Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry – ýurdumyzyň täze senagat kuwwaty

Baky bagtyýarlyk ýoluna düşen merdana halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyzyň başda durmagynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda belent üstünlikler gazanylýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy üpjün edilýär, ýurdumyzyň halkara abraý derejesi has-da pugtalanýar. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ylyma-bilime daýanýan, uzak gelejegi nazarlaýan kämil işlenip taýýarlanylan döwlet we milli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleri we hemaýat goldawlary netijesinde sazlaşykly, maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde anyk wezipeleriň hem-de maksatlaryň goýulmagy ýurdumyzda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň gelejekde ösüşiniň aýdyň ýoluny kesgitledi. Pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzda bar bolan çig maly gaýtadan işlemegiň hasabyna impordyň ornuny tutýan eksport ugurly bäsdeşlige ukyply, senagat we gurluşyk harytlaryny öz ýurdumyzda öndürmek, täze ýokary kuwwatly döwrebap senagat we gurluşyk harytlaryny öndürmäge niýetlenen zawotlary, kärhanalary gurmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, öňden hereket edýänleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn esasda döwrümiziň ruhuna laýyk derejede işler alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde bolsa, häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde iň häzirki zaman ösen döwletleriň ýokary kuwwatly tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan iri zawotlar we kärhanalar gurulup ulanylmaga berildi we birnäçesiniň gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Uly üstünliklere beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň gündogar sebitine iş saparyny amala aşyryp Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Döwrebap «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgynyň gurulmagy güneşli Diýarymyzda sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Ählimize mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewral aýynda açylan «Lebap» sement zawody bu ugurda nusgalyk görkezijidir. Bu önümçilik kärhana sebitde täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dürli maksatly gurluşyklary ýokary berklige eýe bolan sement bilen üpjün etmäge gönüden-göni öz täsirini ýetirdi. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan birinji Lebap sement zawodynyň golaý çäginde gurlup ulanmaga berlen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldan, iri senagat kärhanasy häzirki zaman sement önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi we zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almaklary üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy ugur alnan ýörelge boldy. Zawodyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşawy goramagyň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm ähmiýetli şertleriň bir hökmünde çykyş edýär. Önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň rugsat edilýän derejesinden hem ep-esli az bolmagy, zawodyň howa goýberýän tozanlaryny toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ullanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Önümçilik işiniň talaba laýyk alnyp barylmagyna, taýýar önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin barlaghana we gözegçilik bölüminiň, abatlaýyş ussahanasynyň bolmagy işleriň has-da ilermegine, öndürilýän önümiň hiliniň ýokary bolmagyna özüniň mynasyp goşandyny goşar. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimzi senagat taýdan gülläp ösýän döwletleriň birine öwren we mähriban topragymyzyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli ulanmaga, ykdysady taýdan bähbitli we ekologiýa taýdan howpsuz ýokary kuwwatly önümçilik kärhanalary we zawotlary gurup ulanmaga berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys. AMANGELDI DURDYÝEW«Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyňbaş inženeri

Read More

8 mart halkara zenanlar güni

6-njy martda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň Mejlisler jaýynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň guramagynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli «Dünýäniň ýaraşygy-türkmen gelin-gyzlary» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çäräni «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Hojanpes Orazow alyp bardy. Dabara kärhananyň ýolbaşçylary, kärhanada zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, kärhnada zähmet çekýän gelin-gyzlar, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewadagylar gatnaşdylar. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresiniň dowamynda «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň direktory Abdylla Döwletow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň başlygy Baýramgeldi Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň baş inženeri Amangeldi Durdyýew, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň işgärler bölüminiň baş hünärmeni, kärhananyň ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Aýgül Hojatowadagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründehormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güniniň taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly senelere, taryhy ähmiýetli şatlykly wakalara beslenýändigini nygtap, dabara gatnaşyjy zenanlary bahar paslynyň tebigata jan girip ynsan göwnüni galkyndyrýan günlerinde bellenilýän   8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Türkmen halky öz gelin-gyzlarynyň sarpasyny elmydama belentde saklap, ony ar-namysyna deňäp elmyda zenanlary sarpalan merdana halkdygy, bu ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam edilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Dabarada çykyş edenler türkmenlerde ýaş nesli terbiýelemek, ýaşlary halallyk, zähmetsöýerlik, il-halka wepalylyk ýaly belent adamkärçilik terbiýesini bermek, watansöýjüligi has-da artdyrmakda türkmen zenanlarynyň paýy uludyr. Häzriki wagtda ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkara abraý mertebesini ýokarlandyrmakda zenanlarymyzyň mynasyp paýy bar. Döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak arkaly türkmen zenanlary bu gün diňe bir ýurdumyzyň däl eýsem, dünýäniň beýleki abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap bilim alyp, ykdysadyýetimiziň, halk hojalygynyň, oba hojalygynyň, saglygy goraýyş we ylym-bilim, senagat we gurluşyk önümçiligi ulgamynyň edaralarynda netijeli zähmet çekýärler. Türkmen zenanlary sport ulgamynda hem netijelilik görkezip, dünýä derejeli, ýerli, halkara we olimpiýa oýunlarynda çykyş edip uly üstünlik gazanmak bilen watanymyzyň halkara sport abraýyny pugtalandyryp altyn, kümüş, bürünç medallaryna mynasyp bolýarlar. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapyp sungat derejesine ýetirilen ajaýyp halylarymyz, keşdelerimiz milli buýsanjymyza, zenanlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän hüwdülerimiz, monjukatdylarymyz, lälelerimiz bolsa türkmen halkynyň halk döredijiliginiň altyn gaznasyna öwrülendigini nugtadylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem zenanlaryň hukuklary we azatlyklary has kämil hukuknamalary bilen berkidilýär we bu ulgamy has-da döwrebap kämilleşdirmek maksady bilen dünýäniň iň abraýly guramalary şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli bölümleri bilen ysnyşykly işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalary goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça döwletimizde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Hut şu maksatdan ugur alyp paýtagtymyz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezleri, «Ene Mähri» merkezleri iň häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp gurulup ulanylmaga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp çagaly maşgalalary goldamak, olara durmuş ýeňilliklerini bermek boýunça beýik başlangyjy öňe sürmek bilen, sekiz we ondan hem köp çagany kemala getiren  hem-de olary terbiýeläp ýetişdiren zenanlara «Zenan Kalby» ordeni bilen sylaglamak, şeýle hem olara ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermek, durmuş ýeňilliklerini döretmek ýaly asylly başlangyçlar häzirki wagtda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde asylly däp boldy. Bu bolsa, zenan mertebesini ähli zatlardan belentde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlar hakynda edýän beýik aladalarynyň we ünsiniň mundan beýläkde has-da berkejekdigini görkezýän aýdyň hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanly zenanlara 60 manat möçberinde pul sowgatlarynyň berilmegi bolsa zenanlarymyza ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr. Çeper söz sungatyna çäksiz sarpa goýýan hormatly Arkadagymyzyň döredijilik ylhamynyň miwesi bolan «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» diýen kitabynyň halkymyzyň goluna gowuşmagy zenanlarymyzyň göwün guşuny göge göterdi. Çeper sözüň maňzyndan many alan Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby baky mukaddesligiň gönezligi hasaplanýan ene barada ýazylan kämil eserdir. Kitapda manyly durmuşyň ýüregi, mukaddes ojagyň diregi, maşgalanyň baş sütüni bolan ene hakyndaky göwün ýöretmeler Gahryman Arkadagymyzyň ýürek ýodalaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Onda mukaddesligiň hem mähribanlygyň belent baýdagy hasaplanýan enäniň deňi-taýy bolmajak güýçdügi nygtalýar. Balalary üçin älem gowulyklaryny dilän ejesi barada Gahryman Arkadagymyz çagalyk ýatlamalary bu kitaby okan her bir ynsany pikir ummanyna gark edýär. Dabaranyň dowamynda kärhananyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar zenan mertebesini sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. HOJANEPES ORAZOW «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynyň sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hün

Read More