9-njy maýda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň hünärmenleri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Ýeňiş güni mynasybetli şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, ýaş nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýelemek bilen bir hatarda, taryhymyza we pederlerimize hem-de olaryň görkezen beýik gahrymançylygyna bolan belent sarpany alamatlandyrýar. KERIMGELDI SAPAROWTürkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Işgärler bölüminiň başlygy