24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli öz işine başlan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň işine bagyşlanan gepleşik ýazgy edildi. Gepleşik Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gepleşige Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni H.Orazow we Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi N.Seýitmyradow gatnaşdy.

         Gepleşigiň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasynyň netijesinde Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherini ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalarynyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilişi, paýtagtymyzyň gazananlary, jemgyýetçilik, ykdysady, medeni, söwda-dynç alyş ulgamyndaky üstünlikleri barada, şeýle hem 24-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli öz işine başlan «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň ähmiýeti hakynda buýsançly gürrüňler edildi.

NÖKER SEÝITMYRADOW
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň
Tehniki-konstruktor býurosynyň inžener mehanigi

Leave A Comment