Sport — parahatçylygyň ilçisi

«Arkadag» we «Al-Nassr» futbol toparlary duşuşdy Aşgabat, 11-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe, Olimpiýa hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Belent ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän halkara sport hereketine goşant goşýan bu işler Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ählumumy parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda futboly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzda futbolyň ösüşiniň esasy tapgyrlary barada aýdylanda, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini hem-de şol ýylda Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň oýunlarynyň we ýurdumyzyň Kubogy ugrunda ýaryşlaryň geçirilip başlanandygyny bellemek gerek. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy FIFA-nyň hem-de Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Şol ýyl futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Futbol boýunça milli ýygyndy toparymyz 1995-nji ýyldan bäri her ýyl halkara ýaryşlara gatnaşyp gelýär. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2014-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasy hem-de Günbatar Aziýa Futbol federasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Her ýyl milli federasiýamyz FIFA bilen bilelikde ýurdumyzda futbol boýunça eminleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin halkara okuw maslahatlaryny geçirýär, onuň jemleri boýunça synaglary üstünlikli geçen eminlere halkara derejeli emin derejesi berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelmegi sport hyzmatdaşlygynda täze sahypalary açýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi hem-de onuň dowamynda döwlet Baştutanymyza FIFA-nyň ýörite futbol lybasyny hem-de resmi topuny, FIFA-nyň ýörite nyşanyny ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurmagy türkmen futbolynyň dünýä derejesinde gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasy boldy. …“Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirilmegi aýratyn buýsandyryjy wakadyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wajyp sport çäreleriniň birine öwrülen bu duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde Milli Liderimiziň Olimpiýa stadionynda alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy ýurdumyzda futboly ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Futbol duşuşygynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda sportda gazanylýan üstünlikler belentden wasp edildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde derejesini has-da pugtalandyrýar. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň buýsanjyna öwrülen Olimpiýa stadionynda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Oýunlar küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport, suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika taekwondo, tans sporty, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard, atçylyk sporty (konkur), türkmen milli göreşi ýaly sportuň 21 görnüşini öz içine aldy. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň hem-de bosgunlaryň wekilleriniň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşlar ýurdumyzda halkara sport bäsleşiklerini geçirmek boýunça toplanan tejribäniň has-da baýlaşmagyna itergi berdi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem sebitde iň uly Olimpiýa stadionynyň esasy nyşany bolan bedewiň çeper-monumental keşbi türkmen sportunyň bedew batly ösüşleriniň gaýtalanmajak binagärlik alamatyna öwrüldi. Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen bedew şekili Gahryman Arkadagymyzyň teklibi boýunça, halkymyzyň asylly däbi esasynda, üzärligiň dessesi bilen bezeldi. Şeýle hem onuň örülen alaja bilen bezelmegi ýurdumyzda üstünlikleriň milli dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň beýanydyr. Wepaly atly alabaý diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýaryşlaryň nyşany boldy. Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, futboly ösdürmäge hem aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen “Arkadag” futbol klubunyň döredilmegi sportuň iň meşhur görnüşini ösdürmekde aýratyn tapgyry alamatlandyrdy. Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde döredilen bu topar türkmen futbolynyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döredileninden bäri köp wagtyň geçmändigine garamazdan, “Arkadag” topary birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. 2025-nji ýylda bolsa ýurdumyzyň bu meşhur topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony boldy. “Arkadag” toparynyň bu üstünlikleri ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli sporty mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen geçirilen duşuşyk hem “Arkadag” toparynyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň aýdyň netijesidir. Bu möhüm ähmiýetli futbol duşuşygy türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi. Garaşylýan tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: futbol duşuşygynyň emininiň oýnuň başlanýandygynyň alamaty hökmünde jürlewük çalmagy bilen, ýaşyl meýdançada taryhy pursatlara badalga berildi. Bu ajaýyp wakanyň şanyna sebitde deňi-taýy bolmadyk 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda futbol duşuşygynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan sport alawy ýakyldy. Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler. “Arkadagyň” oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda, “Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar. Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, arassa hem-de owadan oýun boldy. “Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy. Milli Liderimiz oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşygyň halkymyz üçin toý-baýramdygyny, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny nygtapdy. Şeýlelikde, iki güýçli toparyň bu oýny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Futbolçylaryň görkezen gaýraty, janköýerleriň goldawy we halkara hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy Aşgabatdaky futbol agşamynyň iň uly ýeňşi boldy.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen köp asyrlara uzaýan gatnaşyklarynyň bardygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýranyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. (TDH)

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ömer Bolat ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde parahatçylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň geçen ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berendigini aýtdy. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, her gezek ýurdumyza sapar bilen gelende hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli syýasatyň dürli ugurlardaky oňyn netijeleriniň şaýady bolýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň söwda ministrini mähirli mübärekläp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatdaky sergisiniň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu sergi iki ýurduň özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegine itergi berýän möhüm çäreleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini, onuň hemişe özara hormat goýmaga we birek-birege goldaw bermäge esaslanýandygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara saparlary we gepleşikleri döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, ýurdumyzyň dürli ugurlarda täze tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän sergiler netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde wajyp gural bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 2 — 5-nji iýuly aralygynda Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga ýardam berjekdigine, türk kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Myhman Türkiýede Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini ýokary derejede geçirmäge beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge we netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Read More

Türkmenistan — Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Her ýyl doganlyk ýurduň öňdebaryjy önüm öndürijilerini bir ýere jemleýän bu giň möçberli ykdysady forum iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygynyň mizemezdigini ýene bir gezek tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty esasynda Türkmenistan dünýä ýurtlary, şol sanda Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe bolup, ol iki halkyň taryhy we medeni umumylyklaryna esaslanýar. Türkiýe ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir, türk kompaniýalary bolsa Türkmenistanda giň möçberli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy orunlary eýeleýärler. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky netijeli syýasy dialog bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga kuwwatly itergi berýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlyk dokma senagatyndan başlap, oba hojalygy, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy bilelikdäki hereketleriň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. …Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köp sanly telekeçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Türkiýäniň kompaniýalarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýandyklaryny, işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýändiklerini nygtaýar. “Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gutlagynda belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy bu çärä aýratyn dereje berdi. Dabarada Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat çykyş edip, sergini geçirmäge döredilen ajaýyp şertler hem-de türk wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şu gezekki gözden geçiriliş ýokary döwlet derejesinde ozal gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy dialog ýokary derejä eýedir we ol yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa şeýle duşuşyklaryň hem-de çäreleriň yzygiderli geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Sergi köpdürlüligi bilen bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Söwda-senagat edarasynyň giň zalynda Türkiýäniň senagat mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan 100-den gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň hatarynda çalt depginler bilen ösýän kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri, ägirt uly senagat kärhanalary bar. Senagat, maşyn gurluşygy ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalaryň diwarlyklary myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekýär. Türkiýeli önüm öndürijiler önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenen enjamlaryň we tehnologik ulgamlaryň iň täze görnüşlerini tanyşdyrýarlar. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, bu ugur uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde gurluşyk pudagy üçin niýetlenen tehnologiýalara giň orun berlipdir. Mälim bolşy ýaly, türk kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Diwarlyklarda döwrebap gurluşyk-bezeg serişdeleri we “akylly” şäherler üçin innowasion çözgütler görkezilýär. Gurluşyk pudagy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda türk gurluşyk kompaniýalary ýurdumyzda döwrebap önümçilik klasterleriniň gurluşygyndan başlap, paýtagtymyzyň özboluşly binagärlik keşbini döretmäge çenli iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşyp gelýärler. Olar öz taslamalarynda halkara standartlary, seýsmiki durnukly tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ulanýarlar. Ekspozisiýada energetika pudagyna-da orun berlipdir. Ählumumy “ýaşyl” ykdysadyýete geçiş döwründe türkiýeli hyzmatdaşlar energiýa serişdelerini tygşytlamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak ulgamynda täzeçil çözgütleri teklip edýärler. Bu bolsa türkmen hünärmenlerinde uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem doganlyk ýurduň oba hojalyk toplumynda ýeten sepgitleri giňden tanyşdyrylýar. Ýyladyşhanalary dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary we damjalaýyn suwaryş üçin enjamlar sergä gelenleriň ünsüni çekýär. Bu tehnologiýalar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak boýunça maksatlary gazanmakda möhümdir. Däp bolşy ýaly, Türkiýäniň azyk senagatyna degişli düzümleri dürli görnüşli önümleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda diňe bir taýýar önümler bolman, eýsem, azyk önümleriniň terligini we hilini saklamaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy gaplama enjamlary-da bar. Bu ulgamda tejribe alyşmak ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli harytlar bilen bolelin üpjün etmäge ýardam berýär. Diwarlyklarda himiýa senagatynyň önümlerine hem orun berlipdir. Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýere gelenler dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň ýokary ekologik derejesini bellediler. Adaty söwdadan ýokary tehnologiýaly önümçiliklere geçilmegi nobatdaky gözden geçirilişiň köpýyllyk işiniň möhüm netijesidir. Öý hojalyk himiýasy we gurluşyk serişdeleri ulgamy munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen telekeçileri bu ugurda türk tehnologiýalaryny we tejribesini netijeli ulanyp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň önümçiligini ýola goýdular. Häzirki wagtda bu harytlara ýurdumyzyň içerki bazarynda, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. Hyzmatlar pudagy harytlary eksport ediji we logistika kompaniýalary tarapyndan tanyşdyryldy. Türkmenistanda kuwwatly üstaşyr ulag merkezleriniň kemala gelýän şertlerinde halkara ulag ugurlaryny ösdürmek üçin türkiýeli hyzmatdaşlaryň ýük akymlaryny dolandyrmak boýunça toplan tejribesi aýratyn gyzyklanma döredýär. Bilim ulgamynyň diwarlyklary sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Türkiýäniň öňdebaryjy döwlet we hususy uniwersitetleri bakalawr hem-de magistratura maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar. Hünär ugurlarynyň hatarynda binagärlik, inženerçilik, lukmançylyk ylymlary, halkara gatnaşyklar ýaly ugurlar bar. Myhmanlar ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden degişli maglumatlary alyp bilýärler. Türkiýäniň akademik toparlarynyň sergä gatnaşmagy iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bilim ojaklarynyň diwarlyklary geljekki talyplara uniwersitetleriň ylmy-barlag kuwwaty bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän serişdeler bilen üpjün edilipdir. Serginiň çäklerinde iki ýurduň wekilleriniň işewürlik duşuşyklary geçirildi. Munuň özi geljekki geleşikleri ara alyp maslahatlaşmaga we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça umumy strategiýany işläp taýýarlamaga ýardam berýär. Mejlisiň dowamynda hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk kompaniýalarynyň wekilleri öndürýän enjamlary bilen işlejek türkmen hünärmenleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Bu giň möçberli çäre türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykandygyna şaýatlyk edýär. “Iki döwlet — bir millet” ýörelgesine esaslanýan özara hyzmatdaşlyk iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. Sergä gatnaşýan kompaniýalaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy sebitiň wajyp işewürlik merkezi hökmünde Aşgabadyň eýeleýän ornuny tassyklaýar. Paýtagtymyz nobatdaky gezek hem öňdebaryjy pikirleriň birleşýän we geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu gözden geçirilişiň netijeleri iki halkyň arasyndaky dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat eder, bilelikdäki tagallalar bolsa ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň öňünde durýan giň möçberli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer. Sergi 12-nji fewralda öz işini tamamlar.

Read More

Bäsdeş toparlaryň wekilleriniň metbugat maslahaty

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” toparlarynyň tälimçileriniň hem-de futbolçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda paýtagtymyzda geçiriljek halkara futbol ýaryşyny giňden beýan etmek üçin Aşgabada gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri öňde boljak oýnuň ähmiýeti, onuň taýýarlyk derejesi we aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. “Al-Nassr” toparynyň ýolbaşçylary we türgenleri Olimpiýa şäherçesinde döredilen şertler, Olimpiýa stadionynyň amatlyklary bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä jemgyýetçiliginiň nazary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek futbol duşuşygyna gönükdi. Munuň özi paýtagtymyzda boljak bu oýnuň halkara giňişlikdäki ähmiýetini görkezýär. Metbugat maslahatynda “Arkadag” toparynyň tälimçisi we oýunçysy ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyp, žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. “Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga dünýäniň 13 ýurdundan köp sanly žurnalistler gatnaşarlar. Bu bolsa oňa dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigini subut edýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Olimpiýa stadionyna gelip, duşuşyga görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanşyp, futbol ýaryşynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigi barada aýdanlary türkmen futbolçylarynyň ruhuny has-da belende göterdi. Şeýle hem toparyň tälimçisi we futbolçysy özboluşly synag hökmünde kabul edilen duşuşygyň türkmen futbolçylarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, olaryň oýnuň has netijeli usullaryny özleşdirmeklerinde ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, türkmen sportunyň abraýyny belende götermek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Soňra bu ýerde guralan metbugat maslahaty “Al-Nassr” toparynyň tälimçisiniň we oýunçysynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ilki myhmanlaryň Türkmenistan we onuň paýtagty baradaky pikirlerini diňlediler. Şeýle hem bu gezekki bäsleşigiň nähili geçjekdigi baradaky çaklamalar bilen gyzyklanyldy. Myhman toparyň wekilleri türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar ak mermerli Aşgabadyň gözelligine, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda döredilen mümkinçilikleriň derejesine ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, 45 müň orunlyk stadionyň meýdançasynda örän çekeleşikli we gyzykly oýun bolar. Her toparyň ýeňşe umyt baglaýandygy äşgär hakykat. Hut şonuň üçin hem futbolçylar meýdançada täsirli oýun görkezmäge çalşarlar. Şeýle hem olar “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesiniň ýokarydygyny, olaryň aýratyn yhlasly oýnaýandyklaryny nygtadylar. “Al-Nassryň” wekilleri sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurduň paýtagtynda bolup, dünýäde meşhurlyk gazanan topar bilen bäsleşmegi özleri üçin uly hormat hasaplaýandyklaryny bellediler. “Arkadag” we “Al-Nassr” toparlarynyň Aşgabatda boljak duşuşygy Aziýa sportunyň taryhyna möhüm sahypany ýazar. Şunuň bilen baglylykda, bu oýnuň taryhy wakalara we ýatda galyjy pursatlara beslenjekdigini aýdyp bolar. Toparlaryň ýeňşe bolan ynamy hem-de yhlasy oýnuň gyzykly boljakdygyna güwä geçýär.

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, şeýle hem pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Pagtaçy babadaýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyklyk ekinleriň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bu ekinleriň ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilip, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň ekinleriň hasyllylygyny hem-de olaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak we ilaty galla önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň ak ekin meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, tekizleýiş, çil çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri hem utgaşykly dowam etdirilýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlary hem-de bu ekinleriň tohumy ekiş möwsümine doly taýýar edildi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri, şeýle hem pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak, şeýle hem ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaýa ideg etmek we ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek işleriniň ýokary hilli hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň

Read More

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp baryp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler. Munuň şeýledigi taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, «iki döwlet — bir millet» hasaplanylýan dostlukly türkmen we türk halklarynyň arasyndaky yzygiderli ösdürilýän köpugurly gatnaşyklarda aýdyň görünýär. Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik, daşary söwda, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döredilýän amatly şertler türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Hоrmatly myhmanlar!Gadyrly dostlar! Türkmenistanda we Türkiýede milli önümleriň özara sergileriniň, işewürler maslahatlarynyň, forumlaryň yzygiderli geçirilmegi dürli pudaklarda döwlet we hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu işleriň netijesinde Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär. Şu gün öz işine başlaýan sergide hem türk kompaniýalarynyň oba hojalyk, azyk senagaty, gurluşyk, senagat enjamlarynyň önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, lukmançylyk, bilim we ylym ýaly ugurlarda gazanan sepgitleri, öňdebaryjy tejribeleri, innowasion başlangyçlary hem-de işläp taýýarlamalary giňden görkeziler. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanda iş alyp barýan hyzmatdaşlarymyz bilen bir hatarda, öz önümleri bilen ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar. Munuň özi iki dostlukly döwletiň işewürleriniň uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn. Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!Hormatly adamlar! Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, abadançylyk, türkmen we türk halklarynyň dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen belent maksatly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Read More

Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezdi. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion ösüşini üpjün etmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 2-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bugdaý ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, oba hojalyk meýdanlaryny pagta hem-de ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň hem hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny aýtdy we oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna öňdebaryjy tejribäni, döwrebap usullary, innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizlemek, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işlerini, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. 4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Ýaş atşynaslar bilen duşuşyk akademiýanyň ýapyk manežinde geçirildi. “At — myrat” okuw merkezi bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine degişli bolup, onda okuwlar möwsümleýin esasda alnyp barylýar we her möwsümde okamaga isleg bildirýän çagalaryň sany 40-dan geçýär. Bu ýerde bilim alýan ýaşlar diňe bir çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim almak bilen çäklenmän, eýsem, milli hem-de dünýä atçylyk sungatynyň usullaryny, iňlis we rus dillerini, matematika, himiýa derslerini özleşdirmek, çagalaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn esasda bilim alýarlar. Gahryman Arkadagymyz okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy. Bu serişdeler okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegine, ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer. Türkmen halkynyň Milli Lideri Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen hem duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalaryny şu ýylyň ilkinji günlerinde sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy we olaryň ýokary ussatlygynyň ykrar edilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini, atşynaslarymyzyň işlerini döwrebap alyp barmaklary, «Galkynyş» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirildi we çäreleriň Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri toparyň agzalarynyň şol halkara çärelere gatnaşyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň topary milli atçylyk sungatynyň abraýyny artdyrmak ugrunda alyp barýan işleri üçin 3 million manat bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy we toparyň ýolbaşçysyna onuň agzalarynyň mynasyp bolan sylagyny hem-de toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini gowşurdy. Garaşsyz atly bedew bolsa toparyň agzalaryna ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ol bedewe atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi. Ynsan gylykly bedew aýaklary bilen gelşikli oýun edip, ynsan bilen bedewiň arabaglanyşygyny äşgär etdi. Milli Liderimiz toparyň agzalaryny gazanan üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, toparyň her bir ýeňşiniň döwlet derejesinde sarpalanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi we olara milli atşynaslyk däplerini ösdürmek ýaly asylly işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi. Degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen iş maslahatynda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler we geljek üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda alnyp barylýan işler, hususan-da, talyplaryň amaly sapaklary tejribede özleşdirmekleri ugrunda döredilen şertler, mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek, atçylyk däplerini gorap saklamak we olaryň nesilden-nesle geçirilmegini üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan edilýän tagallalar hem-de halkara gatnaşyklary ýola goýmak işleri barada maglumat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Topara Türkmenistanyň medeni mirasyny we sirk sungatyny wagyz etmäge goşan uly goşandy üçin Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň hem-de Bütindünýä sirk federasiýasynyň şahadatnamalarynyň gowşurylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynyň wakalarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Bu toparyň agzalary indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri halkara bäsleşikleriň ýeňijisi bolup gelýär. Olaryň arasynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn kubogy, Italiýada, Hytaýda, Russiýa Federasiýasynda geçirilen sirk sungaty boýunça halkara festiwallaryň ýokary derejeli baýraklary, köp sanly ýörite baýraklar, diplomlar, medallar we kuboklar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri atçylyk ugry boýunça şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygyna, onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleriniň, olaryň dünýä nusgalyk çykyşlarynyň halkara giňişlikde giňden wasp edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr. Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň

Read More

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär. Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. (TDH)

Read More

«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde

Aşgabat, 9-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen forum türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport merkezleri, iri sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbidine gönükdirip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň futbolda gazanýan üstünlikleriniň, hususan-da, «Arkadag» futbol toparynyň ýeňişleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2023-nji ýylda döredildi. Toparyň esaslandyrylan ýylynda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi. 2025-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa türkmen sportunyň abraýyny has-da dabaralandyrdy. Daşary ýurtly žurnalistler toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanda professional sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň netijesidigini bellediler hem-de «Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bu futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasyna gatnaşmagynyň toparyň halkara sport giňişliginde täze belentliklere ýetmegi üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň döwrebap infrastrukturasynyň islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýändigi we ýurdumyzy Aziýanyň möhüm sport merkezine öwürýändigi bellenildi. Pikir alyşmalar «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň ähmiýeti baradaky gürrüňler bilen dowam etdi. Bilermenler bu duşuşygy dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler, dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň çykyş edýän toparyna garşy oýnamagyň diňe bir türkmen futbolçylary üçin ussatlyk synagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen futbolyny tutuş yklyma tanyşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikdigini nygtadylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar sporty ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu çäreleri ýaýlyma bermekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem olar dünýä metbugatynda «Arkadag» futbol toparynyň üstünlikleriniň giňden beýan edilmeginiň halkara sport jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary bilen Türkmenistanda sportuň yzygiderli ösdürilýändigi, ýurdumyzyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sportuň ornuny berkitmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly myhmanlar netijeli dialog üçin döredilen şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň halklaryň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýändigini nygtadylar.

Read More