakalawr hem-de magistratura maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Hünär ugurlarynyň hatarynda binagärlik, inženerçilik, lukmançylyk ylymlary, halkara gatnaşyklar ýaly ugurlar bar. Myhmanlar ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden degişli maglumatlary alyp bilýärler. Türkiýäniň akademik toparlarynyň sergä gatnaşmagy iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bilim ojaklarynyň diwarlyklary geljekki talyplara uniwersitetleriň ylmy-barlag kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän serişdeler bilen üpjün edilipdir. Serginiň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň işewürlik duşuşyklary geçirildi. Munuň özi geljekki geleşikleri ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça umumy strategiýany işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Mejlisiň dowamynda hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk kompaniýalarynyň wekilleri öndürýän enjamlary bilen işlejek türkmen hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu giň möçberli çäre türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyna şaýatlyk edýär. “Iki döwlet — bir millet” ýörelgesine esaslanýan özara hyzmatdaşlyk iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy sebitiň wajyp işewürlik merkezi hökmünde Aşgabadyň eýeleýän ornuny tassyklaýar. Paýtagtymyz nobatdaky gezek hem öňdebaryjy pikirleriň birleşýän we geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu gözden geçirilişiň netijeleri iki halkyň arasyndaky dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder, bilelikdäki tagallalar bolsa ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň öňünde durýan giň möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Sergi 12-nji fewralda öz işini tamamlar.

Read More

Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. “Al-Nassr” toparynyň ýolbaşçylary we türgenleri Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertler, Olimpiýa stadionynyň amatlyklary bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä jemgyýetçiliginiň nazary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek futbol duşuşygyna gönükdi. Munuň özi paýtagtymyzda boljak bu oýnuň halkara giňişlikdäki ähmiýetini görkezýär. Metbugat maslahatynda “Arkadag” toparynyň tälimçisi we oýunçysy ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. “Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga dünýäniň 13 ýurdundan köp sanly žurnalistler gatnaşarlar. Bu bolsa oňa dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Olimpiýa stadionyna gelip, duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, futbol ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi barada aýdanlary türkmen futbolçylarynyň ruhuny has-da belende göterdi. Şeýle hem toparyň tälimçisi we futbolçysy özboluşly synag hökmünde kabul edilen duşuşygyň türkmen futbolçylarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, olaryň oýnuň has netijeli usullaryny özleşdirmeklerinde ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, türkmen sportunyň abraýyny belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Soňra bu ýerde guralan metbugat maslahaty “Al-Nassr” toparynyň tälimçisiniň we oýunçysynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ilki myhmanlaryň Türkmenistan we onuň paýtagty baradaky pikirlerini diňlediler. Şeýle hem bu gezekki bäsleşigiň nähili geçjekdigi baradaky çaklamalar bilen gyzyklanyldy. Myhman toparyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda döredilen mümkinçilikleriň derejesine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, 45 müň orunlyk stadionyň meýdançasynda örän çekeleşikli we gyzykly oýun bolar. Her toparyň ýeňşe umyt baglaýandygy äşgär hakykat. Hut şonuň üçin hem futbolçylar meýdançada täsirli oýun görkezmäge çalşarlar. Şeýle hem olar “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny, olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar. “Al-Nassryň” wekilleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurduň paýtagtynda bolup, dünýäde meşhurlyk gazanan topar bilen bäsleşmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýandyklaryny bellediler. “Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň Aşgabatda boljak duşuşygy Aziýa sportunyň taryhyna möhüm sahypany ýazar. Şunuň bilen baglylykda, bu oýnuň taryhy wakalara we ýatda galyjy pursatlara beslenjekdigini aýdyp bolar. Toparlaryň ýeňşe bolan ynamy hem-de yhlasy oýnuň gyzykly boljakdygyna güwä geçýär.

Read More