Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. *** Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, bu ugurda netijeli we toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Source

Read More

Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap

Geçen hepde parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy. Aşgabat şäheriniň güni hem-de nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabaralary giňden bellenildi. Milli däp-dessurlara laýyklykda, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gurbanlyk sadakalary berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen giň gerimli taslamalary, döredijilikli başlangyçlary hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam etdirýär. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň ruhy-ahlak binýadyny düzýän, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly däp-dessurlara, ynsanperwer ýörelgelere daýanyp, jemgyýetde agzybirligi, durnuklylygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini üpjün etmek ugrunda uly tagallalary edýär. 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ony bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem ýazlyk ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli, 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň açarlary täze öý eýelerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Açylyş dabaralarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň gününde ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde nobatdaky okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdep uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle-de welaýatlaryň baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy. Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, şeýle-de bilim ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. 25-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy. Ahmet Çalyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi, tutuş türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Türkiýeli işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek, sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. «Çalyk Holding» kompaniýalar topary ýurdumyzyň senagat we durmuş maksatly möhüm binalarynyň, döwrebap saglyk merkezleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini ýerine ýetirýär. Ahmet Çalyk “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Işewür bu festiwala Bilal Ärdoganyň hem gatnaşyp, behişdi türkmen bedewleriniň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, “Galkynyş” toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini aýtdy. Işewür Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelere gatnaşmaga isleg bildirýändigini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygyny görkezýär. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, «Çalyk Holding» kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine ynam bildirildi. Duşuşykda Milli Liderimiz Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi we işewüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň 24 ýurdundan, şol sanda Ýaponiýa, Müsür, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Ispaniýa, Litwa, Russiýa, Italiýa, Özbegistan, Meksika, Bangladeş, Gruziýa, Liwan, Tanzaniýa we beýleki döwletlerden müňden gowrak wekili bir ýere jemlän 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşandygyny bellemek gerek. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. 26-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny, ynsanperwerligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we okaljak aýat-töwirleriň, ediljek doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri wagyz etmek, ýerlerde ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna we beýleki meselelere seredildi. Mejlisiň dowamynda Milli Liderimize ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlenildi. Gahryman Arkadagymyz bu çaganyň mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, ýurdumyzda sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany hökmünde oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, kuwwatly döwletimiziň olaryň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň düzümine wekili bellemek baradaky meselä degip geçmek bilen, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag

Read More
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp halkara senäniň şanyna geçiriljek çäreleriň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn. Bütindünýä welosiped güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä welosiped güni mynasybetli täsirli çäreleriň we ýaryşlaryň guralmagy, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar. Hormatly adamlar! Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar. Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy hökmünde Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy döwletimiziň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä subut etdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamanyň, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy bagtyýar halkymyzy çäksiz buýsandyran wakalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport özgertmelerimiziň halkara derejede giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Eziz watandaşlar! Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri uly ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Garaşsyz ýurdumyz beýleki möhüm ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa babatda halkara resminamalara işjeň goşulyp, daşky gurşawy goramaga we ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly üns berýär. Diýarymyzda köpçülikleýin ylgaw hem-de welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Welosiped sporty hem ynsan saglygyna oňyn täsir edýän sportuň netijeli görnüşi bolup, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ata Watanymyzyň aýdyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sportuň dürli, şol sanda hereketli milli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi mynasyp dowam etdireris. Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow. Source

Read More
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Diýarymyzy ösen sport döwletine öwürmek ugrundaky tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Hormatly Prezidentimiz! Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta söýgi durmuşa söýgüdir. Sport raýatlaryň beden hem-de ruhy sagdynlygy babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir. Şoňa görä-de, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek babatda ähli zerur şertler döredilýär. Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýokary netijeli sporty wagyz etmäge hem üns berilýär. Şeýle binýatlaýyn esasda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Sarpasy belent Prezidentimiz! Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Siziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyňyzyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek ýaly asylly däbiň başynyň başlanylmagy bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly sazlaşygyny döredýär. Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň çäginde welosport boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçiligi bolan Welotrek binasynyň, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň tarapdarlarynyň barha artýandygyny görkezýär. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Häzirki zaman dünýäsinde welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişde hasaplanýar. Ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar. 2018-nji ýylda Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda ählumumy tagallalara işjeň goşant goşýandygyny alamatlandyrýar. Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä Olimpiýa hereketine goşulmak üçin Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreş boýunça halkara Konwensiýasyny tassyklamagy, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşulmagy, Milli antidoping agentliginiň döredilmegi, halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri sport ulgamynda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr. Siziň başda durmagyňyzda bu günki gün Bütindünýä welosiped güni milli senenamamyzda aýratyn orny eýeläp, dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýar. Bu möhüm senäniň şanyna geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri eziz Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiz! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara baýram hökmünde uly ruhubelentlikde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, sport diplomatiýasyny has-da ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Sizi hormatlamak bilen, Türkmen halkynyň Milli Lideri,  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,  Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow. Source

Read More
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan tutuş musulman ymmatynyň abadançylyk, parahatçylyk ugrundaky bilelikdäki tagallalaryny goldamagyny dileýärin. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edýärin hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn. Tüýs ýürekden hormatlamak bilen, Abdel Fattah Al-Sisi,Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident! Siziň Alyhezretiňize hut öz adymdan, şeýle hem Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň, institutlarynyň işgärleriniň adyndan mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermegi özüme mertebe hasaplaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk, musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk dileýäris. Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Hisseýn Brahim Taha,Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary. Source

Read More
Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu waka ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrundaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda çagalara döwrebap bilim bermek, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň netijesidir. …“Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgüniň bu ýerde dynç alýan we saglygyny berkidýän çagalaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu çäre şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzda ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýandygyny, çagalara aýratyn üns bermegiň, olar barada çäksiz alada etmegiň halkymyzyň mizemez ýörelgesidigini aýdyp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ugurdaky işleriň giň gerime eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ruhubelentlikde bellenilýän, sportuň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Milli Liderimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna welosipedleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly, durmuşa höwesli bolup ýetişmegine itergi berer. Sapaly künjekde wagtyny şadyýan geçirýän çagalar üçin bu sowgat aýratyn ähmiýetlidir. Bagtyýar çagalara täze welosipedleriň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda gowşurylmagy özboluşly mana eýedir. Welosipedleri buýsanç duýgulary bilen kabul eden çagalar özleri baradaky atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda-da Milli Liderimiz çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde özüne sowgat berlen welosipedleri Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara gowşurypdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakyndaky atalyk aladasynyň aýdyň nyşanydyr. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar döwlet derejesindäki alada çäksiz hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Bagtyýar çagalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini buýsanç bilen bellediler. Häzirki wagtda ýaş nesilleriň, şol sanda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň dynç alyş merkezlerinde wagtyny şadyýan geçirmekleri, çagalaryň öňdebaryjy enjamlar, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe almaklary, çeper döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketine işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere gowşurylan sowgatlar hem olaryň sportuň dünýäde meşhur görnüşleriniň biri bolan welosport bilen yzygiderli meşgullanmagyna mümkinçilik berer. Sowgatlary kabul eden ýaş nesiller ýurdumyzyň ähli çagalaryny atalyk aladasy bilen gurşap alýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar. Source

Read More